Türkmen häkimiýetleri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýurduň beýleki künjeklerinden gelip işleýän içerki migrantlary şäherden wagtlaýyn çykaryp başladylar. Munuň sebäpleri barada resmi taýdan maglumat berilmese-de, bu çäräniň ýokary derejeli hökümet resmileriniň “Awaza” syýahatçylyk zolagyna dynç almaga barmagy bilen baglanyşyklydygy aýdylýar.
“Awaza” syýahatçylyk zolagyndaky gurluşyk firmalarynyň birinde işleýän daşoguzly içerki migrantlar bu çäräniň 300-e golaý adama täsir ýetirendigini we özlerine sentýabr aýynyň başyna çenli ýazgyda duran ýerlerine gitmegiň tabşyrylandygyny gürrüň berýärler.
Daşoguzly 30 ýaşlaryndaky Maksat bu barada “Mundan 20 gün çemesi ozal bize işleýän gurluşyk firmamyzyň ýolbaşçysy sentýabr aýynyň birinji 10 günlügine çenli Türkmenbaşydan çykyp, pasportda ýazga duran ýerimize gitmegi tabşyrdy” diýip gürrüň berýär.
“Ýokardan görkezme berdiler”
Ýeri gelende ýatlatsak, aglabasy Daşoguz we Lebap welaýatyndan bolan içerki migrantlar Türkmenbaşy şäherindäki gurluşyk firmalarynda zähmet çekýärler. Bu migrantlar daşary ýurt ýa-da ýerli gurluşyk kompaniýalary tarapyndan wagtlaýyn döredilen firmalarda işçi hökmünde hasaba alynýarlar we olaryň doly sanawy şäheriň polisiýa bölümine tabşyrylýar.
Awazadaky gurluşyk firmalarynyň biriniň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda bu içerki migrantlaryň öz welaýatlaryna ugradylmagynyň iki sebäbi bar. Olaryň birinjisi, bu sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň käbirleriniň tamamlanmagy, ikinjisi bolsa, ýokary derejeli döwlet emeldarlarynyň “Awaza” syýahatçylyk zolagyna edýän dynç alyş sapary bilen baglanyşykly diýilýär.
“Türkmenistanyň ýokary derejeli hökümet resmileri zähmet rugsadyna çykyp, indi tas ýarym aý çemesi wagt bäri Awazada dynç alýarlar. Şol sebäpli bu sebitdäki gurluşyk işleriniň ählisi diýen ýaly togtadyldy. Zähmet migrantlaryna, tä hökümet resmileriniň dynç alyşlary tamamlanýança, öz welaýatlaryna dolanmaklyk tabşyryldy. Bizi, gurluşyk firmalarynyň ýolbaşçylaryny ýygnap, ‘ýokardan görkezme’ berdiler, bizem şol görkezmäni berjaý edýäris” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde tutulmazlygyny soran firma ýolbaşçysy gürrüň berdi.
Mundan ozalky ýagdaýlar
Lebap welaýatyndan “Awaza” syýahatçylyk zolagyndaky gurluşyk firmalarynda indi 10 ýyla golaý wagt bäri zähmet çekýän 40 ýaşlaryndaky Azamadyň aýtmagyna görä, içerki migrantlaryň Türkmenbaşydan çykarylmagy bilen baglanyşykly ýagdaý wagtal-wagtal gaýtalanyp durýar. Emma şeýle uzak wagtlap, ýagny tas 1 aýa golaý wagt öz obaňa dolanmaly diýilmegi birinji gezek bolýan ýagdaý.
Gepiň gerdişine görä bellesek, içerki migrantlary öz pasport ýazgysynyň bolan ýerine ugratmak bilen baglanyşykly çäre geçen ýylyň ahyrynda Aşgabatda hem bolupdy.
Şonda “Garaşsyzlygyň 24 ýyllygy” we “Bitaraplygyň 20 ýyllygy” bilen baglanyşykly görlen çäreleriň çäginde welaýatlardan Aşgabada gelip işleýän we paýtagtda ýazga, hasaba durmadyk migrantlaryň ýüzlerçesi işini taşlap, öz ýaşaýan ýerlerine gitmäge mejbur bolupdylar. Bu çäreler baýramçylyklara gabatlap görülýän howpsuzlyk çäreleri bilen düşündirilse-de, aradan tas bir ýylyň geçendigine garamazdan, Aşgabatda ýazgysy bolmadyk türkmenistanlylara garşy girizilen çäklendirmeler häzirki güne çenli hem saklanyp galýar.
Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, Türkmenbaşy şäherinde zähmet çekýän içerki migrantlaryň wagtlaýyn öz welaýatlaryna dolanmaly edilendigi barada Türkmenistanyň resmi metbugatynda halka hiç hili maglumat berilmeýär.