Ýekşenbe güni, 13-nji dekabrda, türkmen gazyny Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrjak gazgeçiriji proýektiniň gurluşyk işleri başlanar. Uzynlygy 1,735 km deň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) proýektiniň düýbüni tutuş dabarasyna üstünden gazgeçiriji geçmeli döwletleriň liderleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky “Galkynyş” gaz ýatagyndan başlanyp, Owganystanyň Hyrat, Farah, Helmand, Gandagar welaýatlarynyň üstünden, soňra-da Pakistanyň Bulujystan welaýatynyň merkezi Kweta şäherinden günorta, tä Hindistanyň Fazilka şäherine çenli uzajak gazgeçirijiden ýylda 33 milliard m3 türkmen gazyny akdyrmak göz öňünde tutulýar.
TOPH proýektini “Türkmengaz” döwlet konserni, Owgan gaz korporasiýasy, Pakistanyň “Inter State Gas Systems (Private) Limited, Hindistanyň “GAIL (India) Limited” kärhanalary tarapyndan esaslandyrylan “TAPI Ltd” konsorsiumy amala aşyrar.
Ilkibaşda Konsorsiuma Fransiýanyň "Total" kompaniýasynyň ýolbaşçylyk etmeginiň, şeýle-de onuň proýekte uly möçberde maýa ýatyrmagynyň mümkindigi baradaky maglumatlar peýda bolsa-da, soňy bilen proýektiň eýeçiligi baradaky düşünişmezlikler sebäpli "Totalyň" gepleşiklerden çekilendigi aýdyldy. Häzirki wagtda Konsrosiumyň ýolbaşçylygyna “Türkmengaz” döwlet konserni saýlandy.
Proýektiň hasaplaşyk maslahatçysy hökmünde Aziýanyň Ösüş banky çykyş edýär. Şol bir wagtda umumy bahasy 10 milliard dollar diýlip çaklanylýan bu gazgeçirijiniň haýsy maliýe serişdeleriň hasabyna guruljakdygy, şeýle-de oňa gatnaşýan sermaýaçylar barada takyk maglumat ýok.
On ýyldan köpräk wagt bäri gürrüňi edilip gelinýän TOPH proýektiniň 2018-nji ýyla çenli gurlup gutarylmagyna garaşylýar. Emma, proýektiň maliýeleşdirilmegi bilen birlikde, gazgeçirijiniň Owganystanyň üstünden geçjek sebitlerinde howpsuzlygygyň nähili ýagdaýda üpjün ediljekdigi barada hem berilýän maglumat köp däl.
Gepiň gerdişine görä bellesek, gazgeçirijiniň 735 km Owganystanyň, şol sanda ýurduň howpsuzlyk ýagdaýlarynyň dartgynly sebitleriniň üstünden geçýär. Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda TOPH-nyň düýbüni tutmak dabaralaryna taýýarlyk görülýän wagty, sişenbe güni Owganystanyň – gazgeçirijiniň geçmeli – Gandagar welaýatyndaky hökümetiň howa bazasyna söweşijileriň eden hüjüminde azyndan 37 adam öldürildi.
Gazgerçirijiniň Pakistanyň üstünden geçmeli Bulujystan sebitinde hem, separatistleriň we söweşijileriň alyp barýan hereketleri sebäpli, howpsuzlyk ýagdaýlary bilen bagly meseleleriň bardygyna hem üns çekilýär.