Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Ýaşlar gazabyny bir-birinden çykarýarlar'. Aşgabatda ýene-de köçe urşy boldy


Türkmen häkimiýetleri ilata, şol sanda ýaşlara berk gözegçilik edýärkä ýaşlaryň arasynda zorluk we bidüzgünçilik köpelýär. Türkmen ýaşlary mejbury çärede. (Arhiw suraty)
Türkmen häkimiýetleri ilata, şol sanda ýaşlara berk gözegçilik edýärkä ýaşlaryň arasynda zorluk we bidüzgünçilik köpelýär. Türkmen ýaşlary mejbury çärede. (Arhiw suraty)

Türkmenistanda dürli gadagançylyklaryň astynda ýaşaýan türkmen ýaşlary mejburlygyň dürli görnüşlerine sezewar edilýärler. Mejbury çäreler olary bilimden we kadaly durmuşdan mahrum edýär we dartgynlylyk döredýär. Emma häkimiýetleriň berk gözegçiligine garamazdan, soňky döwürde ýaşlaryň toparlanyşyp, köçelere çykmagy we uruşmagy ýaly ýagdaýlar gitdigiçe köpelýär. Şeýle ýagdaýlaryň biri şu hepde Aşgabadyň ertekiler dünýäsinde ýüze çykdy.

22-nji oktýabrda ýetginjekleriň arasynda dörän gazaply ýakalaşyk adaty güýmenje oýnunyň üstünde turupdyr.

Ertekiler dünýäsine boş wagtyny geçirmek üçin baran ýaşlar dürli oýunlarda, şol sanda elektro ulagyny sürmekde bir-biri bilen bäsdeşlik gurapdyr. Çeşmeleriň sözlerine görä, dawa attraksionlaryň öňündäki nobatyň üstünde döräpdir.

"Ýetginjekleriň bir topary özleriniň nobatda birinji durandygyny aýdyp, öňe geçmekçi boldular. Beýleki toparyň ýetginjekleri olaryň öňüne geçip, nobatda özleriniň öňde durandyklaryny aýdyp, geçirmejek boldular. Şondan soň iki toparyň arasynda ýakalaşyk boldy" diýip, ýagdaýa şaýat bolan çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonim gürleşen çeşmeleriň sözlerine görä, urşan ýaşlaryň sany köplük bolup, her toparda ondan gowrak adam bardy. Gazap bilen ýakalaşan ýetginjekleriň arasynda ýara, şikes alan köp bolupdyr.

"Ýaş ýigitleriň kimsiniň köýnegi ýyrtyldy, kimsiniň ýüzi çapyldy, eliniň we aýagynyň boguny ýerinden çykyp, süňki döwülen ýaşlar hem bar" diýip, ýene bir çeşme aýdýar.

Ertekiler dünýäsinde dörän uruşda şikes alan ýaşlar Aşgabadyň Nyýazow adyndaky hassahanasyna eltildi.

"Häzir Aşgabadyň Nyýazow adyndaky hassahanasynyň şikesler bölümine getirilip, medisina kömegi berildi, eli, aýagy dökülenlere gips goýuldy" diýip, çeşme habar berdi.

Azatlyk Radiosy Ertekiler dünýäsinde ýaşlaryň arasynda bolan uruş we olar babatynda görlen çäreler barada paýtagtyň häkimiýetlerinden we polisiýa wekillerinden resmi maglumat alyp bilmedi.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtda ilatyň hal-ýagdaýynyň soňky ýyllarda gitdigiçe agyrlaşmagynyň fonunda ýetginjekleriň hem mekdebi tamamlap, durmuşda öz orunlaryny tapmaga mümkincilikleriň azalýandygyna ünsi çekýärler. Bu ýagdaýda ýaşlar gahar-gazabyny birek-birekden çykarýarlar diýip, habarçylar ýakalaşyklaryň, toparlaýyn uruşlaryň häli-şindi döreýändigini, ýaşlaryň dürli agyrlykdaky ýaralary we şikesleri alýandygyny hem-de hatda maýyp bolýanlaryň bardygyny bellediler..

Türkmenistanyň paýtagtynda we dürli welaýatlarynda köçelere ýaşlaryň topar bolup, uruşmagy we bir-birini gazaply ýençmegi bilen bagly hadysalar Azalyk Radiosyna soňky iki ýylyň dowamynda ençeme gezek mälim bolupdy.

Türkmen ýaşlary rus serialyndan ‘ruhlanyp’, köçelerde bidüzgünçilik edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

Bu aralykda ýurtda jenaýatçylyk derejesi ýokary bolmagynda galýar. Soňky döwürde ogurlyk üstünde tutulan adamlaryň öz ildeşleri tarapyndan eden-etdilikli jezalandyrylmagyny görkezýän wideolar IMO-da hem paýlaşylýar.

Balkanda welaýatynyň içeri işler edarasyndaky çeşmäniň maglumatyna görä, ozalky tussaglaryň ýarysy gaýtadan tussag astyna düşýär. Azatlyk bilen anonim gürleşen çeşme türmeden çykan adamlaryň kadaly durmuşa dolanmagy üçin şertleriň tas ýokdugyny, döwlet edaralarynda olaryň işe alynmaýandygyny, türmeden gelen adama hususy pudakda hem iş berilmeýändigini belledi.

Düzgüne görä, döwlet edara kärhanalaryna öňki bendiler düýpden alynmaýar, işe alynýan adamyň üç arkasy barlanyp, türme tussaglygyny başdan geçiren garyndaşy bolan adam hem işe alynmaýar.

Bu aralykda ýurtda düzgünsiz oýunlaryň meşhurlygy artýar.

Awgust aýynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda "güýç edaralarynyň wekilleriniň gizlin guramaçylygynda" düzgünsiz uruşlaryň geçirilýändigi mälim boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan aýry-aýry iki çeşme täsirli güýç edaralary tarapyndan ýaşyryn guramalaşdyrylýan we gizlin geçirilýän düzgünsiz uruşlarda azyndan 5 müň dollar çemesi pul baýragynyň goýulýandygyny gürrüň berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG