Žurnalist Mariýa Ponomarenko, türme işgärlerine hüjüm edendigi üçin, bir ýyl on aý azatlykdan mahrum edildi diýip, Ponomarenknyň hyzmatdaşlyk eden neşiri, “RusNews” habar berdi.
Prokuratura, ilkinji jenaýat işindäki jezadan başga, žurnaliste goşmaça iki ýyl türme tussaglygynyň berilmegini sorady. Döwlet garalawçysy möhletleri bölekleýin azaltmagy we Ponomarenkony jemi dört ýyl azatlykdan mahrum etmegi teklip etdi.
Mariýa Ponomarenko soňky sözünde ruhy ýagdaýlary bilen baglylykda keselhana iberilende psihiatrik hassahananyň işgärleriniň görkezen zorlugyndan zeýrendi.
"RusNews" mart aýynyň başynda rus goşuny hakynda "galp habarlary" ýaýratmak diýilýän bilen bagly kazyýet işinde iş kesilen žurnalist Mariýa Ponomarenkonyň türmede öz gan damaryny kesendigini we janyna kast etmek howpy bilen ýüzbe-ýüz galandygyny habar berdi.