Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda gymmatlan unuň bahasy welaýata görä tapawutlanýar


Zenanlar öýde çörek bişirýärler. Türkmenistan (Arhiw suraty)
Zenanlar öýde çörek bişirýärler. Türkmenistan (Arhiw suraty)

Türkmenistanda döwlet dükanlaryndaky unuň birden esli gymmatlamagyna bir hepdeden gowrak wagt boldy. Şondan bäri ilat köpçüligi iýjek çöreginiň aladasynda bolup, täze nyrhlara öwrenişmäge synanyşýar. Bu aralykda unuň bahasy ýurduň dürli ýerlerinde tapawutlanýar. Azatlygyň habarçylary Ahal we Lebap welaýatynyň dürli ýerlerindäki ýagdaý barada habar berýärler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda un diňe täjirçilik bahadan satylýar. Emma girizýän düzgünlerini resmi taýdan aýdyňlaşdyrmaýan ýurtda ilat üçin esasy azyk önümi bolan unuň bahasynda hem durnuksyzlyk göze ilýär. Şu wagtda ýurduň dürli ýerlerinde unuň 50 kilogramlyk bir haltasyny hiline görä 125 manatdan 400 manada çenli nyrh aralygynda satyn alyp bolýar.

Habarçylaryň sözlerine görä, iň arzan un ýurt ýolbaşçylary Berdimuhamedowlaryň dogduk ýeri Gökdepede satylýar.

"Hökümetiň öň arzan bahadan satylýan çöregi we uny gymmatlatmagyndan soň dükanlarda bahalar dürli-dürli boldy. Mysal üçin Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda we prezidentiň dogduk obasy Babarapda 1 kilogram ýerli un 2 manat 50 teňňeden ýerli ýaşaýjylara satylýar" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýdýar.

Bu aralykda, onuň sözlerine görä, paýtagtyň döwlet dükanlarynda şol bir unuň 3,5 manatdan ýa-da 4,2 manatdan satylýan ýerleri bar.

"Alyjylar dükan satyjylaryndan nyrh tapawudy barada soranlarynda olar un öndürijisiniň kärhananyň çykdajylaryny hasaplap, şonuň netijesinde nyrhy kesgitleýändigini aýdýarlar" diýip, aşgabatly habarçymyz aýdýar.

Birnäçe ýylyň dowamynda ýurduň döwlet dükanlarynda adam başyna aýda 5 kilogramdan satylan bir kilogramy 1 manatlyk unuň bahasy ýaňy-ýakynda birden 3 manat 50 teňňä çenli gymmatlapdy.

Türkmen hökümeti nyrhlaryň ýokarlanmagyny öňünden yglan etmedi we sebäbini düşündirmedi. Emma bu ýagdaý döwletiň daýhanlardan gallanyň satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrmagynyň yzýany gabat geldi.

Lebap welaýatynda unuň 50 kilogramlyk haltasyny ortaça 370 manatdan satyn alyp bolýar.

Unuň gymmatlamagy çöregiň bahasynyň hem ýokarlanmagyna getirdi.

"Hususy dükanlarda we bazarlarda satylýan çörek biraz gymmatlady. Bahalar tapawutlanýar. Çöregiň agramy hem üýtgedi. Öňden 5, 10 we 15 manatdan satylan çörekleriň öňki bahasy saklanan halatynda, olar ýukaldy we tas iki esse kiçeldi. Käbirleriniň hili üýtgedi" diýip, Lebapdaky habarçymyz 22-nji fewralda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, käbir döwlet dükanlarynda buhanka çöregi öňki bahadan satylýar. Ir sagat 6:00-da gysga wagtda satylýan buhankanyň bahasy 50 teňňe.

Bu aralykda Lebap welaýatynyň obalarynda un satylmaýar. Ýaşaýjylar henizem özleriniň ozalky aýlara degişli un paýlaryna garaşýarka, ýerli resmiler un söwdasyna degişli planlary mälim etmekden saklanýarlar.

Ýerli habarçylarymyz bilen gürleşen dükan işgärleri bolsa, unuň täze bahasynyň özlerine entek aýdylmandygyny we onuň döwlet tarapyndan kesgitlenmegine garaşylýandygyny aýdýarlar.

Unuň 250%, çöregiň 150% çemesi gymmatlandygy 12-nji fewralda belli boldy. Munuň bilen dükanlaryň öňündäki nobatlar hem aýryldy. Döwlet dükanlarynda un-çöregiň ýyllarboýy adam başyna çäkli mukdarda satylmagyna we köplenç hiliniň pes bolandygyna garamazdan, oňa hyrydar köpdi.

Türkmenistanda arzanrak çörege mätäçlik çekýän ilat köpçüligine unuň birden gymmatlamagy garaşylmadyk zarba boldy.

Azatlygyň habarçylary un-çöregiň gymmatlamagynyň, bahalarynyň durnuksyzlygynyň we häkimiýetler tarapyndan hiç hili düşündiriş berilmezliginiň ilata uly zarba urýandygyny, garyplaşýan halk köpçüligini umytdan, haldan düşürýändigini belleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG