Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet ýene 'para alan', aglap toba edýän tussaglary görkezdi. Şertler öňküligine galýar


10-15 ýyl aralygynda iş kesilen ozalky emeldarlar. Türkmen TW-sinden alnan surat.
10-15 ýyl aralygynda iş kesilen ozalky emeldarlar. Türkmen TW-sinden alnan surat.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory bolup işlän Sülgün Ataýewa 12 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Onuň birnäçe jaýy, kafeleri we edara binalary, awtoulaglary döwletiň haýryna geçirildi diýip, habarda aýdylýar.

Türkmen telewideniýesi ýene "jenaýat etmekde" aýyplanan we iş kesilendigi aýdylýan, eden işine aglap toba edýän öňki emeldarlary görkezdi.

Bu gezekki korrupsiýa paş edişlikleri awgust aýynyň aýagynda, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda rus dilinde sapak berilýän klaslaryň töwereginde turan galmagalyň dowamy bolup görünýär, emma resmi habarda bu barada hiç zat aýdylmady.

9-njy oktýabrda eli gandally görkezilen adamlaryň köpüsi ýurduň bilim pudagynda dürli wezipelerde işläp, para almakda günäli tapylypdyr.

Bu gezekki toba sahnalary hem, adatça bolşy ýaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren hökümet mejlisinden soň efire berildi.

Döwlet baştutany mejlisiň başynda kadrlar meselesine serediljekdigini aýdyp, ozaly Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Durdyly Durdylyýewi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, wezipesinden boşatdy.

Durdylyýew bu wezipä şu ýylyň başynda bellenilip, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadylypdy.

"Gidiberiň" diýlen baş gözegçiniň wezipesi bu edarada orunbasar bolup işlän Rejep Çarygulyýwiň üstüne ýüklendi.

Türkmenistanyň baş prokurory Batyr Atdaýew mejlisde medeniýet we bilim ulgamlarynyň edaralarynda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasaba berdi.

Medeniýet ministrliginiň Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň müdiri bolup işlän Gylyç Seýitnepesowyň jenaýatçylykly hereketlere baş goşandygy ýüze çykaryldy diýip, B.Atdaýew aýtdy.

"G.Seýitnepesow bu wezipede uzak ýyllaryň dowamynda işläp, özüniň gulluk ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, döwletiň kanuny bähbitlerini düýpli bozupdyr" diýip, TDH ýazýar.

Şeýle-de, Bilim ministriniň mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça orunbasary bolup işlän Merdan Gowşudowyň uly möçberde para alandygy ýüze çykaryldy. Ol hem "wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanypdyr".

Gowşudow Aşgabat şäherindäki 64-nji ýörite mekdebiň howlusyndatmekdebiň rus bölüminiň ýapylmagy sebäpli dörän nägileliklerden soň, sentýabrda wezipesinden boşadyldy diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" habar berýär.

Aşgabat şäher baş bilim müdirliginiň müdiri wezipesinde işlän Kakamyrat Mämmedow, Ahal welaýat baş bilim müdirliginiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren Orazberdi Allaberdiýew, Türkmenbaşy şäher bilim bölüminiň müdiri wezipesinde işlän Nepesdurdy Gurbanow; Lebap welaýat baş bilim müdirliginiň müdiri Nurgeldi Gylyjow; Dänew etrabynyň bilim bölüminiň müdiri wezipesinde işlän Agajan Möwlamberdiýew; Wekilbazar etrap bilim bölüminiň müdiri wezipesinde işlän Akmyrat Gurbanberdiýew; Baýramaly etap bilim bölüminiň müdiri wezipesinde işlän Kakamyrat Begnepesow dagy hem wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanyp, para alyp gelipdir diýip, hasabatda aýdylýar.

"...aýyplanýanlardan jenaýatçylykly ýol bilen bikanun edinen pullary maddy subutnama hökmünde alyndy hem-de olara degişli ...awtoulaglar gozgalmasyz edildi" diýip, habarda aýdylýar.

Bu adamlaryň ählisine kanun boýunça iş gozgalandygy we degişli jeza çäresiniň bellenendigi, 10-15 ýyl aralygynda ýyl kesilendigi aýdylýar, ýöne derňewiň haçan geçirilendigi, sud seljerişlikleriniň haçan we nirede bolandygy aýdylmaýar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory bolup işlän Sülgün Ataýewa bolsa, 12 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

S.Ataýewa 2015-nji ýylyň aprel aýyndan 2020-nji ýylyň aprel aýyna çenli döwürde rektor wezipesinde işläp, wezipe ygtyýarlygynyň çäklerinden göz-görtele çykýan hereketleri edipdir. Oňa degişli dört sany ýaşaýyş jaýy, iki sany edara binasy, iki sany kafe, 11 sany söwda dükany, 13 sany ammar, 1 sany ýyladyşhana we 3 sany ýeňil awtoulag döwletiň haýryna geçirildi.

Sülgün Ataýewa
Sülgün Ataýewa

Berdimuhamedow bu hasabatdan soň, Pürli Agamyradowy wise-premýer wezipesinden boşatdy we, mundan öňki ‘toba sahnalarynda’ bolşy ýaly, “parahorlukda we korrupsiýada günäkär adamlaryň kanuna laýyklykda jogapkärçilik çekjekdigini” ýene-de bir gezek duýdurdy.

Bilim pudagynda geçirilen derňewleriň netijeleriniň yglan edilmegi Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň işden aýrylmagynyň, Döwlet serhet gullugynyň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň başlyklaryna käýinç berilmeginiň, "Dayhanbank" döwlet bankynyň başlygynyň orunbasary Yslam Artykowyň işinden aýrylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Bulardan başga, 8-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary Akjagül Dowwaýewa, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary Maýagözel Ýollyýewa wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanda eli gandally, kameranyň öňünde eden jenaýatyny boýun alýan we toba edýän öňki emeldarlary telewideniýede görkezmek tasdan adaty ýagdaýa öwrüldi.

Hukuk hünärmenleri Türkmenistanda aklaw hökümleriniň tasdan çykarylmaýandygyny, aýyp bildirilen islendik raýatdan ýüklenen günäni boýun alyp, özüne garşy görkezme bermegiň talap edilýändigini aýdýarlar.

"Eger bu talaba boýun bolmasaň, erbet gynamalara, ölümden beter zatlara sezewar edýärler" diýip, öňki tussaglaryň biri Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şol bir wagtda, ýurduň Baş kanunynyň 45-nji maddasynda "Adam öz-özüne ýa-da ýakyn garyndaşlaryna garşy görkezme we düşündiriş bermäge mejbur edilip bilinmez. Psihiki ýa-da fıziki zorluk ulanmak, şeýle hem gaýry bikanun usullar bilen alnan subutnamalaryň ýuridik güýji ýokdur" diýilýär.

Synçylar döwlet propagandasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen "görelde sudlarynyň" hakykatda ýurtda giň ýaýran korrupsiýanyň öňüniň alynmagyna hyzmat etmeýändigini, sebäbi wezipeli adamlary parahorluga itekleýän şertleriň üýtgewsiz saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG