BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi global nägilelige sebäp bolan ganly hüjümi ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanandan soň, Ysraýyl 29-njy maýda Gazanyň günortasyndaky Rafah şäherine täze zarbalary urdy.
ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamasa garşy alyp barýan söweşleriniň parahat adamlaryň ölümine sebäp bolýandygy baradaky aladalaryň ýokarlanýandygyna garamazdan, Ysraýyl öz ugruny üýtgetmek alamatyny görkezmedi we atyşygyň bes edilmegine gönükdirilen halkara tagallalary petige diredi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ysraýyla Rafada uly harby operasiýa başlamazlyk duýduryşyny berdi, ýöne onuň administrasiýasy 28-nji maýda Ysraýylyň entek gyzyl çyzyklardan geçmändigini öňe sürdi.