Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda PÝGG-niň sürüjilere gözegçiligi we olardan ‘para almagy’ ýene batlandy


Ýol polisiýasy tarapyndan saklanan sürüji (Illýustrasiýa suraty)
Ýol polisiýasy tarapyndan saklanan sürüji (Illýustrasiýa suraty)

Lebapda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy (PÝGG) awtoulag sürüjileriniň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edişine gözegçiligi ýene güýçlendirdi.

Raýatlar PÝGG-niň işgärleriniň bu çäreleri köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilişini üpjün etmek üçin däl-de, sürüjilerden para almak üçin amal edýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji fewralda sebitden maglumat berdi.

“Türkmenabat şäheriniň we onuň töweregindäki köçeleriň tas ählisinde polisiýa işgärleri durup, esasan ulagyny ýokary tizlikde süren sürüjileri gözleýärler. Elleri radarly polisiýa işgärleri ulagyny sähel ýokary tizlikde süren sürüjileri hem saklap, olara 50-70 manat aralygynda jerime ýazjakdyklaryny, ýöne “ylalaşmaga taýýardyklaryny” aýdyp, parany tama edýärler” diýip, türkmenabatly sürüji anonim şertde gürrüň berdi.

Sürüjileriň ençemesi köp adam jerimäni tölemek üçin ýol polisiýasyna gidip, ençeme sagatlap wagt sarp etmegiň deregine para bermegi saýlap alýandygyny aýdýar.

“Paranyň möçberi 20 manatdan 50 manada çenli üýtgeýär. Olar islendik parany kabul edýärler. Sebäbi ýol polisiýasynyň umuman jerime ýazmaga niýeti ýok. Olar bu çärelerini diňe sürüjilerden para almak üçin amal edýärler” diýip, başga bir lebaply sürüji belledi.

Häzirki wagtda şäheriň tas ähli köçelerinde ulagyň tizliginiň sagatda 40 kilometrden ýokary bolmaly däldigi barada ýol belgileri bar. Raýatlar bu tizlik çäklendirmesiniň juda pesdigini aýdyp, munuň sürüjileriň düzgün bozmagyna getirýändigini belleýärler.

“Dünýäniň ösen ýurtlarynda bu çäklendirme sagatda 50 kilometre barabar. Ýöne biziň polisiýamyz sürüji ulagyny sagatda 45 kilometr tizlikde süren bolsa-da, oňa jerime ýazmak barada haýbat atýar, soňra-da jerime ýazman, aç-açan para alýar” diýip, sürüji nägilelik bildirdi.

Türkmenabatlylaryň ençemesi PÝGG-niň işgärleriniň hat-da alkogolly içgileri içendigi anyklanan sürüjilere hem jerime ýazman, olardan 3 müňden 4 müň manada çenli aralykda para alyp goýberýändigini aýdýar.

“Bu sürüjiler diňe özleriniň däl, eýse köçelerdäki beýleki raýatlaryň hem janyn howp abandyrýarlar. Ýöne polisiýa bulara jerime ýazyp, olaryň sürüjilik şahadatnamalaryny wagtlaýyn ellerinden almagyň deregine, öz jübülerini doldurmaga çalyşýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada sebitiň ýol polisiýasyndan teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda PÝGG-niň işgärleri ulag sürüjileriniň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edişine gözegçiligi wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Olar bu çäreleriniň dowamynda diňe düzgün bozanlara däl, eýse köçe-ýol hereketiniň talaplaryny berjaý edýän raýatlara hem, dürli bahanalar esasynda, jerime ýazýarlar ýa-da olary para bermäge mejbur edýärler. Raýatlar bu çäreleri “häkimiýetleriň halky talamak, ilatyň hasabyna býujeti ýa-da öz jübülerini dolmak tagallalary” häsiýetlendirýärler.

Şuňa meňzeş çäreler barada Lebapdaky habarçylarymyz soňky gezek geçen aýyň 19-nda hem maglumat beripdiler. Şonda iri şahly mallary ýa-da beýleki ýükleri daşaýan uly ýük ulaglaryň sürüjileri ýol polisiýasyna bermeli bolýan gündelik parasynyň möçberiniň 200 manada ýetýändigini aýdypdylar.

Habarçymyz bilen anonim şertde söhbetdeş bolan polisiýa işgärleriniň birnäçesi bolsa, özleriniň “ýokardan berlen tabşyrygy ýerine ýetirýändigini” gürrüň beripdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ulag sürüjileriniň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary, para-berim barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

“Transparency International” guramasynyň 2023-nji ýyl boýunça soňky korrupsiýa indeksinde Türkmenistan ýene-de yzdaky orunlaryň birini, has anygy, aşakdan onunjy ýeri eýeledi. Şu ýylyň 30-njy ýanwarynda çap edilen hasabatda syn berlen 180 ýurduň arasynda 170-nji orunda ýerleşdirildi, şeýle-de oňa 100-den 18 bal berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG