Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ýaş oglanlaryň toparlanyşyp, şäherde aýlanýan ýagdaýlary köpelýär. Azatlygyň habarçylary iri şäherlerde bular ýaly hadysalaryň köpelýändigini, şeýle-de toparlaryň dürli bidüzgünçiliklere baş goşýandygyny aýdýarlar. Ene-atalar bu ýagdaýlary meşhur rus serialy “Слово пацана” (“Ýigdegçäniň sözi”) bilen baglanyşdyrýarlar. Bu serial Russiýada we Merkezi Aziýanyň käbir döwletlerinde ýaşlara ýetirip biljek ýaramaz täsiri boýunça jedelleri döretdi.