Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ulag sürüjilerine A-95 benzin bekedinden A-92 markaly benzin 'satylýar'


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň ýangyç guýýan beketlerinde raýatlara A-95 görnüşli benzin bekedinden A-92 görnüşli benzin satylýar. Ýöne ulag eýeleri bu ýagdaýlar barada bilmeýärler diýip, sebitiň ýangyç guýýan beketleriniň birnäçe işgäri we energetika hünärmeni aýdýar. Resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmadyk bu maglumatlar, Türkmenistanda A-95 görnüşli benziniň ýetmezçilik edýändigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

"Welaýatyň merkezi Türkmenabat şäherindäki we etraplaryndaky ýangyç guýýan beketlerde sürüjilere A-95 markaly benziniň ornuna A-92 markaly benzin guýulýar. Üstesine-de, ulag eýelerinden A-92 benziniň nyrhynda däl-de, A-95 markaly benziniň nyrhynda töleg alynýar. Sürüjiler A-92 markaly benzin alsalar-da, onuň bir litri üçin 1 manat 50 teňňe, ýagny A-95 markaly benziniň bahasynda töleg töleýärler" diýip, ýangyç guýýan bekediň bir işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Sebitiň nebit kärhanalarynyň birinde işleýän energetika hünärmeniniň aýtmagyna görä, häkimiýetleriň bu ädiminiň sebäbi A-95 markaly benziniň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly.

"Türkmenabadyň Zerger etrapçasyndaky nebit önümleri saklanýan bazadan welaýatyň ähli ýangyç guýýan beketlerine benzin we dizel ýangyjy paýlanýar. Bazada A-95 görnüşli benziniň ýokdugy sebäpli, ilata A-92 benzin satylýar. Häkimiýetler ilat arasynda dowul döretmejek bolup, olara A-95 benzins atylýan ýaly edýärler" diýip, energetika hünärmeni anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada kommentariýa almak üçin “Türkmennebitönümleri” baş müdirligi bilen telefon arkaly habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýanyň 10-njy aprelde ikindine çenli eden synanyşyklary oňyn netije tapmady.

Lebaply sürüjileriň ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdylýan ýagdaýlar baradaky maglumatlar, ýurduň dürli sebitlerinde ýangyç, hususan-da A-95 görnüşli beniziniň gytçylygynyň ýygy-ýygydan emele gelýän mahalyna gabat geldi.

Fewralyň ahyrynda Balkan welaýatyndaky habarçymyz Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde, şeýle-de Bereket etrabynda dizel ýangyjynyň iki ýarym aýdan gowrak wagt bäri tapdyrmaýandygyny, A-95 we A-80 görnüşli benziniň ýetmezçilik edýändigini aýtdy. Şonda habarçy ýangyç gytçylygyndan ejir çekýän sürüjileriň nebiti gaýtadan işleýän iri zawodyň ýerleşýän sebitinde benzin gytçylygynyň emele gelmegi bilen bagly gahar-gazap beýan edýändigini, beketleriň işgärleri bilen ulag sürüjileriniň arasynda dürli dawalaryň ýüze çykýandygyny hem belläpdi.

Şol pursatda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň bir ýokary derejeli hünärmeni ýangyç gytçylygyny “soňky aýlarda awtobenziniň we dizel ýangyjynyň has köp mukdarda Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa Federasiýasyna iberilmegi bilen” düşündiripdi.

Soňky bir aýyň dowamynda türkmen mediasy Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Türkiýede, Özbegistandan gelen işewür toparlarynyň “Türkmennebit”, “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, uçar hem-de yşyklandyryş kerosinini satyn alandygy barada ençeme gezek habar berdi.

TDH Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň maglumatlaryna esaslanyp, bu geleşikleriň umumy bahasynyň onlarça million ABŞ dollaryna barabar bolandygyny belledi.

Soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň dürli sebitlerinde benziniň we dizel ýangyjynyň gytçylygy ýygy-ýygydan ýüze çykýar, nobatlar döreýär, benzin çäkli satylýar, käbir halatlarda satuwdan aýrylýar. Geçen ýylyň güýzünde Balkandaky habarçylarymyz dizel gytçylygynyň käbir etraplarda bugdaý ekişini bökdeýändigini hem habar beripdi. Geçen ýylyň tomus aýlarynda bolsa Balkanyň käbir sebitlerinde benzin gytçylygy bilen baglylykda, ýoluň gyralarynda eli boklaşkaly durup, ýangyç soraýan sürüjileriň köpelendigi barada maglumatlar gelip gowşupdy.

Türkmenistanyň hökümet resmileri ýurduň dürli sebitlerinde emele gelýän ýangyç gytçylygy barada beýanat bilen çykyş etmeýärler. Ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem, ilatyň ýangyç ýetmezçiligi bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada habar bermeýär.​

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG