Türkmenistanda awtoulag satýan we awtoulag satyn alýan adamlar, il içinde aýdylmagyna görä, häkimiýetleriň ýene bir garaşylmadyk ‘sowgadyna’ ýa-da nobatdaky ‘hokgasyna’ şaýat boldular. Mundan ozal awtoulagy bir raýatyň adyndan başga bir raýatyň adyna geçirmegiň döwlet tölegi 260 manat bolan bolsa, ol indi 960 manada çykaryldy. Azatlygyň Balkandaky habarçysynyň ýazmagyna görä, diňe ulaglary atdan ada geçirmek gymmatlamady, eýsem, ulaglaryň guratlyk hatyny almak, olary döwlet diagnostika barlagyndan geçirmek hem gymmatlap, 300 manat töweregi bolanlygyndan 600 manada çenli ýokarlandy.
Türkmen häkimiýetleri adatça bu hili habarlary çap etmeýärler we raýatlaryň awtoulag satyn almak, satmak hukuklaryny çäklendirýän, maddy ýagdaýyny kynlaşdyrýan täze ‘düzgünler’ ýa-da hiç bir kanuny esasy bolmadyk, şol bir wagtda üýtgäp durýan talaplar barada açyk düşündiriş bermeýärler.
Synçylar bu ‘düzgünleriň’ ilatyň ýokary gatlagyna däl-de, esasan goragsyz, eklenç, durmuş ýagdaýy pes bölegine agyr täsir edýändigini, ýönekeý adamlaryň ulag edinmegini, saklamagyny we satmagyny has kynlaşdyrýandygyny aýdýarlar.
Türkmenbaşyda ulag satan, ulag satyn alan birnäçe adamyň, şol sanda anonimlik şertinde gürleşen polisiýa işgäriniň sözlerine görä, ulaglaryň ähli görnüşini atdan ada geçirmegiň, guratlyk barlagynyň tölegleriniň birden, ençeme esse gymmatladylmagy adamlary aljyraňňy ýagdaýa saldy.
Bu gymmatlaýyş aýlyklaryň, pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň şu ýylyň hasylyndan başlap ýokarlandyrylmagynyň arasynda dörän nämälimlik aladalaryny güýçlendirdi diýip, ýasaýjylaryň biri aýtdy.
Türkmenbaşyly polisiýa işgäriniň tassyklamagyna görä, awtoulaglar meselesindäki soňky ‘täzelik’, tölegleriň ýokarlanjakdygy öňünden hiç kime mälim bolmandyr.
“Bu buýruk ir sagat 7-de, welaýatyň içeri işler bölüminiň başlygy aýdanyndan soň bilindi, garaşylmadyk waka boldy” diýip, Türkmenbaşy şäheriniň ýol polisiýasynda ulaglary hasaba alýan we döwlet belgisini berýän bölümiň hünärmeni Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý ulagyny bir gün öň satan we onuň resminamasyny atdan ada geçirmegi bir gün soňa goýan bir raýaty ‘gaty oňaýsyz ýagdaýa’ saldy.
“Awtoulagym köne bmw ulagydy, 13 müň manada satdym şu gün, ýol polisiýasynyň ulaglary hasaba alyş edarasyna baranymda, men öz hasabymdan jemi 1500 manat pul çykdajy etmeli boldum” diýip, başga bir ýaşaýjy ulanyp ýören köne ulagyny gyssagly pul zerurlygy üçin satandygyny, bu gymmatlaýyşyň özüne ‘gaty’ degendigini gürrüň berdi.
Anonimlik şertinde gürleşen türkmenbaşyly ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, aýlyklar, kömek puly we pensiýa tölegleri 7 we 10 göterim ýokarlandy, döwlet harytlary we hyzmatlary bolsa, ýüzlerçe esse gymmatlady.
“Bu akyla sygjak zat däl, hökümet çeňňegiň gaňyrçagyna kiçijik iým goýup, uly balyk tutýan balykça meňzeýär, adamlar bu zatlara uzak çydamaz, ujypsyz aýlyk, bahalar keýik şahynda” diýip, adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen ýene bir ýaşaýjy durmuşyň birden we gaty gymmatlamagyndan nägileligini bildirdi.
Türkmenistan, ýurtdaky agyr ykdysady kynçylyklaryň arasynda, daşary ýurtlarda ulanylan köne awtoulaglaryň kiçiräk bir bazaryna öwrüldi we, häkimiýetleriň dürli ýyllarda girizen ol ýa-da beýleki çäjklendirmeleri hemişe ýönekeý adamlaryň peýdasyna bolmaýar.
Mysal üçin, geçen ýylyň oktýabrynda Lebapdaky habarçymyz öndürilen ýyly 1990-njy ýyldan aňyrda bolan awtoulaglaryň eýeleriniň ulagyna degişli resminamalar bilen polisiýa bölümlerine çagyrylýandygyny habar berdi.
Bu ýagdaý häkimiýetleriň köne awtoulaglary ulanyşdan aýyrmaga, ýollardaky ýol hadysalaryny azaltmaga gönükdirilen çäreleri bilen düşündirilýär. Ikinji tarapdan, häkimiýetler ýurtda bolýan heläkçilikli ýol hadysalary, olaryň anyk sebäpleri barada özlerinde bar bolan maglumatlary hem metbugatda çap etmän, ilatdan gizlinlikde saklaýarlar.
Şu aralykda, türkmen häkimiýetleriniň gara reňkli awtoulaglar barada 2018-nji ýylda dilden girizen gadaganlygynyň şindi hem saklanyp galýandygy aýdylýar.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň 20-nji fewralda beren habaryna görä, änewli bir telekeçiniň Birleşen Arap Emirliklerinden satmak üçin getiren bäş awtoulagy, olaryň üç sanysynyň gara reňkde bolandygy sebäpli, 2-nj fewraldan bäri Türkmenbaşy portunda saklanýar.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda ak reňkliden başga ulaglara garşy girizilen bikanun çäklendirme köp adamy uly maddy zyýana goýdy, ýöne ýurtdaky ýapykly bu zyýanyň möçberlerini kesgitlemäge mümkinçilik bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum