Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pensionerleriň adyna kredit karzlarynyň galplaşdyrylmagy bilen bagly wakalar ýüze çykýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Türkmenistanda pensionerleriň adyna banklar tarapyndan pul karzlarynyň galplaşdyrylmagy barada habarlar gelip gowuşýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri maglumat berýär.

Garaşsyz neşir 14-nji iýunda öz habarçylaryna salgylanyp, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda 70 ýaşly bir pensioner aýalyň adyna “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerli şahamçasynda 12 müň manat möçberinde kredit karzynyň galplaşdyrylandygyny habar berdi.

Ýerli bankda pensioneriň özünden habarsyz galplaşdyrylan karz pul uly ýaşly zenany aýlyk pensiýa töleglerinden mahrum goýdy.

Pensioner zenan üç aý bäri pensiýa hakyny alyp bilmeýär, sebäbi onuň adyna bikanun ýagdaýda kredit resmileşdirilipdir diýip, neşir ýazýar.

“Türkmenistanyň hronikasy” “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerli şahamçasynyň bir işgäriniň pensioneriň meselesini anyklaşdyrmagy wada berendigini habar berýär.

“Ýöne ol ýerde kreditiň kim tarapyndan resmileşdirilendigi heniz hem aýdyňlaşdyrylmady” diýip, neşir ýazýar.

Sosial üpjünçilik edarasynyň bir işgäriniň sözlerine görä, başga-da şuňa meňzeş wakalar bolup geçipdir. Onuň sözlerine görä, “Daýhanbankda” we beýleki banklarda maliýe işgärleri aldaw ýoly bilen, pensionerleriň bank hasaplaryna kredit karzlaryny galplaşdyrýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hem pensionerleriň adyna galp ýollar bilen kredit karzlarynyň resmileşdirilmegi bilen bagly wakalar barada habar berýär.

Ýöne bu sebitde kredit galplygy bilen hatarda gozgalmaýan emläkleriň galplaşdyrylmagy, gartaşan adamlaryň adyna bellige alnan jaýlaryň galp resminamalar bilen ellerinden alynmagy bilen bagly wakalar hem ýüze çykýar.

Lebap welaýatynyň içeri işler edaralaryndaky bir çeşme pensionerlere galp ölüm şahadatnamalarynyň çykarylyp, olaryň ýaşaýyş jaýlarynyň ellerinden alynmagy bilen bagly hadysalar barada habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan beýleki bir sebit ýaşaýjysy 10 ýyl çemesi mundan ozal pensioner ejesiniň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän jaýynyň galp resminamalar bilen ellerinden alnandygyny, bu ýaşaýyş jaýynyň soňra döwletiň hasabyna geçirilendigini aýdýar. Bu wakadan bir aý çemesi wagt soňra pensioner aýal aradan çykypdyr.

Pensionerleriň gozgalmaýan emläkleriniň galp resminamalar bilen ellerinden alynmagyndan soňra, ýerli Ýaşaýyş jaý müdirlikleriniň işgärleri, ýa-da ýaşaýyş jaýynyň “täze eýeleri” öý eýesini öýünden çykaryp bilýär.

Türkmenistanda Ölüm şahadatnamalary Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň ýerli edaralary tarapyndan berilýär. Bu edaralar dogluş, nika we ölüm ýaly raýat ýagdaýlaryny döwlet belligine alýar.

Şol bir wagtda, türkmenabatly çeşmeler bu sebitde arhiw ýazgylarynyň ýok edilmegi, köne seneler bilen täze galp resminamalaryň resmileşdirilmegi ýaly hadysalar barada habar berýärler.

Türkmenabat şäherinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe ýerli ýaşaýjy banklarda pensionerleriň adyna galp kreditleriň resmileşdirilmegine Pensiýa gaznalarynyň, Sosial üpjünçilik edaralarynyň hem gatnaşygynyň bardygyna ynanýandyklaryny aýdýarlar.

“Şeýle operasiýalary pensiýa bölümlerinden degişli resminamalar alynmazdan amala aşyryp bolmaýar” diýip, bir türkmenabatly ýaşaýjy gürrüň berýär.

“Bu ýagdaý biziň şäherimizde epidemiýa öwrüldi. Birnäçe dostumyň ene-atalary hem şeýle kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny gürrüň berdiler. Bu wakalara pensiýa bölüminiň hem gatnaşygynyň bardygyna ynanýarys” diýip, beýleki bir ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosy pensionerleriň adyna galp karzlaryň resmileşdirilmegi boýunça “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyndan resmi teswir alyp bilmeýär. Şeýle-de, Lebap welaýatynda ölüm şahadatnamalarynyň galplaşdyrylmagy bilen bagly habarlar boýunça Raýat ýagdaýynyň nama ýazgylarynyň ýerli edarasyndan teswir alyp bolmaýar. Azatlyk Radiosynyň Türkmenabat Ýaşaýyş jaý müdirliklerinden teswir almak synanyşygy hem netije bermeýär.

Türkmenistanda 62 ýaşyny dolduran erkek adamlar we 57 ýaşyny dolduran aýallar ýaşy boýunça pensiýa hukugyna eýe bolýarlar.

Pensiýalar raýatlaryň bank hasaplaryna geçirilip bilinýär. Şeýle ýagdaýda, türkmen kanunçylygy, pensiýa alýan raýatlardan her alty aýdan bir gezek Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edaralarynda gaýtadan bellige alynmagy talap edýär.

Ýurtda pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemegiň binýatlyk ululygy 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda 500 manat hökmünde bellenildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG