Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 15 desgany hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalary yglan etdi diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri “Türkmenistan” gazetine salgylanyp habar berýär.
Bäsleşikli söwdalar 20-nji aprelde Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçiriler.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylýar diýip, anyklaşdyrylmazdan habar berilýär.
Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi hakynda maslahatlary hem-de hususylaşdyryljak desgalar baradaky goşmaça maglumatlary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölüminde hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň maliýe we ykdysadyýet müdirlikleriniň ugurdaş bölümlerinden alyp bolar diýip, habarda bellenýär.
Türkmen hökümetiniň tankytçylary döwleti ykdysady erkinligi bogup, hususy eýeçilige berlen pudaklary hem berk gözegçilik astynda saklamakda, önümçiligiň giňelmegine böwet bolmakda, emeli gytçylyk döretmekde aýyplaýarlar.
Türkmenistanda döwlet edaralarynyň hususyýetçilige geçirilýändigi, hatda soňky ýyllarda uly döwlet serişdesine gurlan onlarça desganyň, şol sanda deňiz kenaryndaky myhmanhanalaryň, guşçuluk toplumlary, ýyladyşhanalar ýaly önümçilik kärhanalarynyň hususy eýeçilige geçirilendigi kän anyklaşdyrylmazdan habar berildi.
Ykdysatçy Hudaýberdi Orazow hususylaşdyrmagyň hakykatdanam köp ýyl bäri dowam etdirilýändigi bilen ylalaşýar, ýöne onuň häzirki ýagdaýda ykdysadyýetiň gowulaşmagyna, halkyň gowy ýaşamagyna peýda berýändigi bilen ylalaşmaýar.