Ysraýylyň Goranmak güýçleri 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndaky hüjümi gurnan Hamas toparynyň, ABŞ we ÝB tarapyndan terrorçy topar diýlip kesgitlenen guramanyň söweş serkerdesi Ahmad Şimaliniň öldürilendigini aýtdy.
Şeýle-de, Ysaýyl goşunyna garşy söweşen we 2011-nji ýyldaky awtobus hüjümine gatnaşan Hamas batalýonlarynyň biriniň serkerdesi Jamil Wadianyň öldürilendigi aýdylýar.
Ysraýyl goşunynyň metbugat gullugy birnäçe sagat soň Hamasyň strategiki harby meýilleşdiriş bölüminiň başlygy we toparyň syýasy býurosynyň agzasy Salah al-Bardawiliň hem ýok edilendigini habar berdi.
Ysraýyl goşuny 23-nji martda Gaza zolagyna, Hamasyň uly derejeli agzasyny öldürmek maksady bilen, Han Ýunusdaky Naser keselhanasyna hüjüm edendigini tassyk etdi.
Ysraýyl goşunynyň maglumatyna görä, ol lukmançylyk merkezini operasiýa bazasy hökmünde ulanypdyr.
“Times of Israel” gazetiniň habaryna görä, Hamasyň maliýe amallary boýunça gözegçisi Ismail Barhoum hem öldürildi.