Owganystanyň Goranmak ministrligi günorta Owganystandaky esasy baza «Talyban» jeňçileri 8-nji dekabrda zabt edeli bäri asuda ilatdan 37 adamyň öldürilendigini aýdýar.
Goranmak ministrliginiň sözçüsi Dawat Waziri bir jeňçiniň, söweş başlanyndan 24 sagat çemesi soň hem, Kandagar Howa meýdanynyň içindäki söweşini dowam etdirýändigini aýtdy.
Waziri «talyban» jeňçileriniň 8-nji dekabrda ir sagat 5.30-da Kandagar Howa meýdanynyň öňündäki mekdebe we bazara hüjüm edendiklerini, netijede asuda ilatdan 37 adamyň öldürilendigini, 35 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.
Ol «talybanyň» 9 söweşijisiniň öldürilendigini, biriniň ýaraly bolandygyny aýtdy. Emma ol hökümet güýçleriniň ýitgisi barada hiç zat aýtmady.
Kandagaryň welaýat gubernatorynyň sözçüsi Samim Kpalwak 9-njy dekabr güni irden owgan milli goşunynyň esgerlerinden hem öldürilenleriň bardygyny aýtdy.
NATO-nyň Aýgytly goldaw missiýasynyň sözçüsi 9-njy dekabr güni irden Kandagar Howa meýdanynda ýerleşen halkara esgerleriniň arasynda ejir çekenleriň ýokdugyny aýtdy. Bu howa bazasy Kandagar şäheriniň 30 km çemesi uzaklygynda ýerleşýär.
«Talyban» beýanat ýaýradyp, janyndan geçen bombaçylaryň baza ýeňil we agyr ýaraglar bilen kürsäp urmagy başarandyklaryny, hem owgan milli goşunyna, hem-de halkara güýçlerine garşy hüjüm edendiklerini aýtdy.
Şeýle-de «Talyban» öz söweşijileriniň tutuş gije dowam eden söweşde 150 çemesi adamy öldürendigini aýtdy.
Emma owgan resmileri «Talybanyň» adatça owgan we halkara güýçleriniň ýitgilerini ulaldyp görkezýändigini aýdyp, bu aýdylýanlary ret etdiler.
Kandagar Howa meýdany günorta Owganystanda, 2001-nji ýylyň aýagynda ABŞ-nyň ýörite güýçleri tarapyndan ele geçirleli bäri, «Talyban» jeňçilerine garşy söweşmek üçin esasy harby baza we logistiki üpjünçilik merkezi bolup durýar.
Bu howa meýdany günorta Owganystanda operasiýa geçirýän harby uçarlaryň uçuş meýdany bilen bilelikde NATO-nyň ýüzlerçe daşary ýurtly esgerine hem öý-jaý bolup hyzmat edýär. Onuň graždan böleginde bolsa ýolagçy uçarlary üçin uçalgalar bar.
Bu söweş owgan prezidenti Aşraf Gani bilen Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarifiň Yslamabatda Owganystana berilýän regional goldawy güýçlendirmek baradaky konferensiýa gatnaşýan wagtyna gabat geldi.
Aziýanyň ýüregi konferensiýasyna Hindistanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri hem gatnaşýar.
Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.