Türkmenistanda Aşgabatdan Türkmenbaşa we Türkmenabada gatnaýan ýolagçy otlularynyň sany artdyryldy. Edil häzirki gün Aşgabatdan Türkmenbaşa günde 3, Türkmenabada günde 4 ýolagçy otlusy gatnaýar.
Ýatladyp geçsek, bu ugurlar boýunça ýolagçy otlusynyň gatnawyny artdyrmak işine tomus paslynyň başynda girişilip, şonda Aşgabatdan Türkmenbaşa gatnaýan ýolagçy otlusynyň sany 1-den 2-ä ýetirildi. Iýun aýynyň başynda Aşgabatdan Türkmenabada gatnaýan ýolagçy otlusynyň sany bolsa 2-den 3-e ýetirilipdi.
“Ýolagçy otlularynyň gatnaw sanynyň artdyrylmagy adamlaryň nobata durýan wagtyny azaldýar. Ýöne durşuna ähli ýolagçylaryň islegini kanagatlandyrýar, ýolagçylar hiç hili kynçylyk çekmeýär diýerden entek ir” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.
Azatlyk Radiosy bu barada jikme-jik maglumat almak üçin Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.