Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazir Habibowa 12 ýyl kesildi


Nazir Habibow
Nazir Habibow

Türkmenistanda “çekmek üçin yzygiderli neşe satyn alandygy” aýdylyp tussag edilen belli estrada aýdymçysy Nazir Habibowyň 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň ynamdar çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Habibowyň sud işinden soň, türkmen häkimiýetleri aýdymçyny aýaly Rita bilen duşuşypdyrlar. Şeýle-de, Naziriň aýalyna hiç ýere interwýu bermezligi tabşyrypdyrlar.

Gepiň gerdişine görä ýatlasak, şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda türkmen telewideniýesinde Nazir Habibowyň “neşe serişdelerini ulanandygyny” boýun alyp, öz-özüni ýazgaryp çykyş edýän pursatlary görkezilipdi.

Azatlyk Radiosyna aýdymçynyň haçan we nähili görnüşde sud edilendigi hem-de onuň haýsy aýyplamalarda günäli tapylandygy barada häzirlikçe türkmen häkimiýetlerinden ýa-da onuň aýaly Ritadan anyk maglumat almak başartmady.

"Neşe maddasyny satmak we satmazlyk niýeti bilen saklamak”​

Emma şol bir wagtda, käbir habar agentlikleri Habibowyň oktýabr aýynyň ahyryna sud edilendigini we onuň 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berdiler.

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiriniň ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, belli aýdymçy 24-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen sud işinde “neşe maddasyny satmak we satmazlyk niýeti bilen saklamakda” günäli tapylypdyr. Aýdylmagyna görä, Habibow “neşe maddasyny ulanandygyny boýun alyp, onuň möçberiniň 100 gram bolandygyny aýdypdyr”.

Ýeri gelende ýatlatsak, 4-nji oktýabrda türkmen telewideniýesinde görkezilen “Watan” habarlar gepleşiginde “neşe serişdelerini bikanun ýurda getirendigi ýa-da ony satyn alandygy” aýdylýan ondan gowrak adam, şol sanda belli aýdymçy Nazir Habibow görkezildi. Olar efirde öz-özlerini ýazgaryp çykyş edip, “etdi” diýilýän jenaýatlary boýun alypdylar we baş goşan işine ökünýändiklerini aýtdylar.

YouTube saýtyndaky beýanat

Şol bir wagtda, geçen aýyň ahyrynda Habibowyň tussag edilmegi bilen baglylykda YouTube saýtynda käbir maglumatlar peýda bolup, onda, hamana, aýdymçynyň aýaly – Ritanyň adyndan ýaýradylandygy aýdylýan bir beýannama köpçülige ýaýradyldy.

Onda Habibowyň “düýbünden başga aýyplamalar esasynda saklanandygy” we munuň “ýörite matlap bilen gurnalandygy” öňe sürülýär. Bu wideo YouTube saýtyna goýlanyndan birnäçe gün soň pozulyp aýryldy. Nazir Habibowyň maşgalasyna ýakyn çeşmeler-de, bu beýanatyň aýdymçynyň aýaly – Rita tarapyndan ýaýradylandygyny inkär etdiler.

Aýdymçysy Hajy Ýazmämmedow

Şeýle-de, şu ýylyň awgust aýynda 28 ýaşyndaky Habibowyň tussag edilen mahaly, beýleki belli estrada aýdymçysy Hajy Ýazmämmedowyň hem tussag astyna alnyp, soň hem azatlyga goýberilendigini Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri habar berdiler. Emma Ýazmämmedowyň näme sebäpden saklanandygyny häzirlikçe anyklamak başartmady.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Ýazmämmedowyň tussag astyna alynmagyndan birnäçe gün soň, uly täsirli bir adamynyň onuň arkasyny tutmagy netijesinde, ol azatlyga çykarylypdyr.

Bu maglumatlar we Habibowyň häzirki ykbaly dogrusynda resmi türkmen çeşmelerinden henize çenli nähilidir bir kommentariýa almak başartmady.

XS
SM
MD
LG