Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Günbatary “Ýeňiş plany” boýunça hereket etmäge iterýär


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenksi
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenksi

17-nji oktýabrda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenksi Brýusselde ilki geçmeli Ýewropa Bileleşiginiň sammitine we soňundan NATO-nyň goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagtyna geldi. Ol bu ýerde urşy Kiýewiň haýryna öwürjekdigini aýdýan özüniň bäş maddadan ybarat “Ýeňiş plany” atlandyrylýan çärelerini hödürlär.

Bu iki Günbatar guramasyndan hiç kim hödürlenýän plandan açyk ýagdaýda ýüz öwürmese-de, munuň Kiýewiň düşen agyr ýagdaýyna duýgudaşlyk bilen garalandygyny, ýöne reaksiýanyň netijede sypjyk bolandygyny aýtsa bolar. Aslyýetinde, bu plan eýýäm özümiň 1-nji we 2-nji maddalary sebäpli bärden gaýdýar. Olaryň biri Ukrainany NATO agzalyga çagyrylmagyny, beýlekisi hem Kiýewe Günbataryň üpjün eden uzak aralyga niýetlenen ýaraglary bilen Russiýanyň territoriýasyna urmaga ygtyýaryň berilmegini göz öňünde tutýar. Kiýew bu iki madda boýunça eýýäm ençeme wagtdan bäri tagalla edip gelse-de, bu amal bolubermeýär, olara bu golaýda ýaşyl yşygyň beriljekdigine hem meňzemeýär.

Çakylygy alyp göreliň. Ukraina bu çakylygyň häzir gelmelidigini aýdýar. Emma Ýaranlyga agzalyk diňe uruş tamamlanandan soň mümkin bolup biler. Bu NATO agza döwletleriň arasynda munuň netijesinde Moskwa bilen gönümel çaknyşyklara çekilip bilinjekdigi baradaky howatyrlaryny gowşatmakdan ugur alýar. Ukraina bu meseläni geçen ýyl NATO-nyň Wilniusda we şu ýyl Waşingtonda geçen sammitlerinde hem gün tertibine getiripdi. Harby ýaranlyk muňa jogap hökmünde, anyk senäni agzaman, Ukrainanyň bir wagt oňa agza boljakdygyny tassyklady we “agzalyga tarap köpri” ýa-da onuň “agzalyk ugrundaky yza tesmeýän ýoly” diýen ýaly çylşyrymly kesgitmeleri ulanyp başlady.

NATO-nyň baş sekretary Mark Rutteden çakylyk barada soralanda, ol eýýäm taýýar edilen meňzeş sözleri ulandy we Ýaranlygyň uruşdan ejir çekýän ýurt üçin edýän ähli tagallalaryny nygtap geçdi. ABŞ-nyň NATO-daky ilçisi Julianne Smit hem deň derejede sypjykdy. Bu ýerde täzeçilik ýok. Ýaranlygyň içindäki çeşmeleriň sözlerine görä, ol bu mesele boýunça bölünen ýagdaýda bolmagynda galýar. Umumy garaýyş şeýle, ýagny: “Biz Wilniusdan we Waşingtondan aňry ilerlemedik”.

Russiýanyň jümmüşine urmaga ygtyýar bermek barada hem meňzeş zatlary aýtsa bolar. Bu esasan Birleşen Ştatlaryň karary bolmaly, we görnüşinden Waşington muňa ygtyýar bermäge kän meýilli däl. Zelenski sentýabrda ABŞ-da geçen sammitden yzyna boş elli dolandy. Ýagdaýlaryň häzirki pursat, hususanda 5-nji noýabrdaky geçmeli saýlawlaryň gyzgalaňy artýan döwründe, üýtgändigine yşarat ýok. Iň azyndan şu meselede, belki-de geljekde urgylar bilen baglylykda çäkli ilerleme bolup biler. Emma munuň öňünden mediada uly ses bilen yglan ediljekdigine garaşyp bolmaz.

Bu iki maddanyň berjaý edilmegi eýýämden kynçylyklary döredýän bolsa, galan üç maddanyň, ýagny Ukrainada ýadro bolmadyk strategiki yza tesdiriş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy, ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň bilelikde Ukrainanyň möhüm tebigy resurslaryny goramagy we uruşdan soň Ýewropada ýerleşdirilen käbir amerikan goşunyny ukrainaly esgerler bilen çalşyrylmagy ikuçly bolmagynda galýar.

Zelenski munuň kyn mesele boljakdygyny elmydama-da bilýärdi. Emma häzir, görnüşinden gazaply bolmaga garaşylýan gyşyň öň ýany, ol töwekgelçilik etdi we Günbataryň reaksiýasyna garaşyp, taslamany hödürledi.

Forum

XS
SM
MD
LG