Bilimdäki para okajak çagalaryň egninden basyp, 'täze belentliklere' göterilýär

Türkmenabatly okuwçylar. Arhiw suraty. 1-nji sentýabr, 2012.

Türkmenbaşy etrabyndaky 33-nji mekdebiň uçurymlarynyň arasynda soňky 17 ýylda ýokary okuw jaýyna girip bilen okuwçy bolmandyr” diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berdi. Synçylar ýurtda çuňlaşýan deňsizligiň ýurduň dürli künjeklerinde ýaşaýan, hakykatdan hem okajak, emma maşgalalary garyp çagalaryň eginlerinden barha kän aşak basýandygyny, okuw-bilim mümkinçiliginiň barha kän pully adamlaryň çagalaryna berilýändigini aýdýarlar. Şu aralykda prezident Serdar Berdimuhamedowyň hökümet mejlisinde aýdyňlaşdyrman mugallymlaryň aýlyklaryny köpeltmek meselesini gozganyna alty aýdan gowrak wagt geçdi, emma bu ugurda göze görnüp duran üýtgeşiklik bolmady. Ýogsa ýurtda her ýyl 10% köpeldilýän aýlyklaryň ýeterlik däldigini öňki prezident, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gytaklaýyn tassyk etdi. S. Berdimuhamedowyň sözlerine görä, mugallymlaryň zähmet haklary olaryň käriniň abraýly we ýaşlary özüne çekýän kär bolmagy üçin zerur.

Türkmenistanda mugallymlary diňe aýlyklarynyň az bolmagy däl, eýsem jemgyýetde ulalýan deňsizlik, hakyky okajak çagalaryň ornuny pully ene-atalaryň çagalaryny almagy, şeýle-de pedagoglaryň we okuwçylaryň köp wagtyny alýan hökümet çäreleri, ideologiýa sapaklary hem kyn ýagdaýa salýar diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýdýar. Şol bir wagtda, Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy, durmuşyň gymmatlamagy bilimdäki parahorlugyň ‘goltugyndan göterýär’, ýaşlaryň arasynda jan edip okan adamlaryň ýol alyp biljekdigine ynamyň azalmagynda, biperwaýlygyň köpelmeginde ‘özboluşly’ rol oýnaýar.

Degişli maglumat Prezident mugallymlaryň abraýyny 'alada edýär', bilim hukugynyň basgylanmazlygy üçin näme etmeli?

Azatlygyň söhbetdeşleri soňky ýyllarda ýaşy bir çene baran, tejribeli mugallymlaryň yzygiderli pensiýa çykmagy bilen, mekdepleriň käbiriniň boşap galana çalym edýändigini, sebäbi olarda ene-atalaryň, okuwçylaryň hakyky sylag-hormatyna mynasyp bolan pedagoglaryň tasdan ýokdugyny aýdýarlar. Şu aralykda bu aladany hökümetçi neşir bilen söhbetdeş bolan aýdymçy şahyr hem dilinden sypdyrdy. Ol golaýda öň okan we işlän ýokary okuw jaýyna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine baranda, ol ýerde Nazar Gullaýew, Begmyrat Ussaýew, Bäşim Şamyradow, Sapar Güjükow ýaly öňki atly, abraýly mugallymlardan diňe Begmyrat Weýisowyň galandygyny gürrüň berdi.

Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly dilçiniň tassyklamagyna görä, ýurduň okuw jaýlaryndaky we orta mekdeplerindäki tejribeli mugallymlaryň azalmagy we täze, has bilimli, döwrebap pedagoglaryň ýeterlik derejede taýýarlanyp bilinmezligi ýurt üçin zerur bolan kadrlaryň terbiýelenip ýetişdirilmeginde uly bökdençlik döredýär. Onuň pikiriçe, döwletiň TDH ýaly esasy habar gullugy hem indi uly kadr kynçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýana meňzeýär we resmi habarlardaky taraşlanmadyk sözlemler hiç kimi geň galdyrmaýan adaty bir zada öwrüldi.

"Diňe mekdepleriň mugallymlary däl, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary hem indi esasan soňky onýyllyklarda bilim ýa tejribe alan adamlar, olaryň arasynda jan edip sapak geçýäni kän däl, diňe baryp-gaýtmaly, wagt geçirmeli diýýän adam kän. Bu diňe mugallymlara hem degişli däl, okuwçylaryň hem köpüsi şeýle pikirde. Gowy okaýan okuwçylar bar, ýöne umumy ýagdaý olary hem ruhdan düşürýär, sebäbi suw getirenem, küýze döwenem bir, para-peşgeş bilimden has ýokaryk çykdy” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Bu aýdylýan zatlar Azatlygyň ýene bir gezek mekdep, mugallym meselesine ýüzlenmegine sebäp boldy. Ýogsa radio, ýerli habarçylaryň we synçylaryň maglumatlary, pikirleri esasynda, Türkmenistandaky okuw, bilim meselelerine şu ýylyň başynda, fewral aýynda ýüzlenipdi.

Bilimdäki baş mesele näme üçin para-peşgeş hasaplanýar?

Azatlygyň habarçylary bilen geçen hepdäniň dowamynda gürleşen ýaşaýjylaryň köpüsi bilimdäki baş meseläni berim-peşgeşde görýär.

“Parahorluk çagalar çagalar bagyna gatnap başlanda başlanýar. Bir çagany çagalar bagyna bermek üçün 500 manatdan 1 müň manda çenli aralykda para bermeli bolýar. Eger çagalar bagy täze, ‘pristižniý’ diýilýän desgada ýerlesşe, paranyň möçberi müň manada çenli köpelýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi anonimlik şertinde öz pikirini paýlaşdy. Onuň tassyklamagyna görä, çagalar bagy köne jaýda ýerleşýän bolsa-da, ýok diýeňde 500 manat para bermeli.

Orta mekdeplerde hem ýagdaý gowy däl, çagany rus mekdebine ýa-da ýöriteleşdirilen mekdebe ýerleşdirjek bolsaň, azyndan 4, 6 müň manat aralygynda para bermeli. Orta mekdepleri gowy baha bilen tamamlamak üçin hem para bermeli. Soň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin hem para bermeli. Bu ýagdaýlary tas hemme adam bilýär diýip, söhbetdeşlerimiz aýdýar.

Degişli maglumat Balkanly ene-atalar: Ýöriteleşdirilen mekdepleriň parasy 50 müň manada ýetdi

“Şu ýyl çagalaryny ýokary okuw jaýlaryna saljak ene-atalaryň köpüsi alty aý öňünden pul geçirdi. Ýöne öňünden para beren ene-atalaryň hem köpüsi lapykeç boldy, olaryň çagalary okuwa girip bilmän, yzlaryna geldi” diýip, radionyň söhbetdeşi özünde anyk maglumatlaryň bardygyny aýtdy.

“Mysal üçin, fewral aýynda 200 müň manat pul geçiren ene-atany bilýärin. Ýakynda ekzamen boldy, olaryň çagasy ekzamenden geçip bilmän, yzyna dolanyp geldi. Howpsuzlyk aladalary sebäpli, ol çaganyň haýsy instituta dokument tabşyranyny aýtmaýyn... Tanyşlarymyň tassyklamagyna görä, okuw jaýlarynda giriş synagyndan öň kim köp bermeşek auksiony başlanýar. Şu ýyl medisina institutyna girmek üçin 500-600 müň manat aralygynda para beren adamlar bar” diýip, ýaşaýjy aýtdy we bu okuwçylaryň okuwy tamamlaýnaça para bermeli boljakdygyny hem sözüne goşdy.

Söhbetdeşlerimiziň köpüsiniň pikirine görä, türkmen emeldarlarynyň öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanyp, barha kän para almaga ýykgyn etmegi olaryň okan döwürlerinde beren paralaryny yzyna almak we has-da baýamak islegi bilen bagly.

“Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende, neşekeşligi ýok etjek diýdi, hakykatdan hem neşekeşlik azaldy. Ol parahorlugy hem köki-damary bilen ýok etjekdigini aýtdy. Öňki prezidentiň ogly hem parahorluga garşy göreşjekdigini aýtdy, emma parahorlyk azalmaýar. Adamlar “Nirä barsaň para, korrupsiýa, bu bir kesele öwrüldi” diýýärler. …diňe para, horluk, özem bu aç-açan edilýär. Hamala, bir edara baryp, kassasyna pul tölän ýaly. Puluny berýäň, çagaň okuwa girýär, puluny berýäň, işe girýäň, diňe para, horluk, bu endigiň arkasynda uly bir sorag dur, ýöne bu başga tema” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Söhbetdeşlerimiziň käbiri bilimdäki paranyň möçberiniň ýokarlanmagyny ýurtdaky kynçylyklaryň çuňlaşmagy, adamlaryň ertirki güne bolan ynamlarynyň azalmagy bilen hem baglanyşdyrýar. Bu hususan-da adamlaryň öz çagalaryna ýaşlykdan haýsam bolsa bir daşary ýurt dilini öwretjek bolşundan görünýär.

Ýurduň günbatar sebitindäki habarçymyzyň maglumatyna görä, şu ýyl daşary ýurt dillerini çuňlaşdyrylan görnüşde okadýan mekdeplerde paranyň möçberi, mekdebiň abraýyna görä, 20 müň manatdan 50 müň manada çenli aralykda boldy.

“Bu mekdepler awgustyň 10-yna çenli öz okatjak okuwçylaryny doly diýen ýaly saýlap aldylar. Ene-atalaryň özara gürrüňçilikde tassyklamagyna görä, çagasyny berýän kim bolsa bolsun, ýagny MHM, kazyýet, prokuratura işgäri, tapawudy ýok, para bermese, onuň çagasy bu hili mekdebe alynmaýar” diýip, habarçy öz çeşmelerine salgylanyp aýtdy.

Degişli maglumat "Dalaşgärler iki topara bölündi: Para berenler we bermedikler"

Onuň sözlerine görä, daşary ýurt dillerini gowy öwredýän mekdeplere getirilýän 6 ýaşly çagalar, ene-atasy para bermese, iňlis dili synagyndan geçip bilmeýär.

“Bu mekdepler garyp halkyň çagalary üçin däl, garyplar üçin ýönekeý orta mekdepler bar, olar diňe san bolup, baryp-gaýtsalar bolýar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Daşary ýurt dilini bilmek zerurlygy, Azatlygyň bir söhbetdeşiniň pikiriçe, ýurtdaky işsizligiň derejesiniň ýokarlanmagy, durmuşyň gymmatlamagy we geljekde başga bir ýurda işlemäge gitmek mümkinçiligi bilen baglylykda ýokarlanýar.

“Ýokary okuwy tamamlan adamlar hem işden çykyp, çörek gözleginde daşary ýurtlara köp gidip başlady. Sebäbi bärdäki aýlyk güzeran aýlamaga ýetmeýär. Indi bärde “para berip, instituta girmek nämä gerek?” diýen sorag döreýär” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Türkmen mekdeplerindäki bilimiň derejesi, söhebtdeşlerimiziň köpüsiniň pikirine görä, soňky ýyllarda hakykatdan hem gowşaýar.

“Sapaklarda alynýan barlag işleriniň, diktantlaryň, testleriň mugallym tarapyndan doska ýazylyp berilýän wagtlary hem az bolmaýar. Okuwçylar olary arassaja depderlerine göçürmeli edilýär. Mugallymlaryň barlag işlerini şeýle görnüşde almagynyň sebäbi gelýän barlagçylaryň okuwçylaryň bilimine gowy baha bermegi üçin gerek” diýip, ogly mekdepde okaýan ene aýtdy.

Mundan başga, daşary ýurt dillerinden sapak berýän mugallymlaryň arasynda öz öwredýän dilinde gowy gürläp bilmeýän pedagoglar hem bar, olar sapaklaryny türkmen dilinde geçýärler. Bu ýagdaýda geçilen sapaklardan soň okuwçy öz öwrenen daşary ýurt dilinde diňe salamlaşmagy, hawa ýa-da ýok diýmegi başarýar diýip, bir söhbetdeşimiz aýtdy.

Türkmen mekdeplerine mahsus ýene bir ýagdaý bolsa, tutuş klasda diňe 4-5 okuwçynyň jan edip okamagy, beýlekileriň diňe gelip-gidýän okuwçylar bolmagy bilen bagly diýip, radionyň söhbetdeşleri bu ýagdaýyň ýurduň köp mekdebine mahsusdygyny aýtdylar.

Mekdeplerde okuw-bilime bolan höwesiň şeýle derejede pese gaçmagy, ýaşaýjylaryň biriniň pikirine görä, ýurtda köpelen parahorluk bilen bagly.

Degişli maglumat Döwlet ýene 'para alan', aglap toba edýän tussaglary görkezdi. Şertler öňküligine galýar

“Öňki ýyllarda ýokary okuw jaýlaryna girmek ýa-da gowy mekdeplerde okamak üçin berilýän parany gizleýärdiler. Indi adamlar bu barada açyk gürrüň edýärler, näçe para berendiklerini aýtmakdan hem çekinip durmaýarlar. Ekzamenlere girýän çagalar para bilen islendik synagdan okaman geçip bolýandygyny gaty gowy bilýärler, bu olaryň gözleriniň alnynda diýen ýaly bolup geçýär” diýip, söhbetdeşlerimiziň biri mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda hakyky bilim alýan okuwçynyň gaty azdygyny öňe sürdi.

Bilimdäki parahorlukdan şikaýat edýän ýaşaýjylar hususan-da lukmançylyk mekdeplerindäki ýagdaýyň çynlakaýdygyny belleýärler. Azatlyga pikirini aýdan ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, näsag adamlaryň bergi-borja batyp, daşary ýurt lukmanlaryndan kömek gözlemeginiň sebäbi hemmelere düşnükli, Türkmenistandaky lukmanlaryň köpüsine jan ynanar ýaly däl.

“Hatda anyk diagnoz hem goýup bilmeýärler. Olaryň arasynda ähli synagdan para berip geçen lukmanlar hem bar. Ýöne men ähli adamy biraýakdan sürmek islemeýärin. Arasynda hakykatdan-da jan edip okan, işine yhlasly lukmanlar hem bar, ýöne olar gaty az” diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Şeýle-de, söhbetdeşlerimiz mugallymçylyk käriniň möhümdigini, emma bu ugurda hem para berip okan, sapaklaryny gowy gurnap bilmeýän mugallymlaryň gaty kändigini, Bilim ministrliginiň her hili dabaraly çärelere, egin-eşik düzgünlerine aşa üns berip, berilýän bilimiň çuňlugyna we hil meselesine göz ýumýandygyny öňe sürýärler.

Türkmenistanda bilimiň çökmegine, söhbetdeşlerimiziň birnäçesiniň berk ynanjyna görä, esasy sebäp ýurtda döredilen şahsyýet kulty bolup, şol bir adamlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň aşa mahabatlandyrylmagy bilim-düşünjäniň ösmegine uly zyýan ýetirýär; çagalaryň we mugallymlaryň, şol sanda ene-atalaryň gymmatly wagtlarynyň gerekmejek dabaralara sarp edilmegi on müňlerçe bilimsiz, emma diplomly adamlaryň döremegine we dürli wezipelerde ýerleşmegine, ýurduň ösüşine gündelik ýagdaýda emeli päsgelçilik döredilmegine sebäp bolýar diýip, ýerli synçy aýtdy.

Hökümet çäreleri diýilýänler, prezidentiň adyndan çykarylan kitaplaryň wagyz çäreleri bilen bilelikde, hökümet mejlisleri baradaky ýygnaklar, düşündiriş sapaklary ulularyň we çagalaryň köp wagtyny ogurlaýar, mugallym sözüniň gadyr-gymmatyny, olaryň abraýyny pedagoglary köçe arassalamak, baglara ideg etmek, pagta ýygmak ýaly işlere çekýän hökümetiň özi aýak astyna saldy diýip, Azatlyk bilen gürleşen ýaşuly mugallym aýtdy.

Degişli maglumat Maryda saglyk ýagdaýy çäkli çagalaryny mekdebe ýerleşdirjek ene-atalardan $500-e çenli 'para soralýar'

Onuň pikiriçe, Türkmenistandaky mugallymlaryň aýlyklary gaty az we, eger döwlet bu meselä gyssagly seretmese, gelýän ýyllarda özüni sylaýan köp mugallymyň başga işlere gitmegine sebäp bolar.

“Para bermedik mugallymlara 6 sagatdan köp sapak bermeýärler. Türkmenbaşyda 25 ýa-da 40 sagat almak üçin 15, 25 müň manat para bermeli. ...mugallym 50 sagat okadan ýagdaýynda 4,500 manat aýlyk alyp bilýär, bu Türkmenistanyň gara bazar kursunda 200 dollardan sähel gowurak pul bolýar. Munuň üçin mugallym 6 günläp ir sagat 8-den agşam sagat 6-a çenli işlemeli, öýüne gelende bolsa konspekt ýazmaly, ertirki işine taýýarlanmaly” diýip, ýaşuly mugallym bilim, mekdep meselesiniň ýaş prezidentiň öňünde duran iň agyr, ýöne gyssagly çözülmeli mesele bolup durýandygyny nygtady.

Söhbetdeşlerimiz ýokary okuw jaýlarynda işleýän mugallymlaryň hem aýlyklarynyň gaty azdygyny aýtdylar.

“Ýokary okuw jaýlaryndaky ýönekeý mugallymlaryň alýan aýlygy 3 müň manada hem ýetmeýär, uly mugallymlar, dekanlar, professorlar, dosentler 4,500 manat aýlyga işleýärler. Aşgabatda bu pula güzeran aýlamak mümkin däl, bu bilimdäki parahorlugyň uly bir sebäbi bolup biler” diýip, anonimlik şertinde gürleşen söhbetdeşimiz aýtdy. “Döwlet mugllymlara ujypsyz aýlyk berip, para alyberiň diýýäne meňzeýär. Emele gelen ýagdaýy tas hemme kişi bilýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Aýdylmagyna görä, saglyk edaralarynda daşary ýurtlardan satyn alnan döwrebap enjamlardan baş çykarýan ýerli lukmanlar örän az we bu iş esasan daşary ýurtlardan gelen lukmanlara ynanylýar.

Söhebtdeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, Türkmenistan diňe mugallym, lukman kadrlaryny ýetişdirmekde däl, ähli ugurda yza galýar.

Degişli maglumat Aşgabadyň azalmaýan azyk aladalary: Açlyk näme - iýdirmez

“Oba hojalyk pudagynda hem şaýat bolýarys, ol öňki bilimli agranomlar ýok. Kazylar hem gowy taýýarlanmaýar, MHM, polisia işgärleriniň içinde hem bilimli kadr azaldy” diýip, ýerli synçy aýtdy. Ouň pikiriçe, bu meseläniň çözgüdini mugallymlaryň iş şertlerini, aýlyklaryny gowulandyrmakdan, bilim ulgamyny düýpli özgertmekden başlamaly.

Maglumat üçin aýdylsa, mekdeplerde güýçlenýän parahorluk 2020-nji ýylda, çagalaryny rus dilinde okatjak bolýan ene-atalaryň arasyndaky para ýaryşy bilen baglylykda, bölekleýin tassyklanan ýaly bolsa-da, häkimiýetler geçirilýän derňewleriň jikme-jikliklerini açmadylar.

Ondan öň, 2017-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ozalky rektory Gurtnyýaz Hanmyradowyň 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi belli bolanda-da, aç-açan düşündiriş berilmedi.

Ýöne mundan has öň, 2009-njy ýylda, Gurbanguly Berdimuhadowyň yglan eden bilim özgertmeleriniň çäginde, Dünýä dilleri institutynyň rektory Aýna Gurbannyýazowanyň garşysyna görlen jeza çäreleri habar berlen hem bolsa, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, ýokary okuw jaýlaryndaky parahorlyk azalmady.

Öňki prezidentiň bilimdäki para garşy göreşiniň iň ýokary derejesi, synçylaryň pikirçe, 2020-nji ýylyň oktýabrynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory bolup işlän Sülgün Ataýewanyň 12 ýyl azatlykdan mahrum edilmegi, beýleki birnäçe bilim işgäriniň jogapkärçilge çekilmegi boldy. Emma bu çäre hem, görnüşinden, bilimdäki parany yzyna tesdirip bilmändir.

Şeýlelikde, berýän wadalaryndan çen tutulsa, wagtal-wagtal korrupsiýa garşy göreşmek hyýalyna münen Gurbanguly Berdimuhamedow ahyrynda bu meseläni has çylşyrymlaşan görnüşde öz ogluna, ýaş prezidente miras goýdy.

Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň oktýabrynda bilim ministri Gurbangül Ataýewa beren berk käýinjinden çen tutulsa, ol “ýokary ahlakly, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil nesilleri” terbiýeläp ýetişdirmek üçin döredilýän şertlerden razy däl. Ýöne prezidentiň kararynda 2021-nji ýylyň awgustyndan bäri para we çäre batgalygyna batandygy aýdylýan bilim pudagyna ýolbaşçylyk edýän emeldaryň “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän”, işde nähili düýpli kemçilik goýberendigi anyklaşdyrylmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.