Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollaryň hümmeti üç aýyň içinde "gara" bazarda üçden-bire aşaklady, bahalar bolsa artdy


Aşgabadyň ýaşaýjylary hersi bir manatdan bolan ýumurtganyň nobatynda.
Aşgabadyň ýaşaýjylary hersi bir manatdan bolan ýumurtganyň nobatynda.

Türkmenistanyň gara bazarynda ABŞ dollary soňky birnäçe hepdäniň dowamynda üýtgemän gelýär, ýurduň bazarlarynda azyk önümleriniň bahasy bolsa ýokary bolmagynda galýar. Şol bir wagtyň özünde, biziň habarçylarymyzyň aýtmagyna görä, ýerli önümleriň bahasy hem ýokarlanýar, söwdagärler muny dollaryň bahasynyň gymmatlygy bilen düşündirýärler.

Habarçylarymyzyň sözüne görä, duşenbe güni gara bazardaky dollaryň hümmeti satyn alnanda 23,2 manat, satylanda 23,6 manat boldy. Şeýlelik bilen, soňky birnäçe hepdäniň dowamynda, amerikan walýutasynyň bahasy gaty bir üýtgemedi.

Muňa garamazdan, azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahasy dollaryň gara bazardaky nyrhynyň 30 manatdan ýokary wagtyndaky derejesinde galýar. Habarçylarymyzyň aýtmagyna görä, käbir ýagdaýlarda bahalar hatda ýokarlanypdyr.

Habarçylarymyz Türkmenistanyň dürli sebitlerinden ýerli bazarlardaky bahalar barada maglumat berýärler.

Aşgabatdaky habarçylarymyzyň aýtmagyna görä, soňky birnäçe günüň dowamynda, ýerli öndürilen towuk eti paýtagtyň käbir bazarlarynda 21 manatdan satyldy, öň bolsa 40 manat we ondan hem ýokary bolupdy.

“Ýöne döwlet eýeçiligindäki söwda nokatlaryndaky ýeser satyjylar gelýän harytlaryň ýarysyndan hem azyny satuwa çykarýarlar. Galanyny bolsa ýaşyryp, bazar bahasyndan satýarlar" diýip, 6-njy dekabrda paýtagtyň "Gülistan" bazarynda bir alyjy habarçymyza aýtdy.

Geçen hepdede Azatlygyň habarçylary Aşgabat häkimiýetleriniň azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen arzan sygyr we towuk etlerini, ýumurtgany nädip bazara çykarandyklary barada habar berdiler.

Bu çäre prezidentiň ogly, premýer-ministriň orunbasary Serdar Berdimuhamedow tarapyndan hödürlenen "Çökgünlige garşy maksatnama" diýilýän dokumente Berdimuhamedowyň gol çeken wagtyna gabat geldi.

Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, bu ýagdaýy “azyk bolçulygy” diýip häsiýetlendirip bolmaz.

“Birnäçe günden bäri käbir döwlet dükanlary ir ertir biri 1 manatdan ýumurtga satýarlar. Adamlar eýýäm öňünden garawullap durýarlar, ol çalt gutarýar. Şu gün (6-njy dekabr) 11-nji kiçi etrapçanyň telekeçilik söwda dükanlarynyň birine hem ýumurtga getirilip, göni ulagyň üstünden düşürilmän, şol ýerde biri 1 manatdan satylyp başlandy. Derrew nobat emele geldi, bir ele 10 ýumurtga goýberdiler, ýöne awtoulagda köp ýumurtga bardygyna garamazdan, satuw bes edildi" diýip, paýtagtyň ýaşaýjysy aýdýar.

Paýtagtdan başga bir habarçymyzyň sözlerine görä, awgust aýyndan bäri gara bazarda dollaryň hümmetiniň üçden birine peselendigine garamazdan, käbir azyk önümleriniň bahasy ýokarlanýar.

“Bazardaky satyjylar adatça ýokary bahalary dollaryň ösüşi bilen düşündirýärler. Ýöne awgust aýynda dollar 35 manat boldy, indi 24 manatdan hem aşaklady. Muňa garamazdan, esasy önümleriň bahasy awgust aýyndaky ýaly üýtgewsiz galýar ýa-da ýokarlanmagyny dowam etdirýär. Mysal üçin, iň köp sarp edilýän önümleriň biri bolan kartoşka häzirki wagtda 9,8 - 10 manat, bir hepde mundan öň 7 manada satyn alyp bolýardy. Beýleki esasy zerur harytlar hem gymmatlaýar, bir litr ösümlik ýagynyň bahasy 42 manat, orta hilli sygyr eti 65 manat, tamdyr çöreginiň hersi 7 manatdan, 10 manat aralygynda. Häkimiýetleriň baýramçylygyň öň ýany halky köşeşdirjek bolup arzan eden sygyr etini 35 manatdan satmaga çalyşýar, ýöne oňa seretmegem islemeýärin" diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy habarçymyza zeýrenýär.

Aşgabatdan tapawutlylykda, sebitleriň häkimiýetleri “azyk bolçulygy” diýilýän zady döretmäge synanyşmaýarlar.

Biziň Mary welaýatyndaky habarçymyz ýerli bazarlarda esasy harytlaryň bahasynyň paýtagtdakylardan tapawudynyň ýokdugyny, käbir ýerlerde bolsa has gymmatdygyny habar berdi.

Şeýlelikde, Mary bazarynda bir litr günebakar ýagy 45-50 manada, arassalanmadyk pagta ýagy 36 manada satylýar, sygyr etiniň bir kilogramy 65 manada, kartoşka 11 manada, hiline baglylykda tüwi 15-25 manat aralygynda durýar.

“Subsidirlenen harytlar hem gelýär, ýöne olar aşakdan gizlin satylýar. Mysal üçin, biziň bazarymyza (Ak Bazar) towuk eti hem getirildi, ol bellenen döwlet bahasy 20 manatdan satylmalydy. Ýöne ony 40-50 manatdan satylýar. Döwlet eýeçiligindäki söwda nokatlarynda sygyr etini 30 manatdan satýarlar, ýöne onuň hili şübheli. Şeýle et hem doly satylmaýar, söwda çalt gutarýar, galan et kolbasa ýasaýjy kärhanalara satylýar" diýip, Mary şäheriniň Oguzhan köçesinde ýerleşen Ak Bazaryň bir satyjysy aýdýar.

Türkmenistanda soňky bäş ýylda dowam edýän agyr ykdysady meseleleri pandemiýa şertleri hasam çuňlaşdyrdy, netijede ýurduň ilatynyň köp bölegi üçin, bazar bahalary elýeterli däl. Maşgalalaryň köpüsi hökümet tarapyndan berilýän subsidirlenen azyk önümlerine garaşly boldular. Ýöne soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri subsidirlenen azyk önümleriniň mukdaryny kem-kemden azaldýar.

Türkmenistanyň hökümeti ykdysady kynçylyklaryň bardygyny, azyk ýetmezçiligini we pandemiýanyň ilatyň ýaşaýyş derejesine ýaramaz täsirini ykrar etmeýär. Şeýle-de bolsa, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, geçen hepde prezident Berdimuhamedow ýagdaýy açyk aýtmazdan, “çökgünlige garşy maksatnama” diýilýän maksatnamany tassyklady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG