Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Büzmeýinde ýetginjekler topar bolup ýakalaşdy


Ýaşlar uly topar bolup, uruşmak üçin barýarlar. Aşgabat. Noýabr, 2023
Ýaşlar uly topar bolup, uruşmak üçin barýarlar. Aşgabat. Noýabr, 2023

Aşgabatda ýaşlaryň üýşüp ýakalaşmagy bilen bagly ýene bir ýagdaý ýüze çykdy. Büzmeýin etrabynyň Gökje ýaşaýyş toplumynda ýetginjekleriň arasynda toparlaýyn uruş zerarly şikes alanlar hem bolup, şäher polisiýasy goşulyşmaly bolupdyr.

Aşgabadyň mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň iki toparynyň arasynda bolan çaknyşykda onlarça ýetginjek birek-biregi bilen rehimsiz ýumruklady. 10-njy sentýabrda Gökje ýaşaýyş toplumynyň orta mekdebiniň sport meýdançasynda bolan çaknyşyk barada ýagdaýa şaýat bolan birnäçe adam Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň berdi.

"Bu urşa 40 golaý ýetginjek gatnaşdy. Ýigitleriň ýaşy 16-18 aralygynda. Gyzyl ýumruga girişen okuwçylaryň ýakalaşygy bir sagada golaý dowam edip, 10 golaý awtoulagda ýetişip gelen polisiýa işgärleriniň sany 50-den geçdi" diýip, şaýatlaryň biri gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň Azatlyga gürrüň bermegine görä, mekdebiň territoriýasynda dörän uruşy gören mekdep mugallymlary polisiýa jaň edipdir. Başda mekdebe baran Gökje ýaşaýyş toplumynyň bölüm polisiýa işgäri urşy duruzyp bilmän, polisiýa bölümine jaň edip, kömek sorapdyr. Operatiw topar ýetişýänçä ýakalaşyk dowam edipdir.

Çarşenbe güni gündiz dörän bu dartgynlylyga gatnaşanlaryň ençemesi polisiýa tarapyndan ele salnypdyr. Çeşmeleriň 13-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, ýaşlaryň 10 golaýy şu wagta çenli Büzmeýiniň polisiýa bölüminde saklanýar we sorag edilýär.

"Ýetginjekler Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň polisiýa bölümine alyp baryldy we häzire çenli urşuň guramaçysyny anyklamak üçin operatiw çäreler alnyp barylýar" diýip, polisiýa bölümindäki ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berýär.

Çeşme ýakalaşygyň bolan ýerine ilkinji bolup, ýetip baran polisiýa işgärleriniň uruşýanlary surata, wideo düşürendigini we indi bu maglumatlaryň derňewlerde subutnama hökmünde ulanylýandygyny aýtdy.

Azatlyk bilen anonim gürleşen ýene bir çeşme polisiýa bölüminde sorag edilen wagtynda ýetginjeklere zor görkezilýändigini gürrüň berdi.

"Sülçüler wezipe borçlaryndan bikanun tilsimleri ulanyp, urşup, tutlan ýaş ýigitleriň elini gaňyrmak, dem alyş ýoluny bogup, demikdirmek ýaly usullary ulanýarlar we ýetginjekleriň ruhuny basmak, gorkuzmak ýaly hereketleri edýärler" diýip, ýagdaýdan habarly ýene bir çeşme gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Büzmeýin etrabynyň polisiýa bölüminiň işgärlerinden resmi görnüşde teswir almak synanyşygy oňyn netije bermedi.

Büzmeýinde ýetginjekleriň arasynda dörän urşuň daşyndaky ýagdaýlardan habarly birnäçe çeşmäniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatlaryna laýyklykda, okuwçylaryň biriniň 1000 manat mukdarly bergisini bermändigi sebäp bolupdyr.

"Ýokary synp okuwçysy öz synpdaşyndan bir hepde möhleti bilen 1000 müň manat möçberinde pul karz alyp, häzire çenli ertir-ertir bilen bermändir. Algydar ýigit öz dostlary bilen bergidara basyş görkezip, gorkuzmak isläpdir. Ýöne bergidar ýigit hem hojalygy köpçülik bolansoň, öz inileri hem-de garyndaşlary bilen üýşüp mekdepde gelip, bergisini bermejekdigini gödek beýan edýär. Algydar bilen bergidaryň tarapdarlary toparlaýyn ýumrukly urşa girmeli bolýar. Urşa gatnaşanlaryň sany soňy bilen köpelip, 40 adama golaýlaýar" diýip, aşgabatly çeşmeleriň biri gürrüň berýär.

Şaýatlaryň sözlerine görä, ýumruklaşan ýaşlaryň arasynda ten şikesi alanlar köp, şol sanda burnunyň süňki döwülen, ýüzüniň dersini çapdyran, gözüniň gabagyna gök düşen ýetginjekler bar.

Türkmenistanda şeýle toparlaýyn uruşlaryň bolandygyny barada soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda birnäçe gezek mälim boldy.

Aşgabatda, Maryda, Türkmenabatda toparlaýyn "çekeleşikler" dürli mekdepleriň okuwçylarynyň we dürli köçeleriň ýaşaýjylarynyň arasynda wagtal-wagtal ýüze çykýar.

Azatlygyň habarçylaryna görä, bolýan zatlar ene-atalary we polisiýany aladalandyrýar. Medisina işgärleriniň sözlerine görä, köçelerde turýan uruşlardan soň getirlen ýetginjekleriň kellesinde ýara, bedenlerinde gök we ýara köp bolýar.

Häkimiýetler şeýle wakalar barada pikirini açyk beýan etmeseler-de, soňky ýylda mekdeplerde ene-atalardan çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmek talaby artdyrylýar.

Türkmen ýaşlary rus serialyndan ‘ruhlanyp’, köçelerde bidüzgünçilik edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG