Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanyň söwda resmileri ilata un we ýag 'paýogunyň' doly ýatyrylandygyny aýdýar


Döwlet dükanlarynyň biriniň arka gapysynyň öňünde un nobatyna duran ýaşaýjylar (Arhiw suraty)
Döwlet dükanlarynyň biriniň arka gapysynyň öňünde un nobatyna duran ýaşaýjylar (Arhiw suraty)

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki döwlet dükanlarynyň resmileri ilata ýeňillikli bahadan satylan un paýlarynyň we ösümlik ýagynyň mundan beýläk doly ýatyrylandygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda, olar ýeňillikli bahadan unuň aýda iki gezek satuwa çykaryljakdygyny, ýöne onuň “paýok” görnüşinde däl-de, erkin söwdada peýda boljakdygyny hem belleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji fewralda sebitden maglumat berdi.

“Söwda işgärleri dükanlara arzan un sorap barýan ýaşaýjylara ozal 50 kilogramy 50 manat bolan unuň indi 200 manatdan aýda iki sapar erkin satyljakdygyny aýdýarlar. Galan wagty bu unuň we beýleki unlaryň döwlet dükanlarynda we hususy telekeçilerde 300-380 manat aralygynda satyljakdygyny belleýärler” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, dükan resmileri ýeňillikli bahadan unuň haçandan başlap aýda iki gezek satuwa çykaryljakdygy we onuň nähili tertipde amal ediljekdigi barada anyk maglumat bermeýärler. Bu barada Azatlygyň ýerli söwda edarasyndan teswir almak synanyşyklary hem başa barmady.

Soňky alty ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda her aýda adam başyna 5 kilogram un 5 manatdan satylýardy. Şeýle-de, hojalyklara her aýda 1 litr ýag hem ýeňillikli bahadan paýlanýardy. Ýöne häkimiýetler ilaty bu önümler bilen kadaly üpjün edip bilmän gelýärdiler.

Şu aýyň birinji ongünlüginde unuň we çöregiň bahasy duýdansyz üç-dört esse gymmatlap, ilatyň geçen ýyl üçin un paýlary hem täze bahadan, tas bazar nyrhyndan satylyp başlandy.

Türkmen hökümeti nyrhlaryň ýokarlandyrylýandygyny öňünden yglan etmedi we sebäbini düşündirmedi. Ýöne bu waka, hökümetiň bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, 2,5 esse ýokarlandyrylýandygyny yglan etmegi bilen utgaşdy.

Bu aralykda, şenbe güni, ýagny 24-nji fewralda Türkmenbaşynyň “Kenar” bazarynda we hususy azyk dükanlarynyň ençemesinde ýerli unuň birnäçe görnüşi satuwda peýda boldy.

“Un o diýen köp däl, ýöne bahasy hem, daşary ýurtlardan import edilen unlaryň nyrhy ýaly, aşa gymmat däl. 1-nji sort unuň 50 kilogramy 300 manatdan, ýokary sort unuň 50 kilogramy 340-380 manatdan satyldy” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Geçen hepdäniň ahyrynda hususy söwdada gazak unlarynyň hem bolçulygy emele geldi. Olaryň bir kilogramynyň bahasy, hiline görä, 12-14 manat aralygynda satylýar. Ýöne habarçymyz bu unlaryň hyrydarynyň çäklidigini belleýär.

“Köp hojalyk heniz-de arzan unuň satylmagyna umyt baglaýar. Adamlar bir kilogram unuň bahasynyň 5 manatdan satylmagyna hem razy boldular. Köp adam unuň 50 kilogramy 250 manatdan erkin satylsa, halk üçin gowy ýardam bolardy diýýär. Ýöne häzir uny bu bahadan hem tapyp bolmaýar. Iň arzan ýerli unuň bahasy 6 manada barabar” diýip, türkmenbaşyly başga bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, gün-güzeranyny zordan dolandyrýan köp hojalyk ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly bolup galýar.

Nyrhlaryň duýdansyz ýokarlandyrylmagy ilatyň iýjek çöreginiň aladasyny artdyrýar. Şeýle-de, unuň bahasynyň gymmatladylmagyna iki hepdeden gowrak wagt bolan bolsa-da, onuň nyrhynyň ýurduň dürli sebitlerinde dürli-dürli bolmagy, ilatda sorag döredýär.

Habarçylarymyz şu günler ýeňillikli bahadan satylan unuň we çöregiň gymmatlamagyna nägilelik bildirip, ýerli resmilere ýüz tutýan raýatlaryň köpdügini synlasa bolýandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, häkimiýetler bu raýatlaryň arzalaryny diňläp, olary çözmäge çalyşmagyň deregine olara basyş görkezip, meseläniň üstüni ýapmaga çalyşýarlar.

26-njy fewralda Mary welaýatyndaky habarçymyz unuň gymmatladylmagy bilen bagly welaýat häkimligine baran raýatlaryň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan soraga çekilýändigini we olara indi häkimlige arza bilen ýüzlenmezlik barada duýduryş berilýändigini aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada kelam agyz söz aýdyp, mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizli

Forum

XS
SM
MD
LG