Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we Eýran geçiriji gurmagy öz içine alýan gaz ylalaşygyna gol çekdi


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Türkmenistan bilen Eýran 3-nji iýulda ýylda 10 milliard kub metr türkmen tebigy gazynyň iberilmegi barada şertnama baglaşdy, bu gaz soňra Eýrandan Yraga iberiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu şertnamanyň baglaşylandyny yglan etdi, ýöne Eýranyň gaz üçin haýsy bahadan töleg etjekdigini aýtmady.

Ministrligiň beýanatynda eýran kompaniýalarynyň Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda merkezi aziýa ýurdunyň gaz iberiş kuwwatyny giňeltmek üçin 125 kilometrlik täze geçiriji gurjakdygy aýdylýar.

Şeýle-de, ministrlik ykdysadyýeti esasan tebigy gazyň eksportyna garaşly bolan Türkmenistanyň Eýrana iberýän gazynyň möçberini ýylda 40 milliard kub metre ýetirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Ýöne bu işiň haçan ýa-da haýsy wagta çenli edilip bilinjekdigi aýdylmady.

Eýran öz tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde ikinji orunda, gazylyp alynýan ýangyç serişdelerini öndürmekde bolsa dünýäde üçünji ýerde durýar.

Emma ýurtdaky içerki islegiň ýokarlanmagy Tähranyň daşary ýurtlara gaz eksport mümkinçiligini çäklendirip gelýär.

Mundan başga, Eýran gyş aýlarynda tebigy gazyň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Türkmenistan bilen edilýän gaz çalşygy Eýrana öz eksport borçnamalaryny ýerine ýetirmek mümkinçiligini berer.

Türkmenistan indi birnäçe ýyl bäri Eýran bilen gaz çalşygyny amala aşyrýar, emma bu gazyň göwrümi degişlilikde ýylda birnäçe milliard kub metrden aňry geçmeýär.

Türkmenistanyň býujetiniň esasy bölegini tebigy gaz eksportyndan alynýan girdejiler düzýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG