Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 356 tussagyň günäsi geçildi


Türkmenbaşyda ýumrulan köne türme.
Türkmenbaşyda ýumrulan köne türme.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren hökümet maslahatynda 356 tussagyň günäsini geçmek baradaky karara gol çekdi.

Döwlet baştutany, adatça bolşy ýaly, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli yglan edilýän günä geçişler Saparmyrat Nyýazowyň prezident bolan ýyllarynda, tussagdan hyryn-dykyn doldurylan jeza öýleriniň ýüküni ýeňletmek maksady bilen başlandy we şu günlere çenli dowam etdirilýär.

Ýöne 2007-nji ýyldan öň Gadyr gijesi mynasybetli yglan edilen günä geçişlerde her ýyl müňlerçe, 8, 9 müňe golaý adam türmede boşadylardy.

Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň, günä geçişleri her baýramçylyga gabat yglan etmek düzgüni girizildi.

Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen öňki tussaglar, bendileriň hossarlary günä geçişleriň 'ullakan korrupsiýa shemasyna öwrülendigini' aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG