Sagdynlyk göreşiniň netijeleri ýa-da 'üstünlikleriň' arkasyna duwlanan hassalyk

1-nji iýun, 2018. Aşgabat. Tigirli ýöriş

Türkmenistanda alnyp barylýan sagdyn durmuş ýörelgeleri wagzynyň arasynda türkmençilikde köp ýyllardan bäri il içine ornaşdyrylan ters gylyklar, hususan-da neşäniň, ýagny tirýegiň, şol sanda arak-şerabyň we çilimiň köplenç özüni oňarýan adamlaryň, jemgyýetiň täsirli wekilleriniň ýakynlarynyň we olaryň üýşmeleňini sowýan, beýleki möhüm hyzmatlaryny edýän raýatlaryň pişesi bolandygy, şeýlelikde, munuň uly, möhüm, sylagly adam bolmak ýaly bir zada öwrülendigi, neşekeşlige, beýleki ýaramaz endiklere garşy göreşiň ozaly aň-düşünjeden başlanmalydygy kän agzalmaýar. Şonuň birlikde, neşesi artyk düşüp ýa ýetmän ölen tanymal adamlar, neşe gaçakçylygynda tutulan görnetin jenaýatçylar barada hem metbugatda açyk gürrüň edilmeýär. Ikinji tarapdan, agzyny zaýalan diýilýän adamlara, neşe, arak garaşlylygyna düşen ýaşlara keselli, näsag adam däl-de, jenaýatçy ýaly çemeleşmek, olara jeza bermek ýa-da saglyk kömegini bermezlik hem saklanyp galýar. Bu bolsa diňe bir neşä garaşly, araga özüni aldyran adamlary däl, olaryň maşgala agzalaryny, çagalaryny hem örän kyn ýagdaýda goýýar. Emma Türkmenistanda bu meseleler ýapyk we Azatlyk radiosy ýurtda ýönekeý adamlary, olaryň maşgalalaryny kyn güne salýan sosial dertlere ýene bir gezek nazar salmagy makul tapdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi apreliň başynda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň resmileri bilen duşuşyk geçirip, anyk maglumat bermezden, bu ugurdaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berlendigini aýtdy. Dogrudanam, Türkmenistanda ýurduň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe 'arakdan arzan bolan' diýilýän neşe maddalarynyň, tirýegiň, geroiniň 'çigit satylan ýaly satylmagynyň' öňi belli bir derejede alyndy diýen pikir bar. Ýöne tutulyp ýakylýan neşe maddalary, neşe bilen tutulýan toý bagşylary baradaky habarlar ýurtda neşäniň bardygyny we isleg, talap boldugyça boljakdygyny görkezýär.

Degişli maglumat Nazir Habibowa 12 ýyl kesildi

Ikinji tarapdan, neşekeşlige garşy göreşiň ýurtda sowet ýyllarynda kök uran arakhorlygy, çilimkeşligi has çuňlaşdyrandygy, ýaşlaryň arasynda 'dermanhana neşesi' diýilýän keýp beriji tabletkalaryň ýoň bolandygy barada hem howsalaly habarlar gelip gowuşýar. Çilimiň we temmäki önümleriniň söwdasyna girizilen döwlet monopoliýasy bilen baglylykda, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, işsizligiň ýokary derejelere galmagy, durmuşyň gymmatlamagy bilen, ýaramaz endiklerden saplanyp bilmeýän adamlaryň we olaryň maşgalalarynyň has agyr ýagdaýlara düşendigini aýdýan synçylar hem bar.

Emma muňa garamazdan, Aşgabatdaky hökümetiň diňe ‘gazanylan üstünlikleri açyp görkezmek’ talaby, metbugatdaky berk senzura we maglumatlaryň ýapyklygy ýurtda saklanyp galýan ‘ýaramaz endikleriň’ möçberlerini, olaryň sebäp bolýan maşgala hasratlaryny anyk göz öňüne getirmäge mümkinçilik bermeýär.

Her halda, ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde ýasama arakdan zäherlenýänleriň köpelendigi barada gowşan soňky maglumatyň yzysüre, habarçylarymyz ýurtdaky neşe we arak, çilim meseleleri bilen gyzyklanyp, köp adam üçin ‘açyk syr’ bolan, emma metbugatda agzalmaýan ýagdaýlar baradaky soraglarymyza başardyklaryndan jogap berdiler.

Halky pullulara we pulsuzlara bölen ýaramaz endikler

“Häzir neşe, tirýek, tramadol bolmasa-da, olaryň ýerini tutujy tabletkalary uly pula tapsa bolýar, hususan-da türmelerde uly pula aňsat tapyp, arkaýyn ulanyp bilýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, türmelerde bu hili dermanlary gymmat nyrhdan, türme işgärleriniň özleri satýarlar. Azatlykdaky adamlar, gurply hojalyklardan bolsalar, öňküler ýaly aňsat, bir çüýşe aragyň bahasyna bolmasa-da, bu neşeleri biraz kynlyk bilen tapýarlar; umuman puluň kän bolsa, neşe tapsa bolýar” diýip, habarçymyz ýazdy.

Degişli maglumat Hajy Ýazmämmedow tussag edildi we... boşadyldy

Habarçy bilen aýry-aýrylykda gürleşen adamlaryň tassyklamagyna görä, aýdymçylaryň arasynda aňrybaşy hasaplanýan bagşylar, ýagny el degirmesiz, prezidentiň ýa-da ýegenleriniň goragynda gezýän bagşylar her toý çakylygyny alanlarynda daýaw pul alyp, öz ulanýan neşelerini özleri tapýarlar; ortalyk hasaplanýan bagşylar hassahanalarda lukmanlar bilen gürleşip, keýp beriji tabletkalary şolardan almaga çalyşýar.

Bellemeli ýeri, soňky döwürde hökümetçi metbugat hem toýa gatnaýan bagşylaryň neşä ýa-da dermanlara ýüz urup, garaşly ýagdaýa düşýändigi barada gürrüň edip başlady.

Emma türkmen neşekeşligi diňe toýlar bilen bagly däl. Aýdaly, ýokary wezipeli adamlaryň toýuny, ýasyny sowýan adamlara, hemişe-de bolşy ýaly, köp zada rugsat berilýär, bu bir adaty, bolmaly zat ýaly kabul edilýär. Hiç bir hukuk goraýjy olary soraga çekip bilmeýär. Sebäbi olar haýsydyr bir arkasy güýçli adama degseler, soňunyň näme bilen gutarjakdygyny gaty gowy bilýärler we gadagançylyklaryň berjaý edilmegini diňe garyp bendelerden talap edýärler diýip, habarçymyz aýtdy.

Soňky döwürde bu deňsizlige garşy, hususan-da tirýegiň agyr hassalar üçin gerekdigini aýdyp, toýlarda, sadakalarda, pata ýerlerinde pikirini aýdýanlar köpelýär. Tirýegi derman hökmünde ulanmagyň dogry boljakdygyny aýdýan adamlar agyr näsaglara agyryny azaltmak üçin morfin ýazylyp berilýär, emma munuň üçin lukmanlaryň arasynda tanyş gerek diýýärler.

Oba ýa şäher ýerinde neşäniň, içginiň, çilimiň ulanylyşynda kän tapawut ýok, ähli ýerde pullularyň çekýän neşesi, içýän içgisi gymmat bahaly, garyp adamlar bolsa hemme berden arzanyndan arzanyny gözleýär. Erkekleriň içinde bolşy ýaly, aýal maşgalalaryň içinde hem içýän, çekýän aýallar bar, emma olar bu işleri gizlin, öz ynanyşýan adamlarynyň arasynda etmäge çalyşýarlar, başga ýerlerde arassa görünmäge çalyşýarlar. Emma muňa garamazdan, gynansak-da, toýda-beýlekide kän içip, bulaşýan aýallar hem duşýar diýip, habarçy ýazdy.

Garaşsyz neşirler Türkmenistandaky tirýek gaçakçylygynyň dowam edýändigini aýdýarlar, ýöne synçylar neşäniň öňki bolçulygynyň galmandygyny boýun alýarlar. Şeýle-de, indi spirtli içgileri hem satmak kynlaşdyrypdy, bu söwda üçin rugsat almak kyn, dükanlaryň köpüsinde içgi ýok diýip, ýaşaýjylar aýdýar. Ýöne isleg bar ýerinde haryt hem bolýar, neşe maddalaryny ulanýan, satýan adamlar dar çäkde gatnaşyk gurýarlar, del adamy bu ýere getirmeýärler, şeýlelikde iş – gaçakçylyk-da, neşekeşlik-de dowam edýär, ýöne onuň möçberi belli däl diýip, habarçy aýtdy.

Sowetleriň içgi derdiniň garaşsyz ýurtdaky ‘üstünligi’

“Sowet ýyllarynda toýda, oturylyşyklarda, myhman gelende, saçakda arak goýulmasa, bu aýyp hasaplanardy, bu ýagdaý häzir nähili?” diýen soraga habarçylarymyz bu ýagdaýyň häzirem gowy däldigini aýdyp jogap berdiler.

“Araksyz döwre ýok” diýip, habarçylarymyz aragyň umuman ‘gaty kän içilýändigini’ aýdýarlar.

Degişli maglumat Toý-dabara hyzmatlary döwlet gözegçiligine alynýar. Türmedäki aýdymçylardan habar ýok

“Toýlarda has köp içilýär, diňe toýda däl, eýsem baýramçylyklaryň öň ýanynda hem, edara-kärhanalarda üýşüp, hökman diýen ýaly arak içilýär” diýip, Lebapdaky habarçymyz aýtdy.

Baýramçylyklary bahanalap pul ýygnamak, deňňene ýa oturyşyk etmek we hökman spirtli içgi içmek, arasynda beň çekmek däbi Türkmenistanda sowet ýyllarynda ýoň bolupdy.

“Haýsydyr bir baýramçylyk bolsa, spirtli içgi satylýan dükanlaryň alyjysy azyndan üç esse köpelýär” diýip, söwda işgärleri bilen gürleşen habarçymyz sowet döwründen galan däbiň ‘üstünlikli’ dowam etdirilýändigini belledi.

Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda şol wagtky prezidentiň sowet döwründe çäklendirilen dine uýmak mümkinçiligini ‘gaýtaryp berendigi’ aýdylýardy we ýurduň paýtagtynda, sebitlerinde gurulýan metjitlere gatnaýan adamlaryň köpelmegi arak-şerap içýänleriň, arakly meýlisleriň azalmagyna getirer diýen ynanç, umyt bardy. Emma häzir aragyň käbir ýerlerde tas her maşgalada diýen ýaly içilýändigi barada maglumat bar. Ýene bir maglumata görä, Oraza aýynda bir aýlap agzyna arak almaýanlar hem bar.

"Türkmençilikde arak kän bir aýyplanyp hem baranok, ýöne hakyny iýmän, ýeri gelende aýdaýyn, aragyny goýup, namaz okap, halal zähmeti bilen gazanç etjek bolup ýören adamlar hem az däl" diýip, bir habarçymyz belledi.

Emma beýleki bir habarçymyz mugt arak bolsa, içýäniň gaty köpelýändigini öňe sürdi.

“Häzir maşgalalarda diňe erkekler däl, arak içýän aýallar hem köpelene meňzeýär. Durmuş toýlarynda, Toý mekanlarynda erkekler bilen deň oturyp arak içýän zenanlar az däl... Umuman, mugt arak bolsa, köp adamyň jan saglygy gözüne görünmeýär, gan basyşy ýokarlanýan bolsa-da, başga bir derdi bolsa-da, ‘ölsemem içip öleýin’ diýýän ýaly, soňuny gaýgyrman içýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Şeýle-de, spirtli içgi içmegiň iş wagtynda hem adaty zada öwrülip barýandygy aýdylýar.

Degişli maglumat Çilim söwdasynyň 'täze kadalary' nobatlaryň azaljagyny aňlatmaýar

“Turkmenabadyň Arassaçylyk gullugynyň jemagat hojalygy işgärleri, Öý edarasynyň işgärler, slesarlar, Türkmenabadyň agyz suwy edarasynyň ussalary, günde-günaşa iş arasynda, arakesme wagty arak içýärler. Aýdaly, agyz suwuny geçirýän turba ýarylýar, çagyrylan hünärmenler gelýär we bozulan geçirijini bejerip, derrew “GAZ 52” awtoulagyna münüp, arak içip başlaýarlar... Lagym turbalary ýarylsa-da şeýle, ussalar köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylaryna ‘men ýarylan turbany bejerip bolýançam, arak, nahar taýyn bolsun’ diýýärler. Bu hili işlerde işleýän adamlar arakhor bolup gidene meňzeýär” diýip, habarçy aýdan sözlerine mysal getirdi.

Şeýle-de habarçy 1990-njy ýyllarda ‘agzyny hapalan’ adamlaryň köpüsiniň ýogalandygyny, aman galanlaryň häzir arak-şerap, çilim bilen ‘mydar edýändigini’ gürrüň berdi.

“Neşe, tirýek, geroin satylýan ýerler ýok, bolsa derrew bilip, polisiýa neşe satýany tussag edýär. Narkoman has az, ýöne her hili tabletka içýänler bar. Tramadol hem ýok, satuwy güýçli yzarlanýar” diýip, habarçy çilim meselesiniň öňki ýyllara garanda has çylşyrymlaşandygyny aýtdy.

“Çilim çekýän adam has köpeldi. Bahasy gymmat bolsa-da, çilimkeşler bu endikden ýüz öwürmeýär. Barly, pully adamlar çilimi gutusy bilen satyn alýar, pulsuzlar birden, ikiden alyp çekýär, has pulsuzlar ‘türkmen çilimi’ diýilýän ýasama çilimi çekýär. Haýsydyr bir ot-çöplerden oňarylan çilimler bar, ysy has ýaramaz, ýöne köp adamyň gurby diňe şu arzan çilime ýetýär. Bu çilimiň bahasy arzan, 1 ştugy 1 manat, 10 sanysy 10 manat. Filtrli, ýagny süzgüçli çilimiň gowusy 1 ştugy 5 manatdan berilýär, dükanda sanalyp satylýar. Filtrli çilimiň gutusyny 80 manada çenli aralykda satyn alyp bolýar, sanap, birini 5 manatdan satanlarynda, onuň her gutusyndan 20 manat peýda görýärler. Emma şu ýagdaýda-da çilim çekýän azalmaýar, köpelýär” diýip, habarçy aýtdy.

Aşgabatdaky we Türkmenbaşydaky ‘neşekeşlik’

Paýtagt Aşgabatdaky we Balkan sebitiniň Türkmenbaşy şäherindäki ‘ýaramaz endik’ ýagdaýyny öwrenen habarçymyz ýaşlaryň arasynda psihatropik maddalaryň köp ulanylýandygyny aýdýar.

“Neýrogain, tripikomid we tramadol ulanýan ýaşlar köp, Türkmenbaşy we Aşgabat şäherlerinde keýpe gyzýan ýaşlaryň köpüsi “tripikol tripikomidi”, göz üçin damjany suwa garyp, spreý, pürküjili çüýşelere gaplap, burunlaryna sepýärler. Olar munuň ‘uly keýp’ berýändigini aýdýarlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen dermanhanalarynyň tripikol satmagy 2020-nji ýylda doly gadagan edildi, bu derman häzir göz hassahanalarynda diňe agyr bejergi alan adamlara ýörite rugsat esasynda berilýän dermanlaryň sanawynda durýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistanda wagtlaýyn satmasyz edilen içgileriň 'gara bazary' döreýär

Emma muňa garamazdan, bu dermanlar döwlet bahasyndan ençeme esse gymmat görnüşde, bikanun söwdada, ýörite adamlar tarapyndan tas erkin diýen ýaly satylýar, halk içinde bu hili dermançy söwdagärlere “barigalar” diýýärler. Olaryň gurply we tanymal adamlary tramadol, hatda tirýek ýaly neşe maddalary bilen hem üpjün edýändigi hakynda barlap bolmaýan maglumatlar bar” diýip, habarçymyz toý bagşylarynyň biriniň (ady redaksiýada bar) geçen ýylyň dekabrynda bir toýda tramadol dermanyny adamlaryň gözüniň öňünde ulanandygyny anyklandygyny gürrüň berdi.

Şeýle-de, habarçynyň tassyklamagyna görä, neşe maddalarynyň we psihatropiki dermanlaryň söwdasy gije sagat 23-den soň başlanyp, olary tanymal we gurply adamlaryň çagalary ýörite kurýerlerden satyn alýarlar; bu söwdany edýän adamlara we olaryň hyzmatyny peýdalanýanlara göz ýumulýar ýa-da bu iş ýokardakylaryň goldawy esasynda amala aşyrylýar diýlip ynanylýar; Aşgabatda we Türkmenbaşyda polisiýa derejesinde bu hili adamlara hiç zat diýilmeýär, diňe MHM, ýokardan görkezme bolan ýagdaýynda, käwagt gadagan edilen serişdeleriň söwdasyna garşy reýd geçirip bilýär, ýöne ol kän netije bermeýär diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda Saparmyrat Nyýazow döwründe görlen neşekeşlik we neşe gaçakçylygy uly gürrüňçiligiň temasy, habarçylaryň käbiri häzir neşe söwdasynyň berk gözegçilige alnandygyny aýdýar, ýöne ‘neşekeşlik azaldy’ diýmegiň ‘gaty kyndygyny’ aýdýan habarçylar hem bar.

“Meniň pikirimçe, ýagdaý häzirem agyr, sebäbi uly şäherlerde ýaş gyzlar, ýigitler tripokamid damjasyny damardan sajym edip ulanýarlar, olaryň arasynda ölýänleri hem bar. Bu zatlar barada türkmen metbugaty dymsa-da, il agzyny bogup bolmaýar, adamlar görüp, bilip ýörler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň pikiriçe, tutulan neşe maddalarynyň ýörite peçlerde ýakylyşyny görkezmek bilen, döwlet eýeçiligindäki teleýaýlym hakykatda ýurda gelýän neşe maddalarynyň entek köpdügini gytaklaýyn tassyk edýär.

Toý, ýas we neşekeşligiň, arakhorlugyň 'milli däpler esasynda aklanyşy'

Toý, ýas däpleriniň ýaramaz endikleriň açyk wagzyna, belki-de, ýaşlar üçin ilkinji tälim mekdeplerine öwrülýändigini aýdýan synçylar hem bar. Bagşa çaý guýup bermek, ýa-da tirýek çekilende, onuň simini gyzdyrmak, sim tutup bermek obalarda sowet ýyllarynda hem 'hormatly iş' hasaplanardy.

Türkmençilikde toýa çagyrylan bagşy-sazandalaryň neşeden, arakdan keýpini köklemegi adaty bir zat hasaplanýar we şu ýagdaý hem, käbir pikirlere görä, halk arasynda neşe maddalaryny ulanmaga bir dereje, özüni oňarýan, pully adamlaryň edýän işi hökmünde garalmagyna alyp geldi. Megerem şundan, bilinse-de, agyr neşekeş bolan bagşylar, neşe sebäpli ýaş wagtynda ýogalan sazandalar barada erbet gürrüň etmeýärler, neşe söwdasynda tutulan bagşylar ýokardaky täsirli tanyşlarynyň goldawy bilen türmeden boşap gelseler, olary derrew toýa çagyryp, öňküden hem beter götergiläp başlaýarlar diýip, ýerli synçylaryň biri toý bagşylary bilen neşekeşligiň aýrylmaz baglanyşykly bir zada öwrülendigini belledi. Onuň pikiriçe, gowy diýilýän ýerlerde işläp ýa söwda edip baýan adamlar, olaryň çagalary hem şol bagşylaryň “neşe medeniýetine ygrarly" adamlar bolýarlar.

“Gurply adamlaryň arasynda çilime, neşe maddalaryna, keýp beriji dermanlara moda hökmünde, özüni oňarýan adamyň pişesi, güýmenjesi hökmünde garalýar, ýönekeý raýatlaryň arasynda bular agyr dert” diýip, habarçylarymyzyň biri häzirki garyp çilimkeşleriň maşgalalarynyň Nyýazow döwründäki tirýekkeşleriň maşgalasyndan hem agyr şertde ýaşaýan bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürdi.

Degişli maglumat Belli estrada aýdymçysy Selimow neşe bilen ilteşikli türmä höküm edildi

Ýerli habarçymyzyň ýagdaýdan habarly adamlara salgylanyp ýazmagyna görä, Ahal welaýatyndaky Artyk we Sarahs gümrük geçelgeleri neşe maddalarynyň esasy geçýän ýeri hasaplanýar. Mary welaýatynyň hem käbir etraplarynda neşe gaçakçylygy edilýär diýip, habarçy belledi. Mundan başga, ugruny tapsaň, dermanhanalardan hem tramadol, peregabalin ýaly tabletkalary bikanun alyp bolýar. Geçen aý Kaka etrap hassahanasynda şepagat uýasy bolup işleýän bir aýal bikanun derman söwdasynda aýyplanyp, jenaýat jogapkärçiligine çekildi. Häkimiýetler bu hili derman gaçakçylygyna garşy, ýönekeý adamlaryň arasynda bolsa, berk göreşýärler.

Ýanyňdan bir paket, ýagny bir çekerlik neşe tapylanyndan tramadol tapylany gowy, bir tanşym bir paket neşe bilen tutulyp, 9 ýyl oturyp, geçen ýyl türmeden boşady; yzynda ejesi, aýaly, üç çagasy köçede galdy... Emma boşap gelse-de, agzy zaýalanan adam, şol bolşy, düzelip bilmeýär diýip, habarçymyz aýtdy. Geçen bir aýal maşgala, ýanyndan 1000 ştuk (däne) tramadol tapylyp, 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Emma şäherde tramadol ulanýanlaryň köpüsi bildirmän ulanýar ýa-da, pully bolansoňlar, açylan aýyplaryny wagtynda ýapyp bilýärler. Ýöne oba ýerlerinde bergi-borja batyp, öýüne çenli satmaly bolan adamlary tanaýaryn diýip, Ahaldaky habarçymyz aýtdy.

Adamlaryň ýagdaýy dürli-dürli, birleri gowy hasaplanylýan çilimleri toýda-märekede göz edip çekse, pukara adamlar çilim tapman, her hili çöp, mahorka çekip, soň nasa geçýär diýip, habarçy aýtdy. Onuň pikiriçe, Aşgabatda esasan ýaş oglanlar, gyzlar agzyny zaýalaýar. Olar, görnüşinden, magtanmak üçin gymmat çilimleri çekýän gurply adamlardan ters görelde alýarlar.

Habarçylaryň we synçylaryň tassyklamagyna görä, ýagdaýy pes adamlar, polisiýanyň jerime ýazmagyndan gorkup, tapan arzan çilimini, mahorkasyny hem gizlenip çekýär. Çilimkeşleriň köpüsi häzir nasa geçdi diýsek, ýalňyş bolmaz diýip, habarçymyz aýtdy.

Degişli maglumat Neşä garşy göreş güýçlendirilýär

Ýöne, ýurtdaky keselçilik, garyplyk, pullary bolman, dertlerini bejerdip bilmän ejir çekýän adamlaryň köpelmegi bilen baglylykda, adamlaryň arasynda “häzir tirýek bolan bolsady, ençeme keseliň öňüni alyp bolardy” diýip, köpçülik ýerlerinde, toýda, sadakada açyk gürrüň edýänler köpeldi diýip, habarçymyz aýtdy.

Aýdylmagyna görä, rak (düwnük), süýji keseline uçran adamlar, beýleki erbet kesellere ýolugan hassalar pullary gutaryp ýa bejergi almaga asla puly bolman, gaty agyr ejir çekýärler. Dermanlar gaty gymmat bolansoň, lukmanlar olara “indi biziň edip biljek zadymyz ýok, elimizden gelenini etdik, hassany öýüne äkidäýiň” diýip, näsagyň hossarlaryna aýdýarlar. Bu hili näsaglar soň öýlerine ejir çekip ölýärler. Tirýegiň häzirki ýaly gyt bolmagyndan nägile bolýan adamlar şeýle agyr hassalara dermanhanalarda tirýek ýazylyp berilse, has ýerlikli bolardy diýen pikiri açyk öňe sürýärler.

Türkmenistanda ýaramaz endiklere garşy yglan edilen göreşiň çäginde öň neşe ulanan, arak içen, çilim çeken, nas atan adamlar, belki-de döwletiň saglyk edaralaryndan kömek tapman, dertlerine derman gözläp, mollalara, palçylara ýüz tutýarlar, zyýarat ýerlerine, öwlüýälere baryp, dileg edýärler, pylan ýerde içgi goýdurýan molla bar diýseler, ylgap gidýärler diýip, habarçymyz aýtdy.

Ýatlatsak, Türkmenistan 1980-nji ýyllaryň aýagynda we 1990-njy ýyllaryň başynda uly neşe meselesi bilen ýüzbe-ýüz boldy, emma häkimiýetler bikanun neşe dolanyşygynyň pidasy bolan adamlar baradaky maglumatlary şu wagta çenli gizlin saklaýarlar. Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri ýurtdaky arak, çilim, nas we soň köpelen dermanhana neşekeşligi diýilýän barada, ýaşlaryň arasynda ýaýraýan ýaramaz endikler, okuw-düşünjäniň peselmegi barada garaşsyz neşirlerde çykýan maglumatlary ne inkär edýär, ne-de tassyklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.