Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň ykdysady çökgünligi – Arkadag ýurdy heläkçilikden çykarmak isleýärmi


 Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «berkarar we bagtyýar döwletde» bar zadyň ugruna barmaýandygy üçin, «bulaşyk şübhelere» batýana meňzeýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «berkarar we bagtyýar döwletde» bar zadyň ugruna barmaýandygy üçin, «bulaşyk şübhelere» batýana meňzeýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda azyk önümleri üçin uly nobatlaryň döremegi, bankomatlaryň öňünde adamlaryň jemlenmegi, iş ýerleriniň köpçülikleýin azaldylmagy adaty ýagdaýa öwrüldi. Bilermenleriň aýtmagyna görä, sada türkmen halky garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda iň agyr döwüri – ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär, görnüşinden bu geljekde-de agyrlaşjaga meňzeýär. Döwlet propaganda serişdelerinde ajaýyp üstünlikler baradaky tassyklamalara garamazdan, hatda türkmen prezidentiniň özi hem «berkarar we bagtyýar» döwletde bar zadyň ugruna bolup barmaýandygy üçin «düşnüksiz şübhelere» batýana meňzeýär. Ýagdaýa koronawirus pandemiýasy öz netijeleri bilen kömek etmeýär. Bilermenler baý energiýa çeşmeleri bolan ýurduň ykdysady heläkçiligini Türkmenistan hökümetiniň başarnyksyzlygy hem-de korrupsiýa batmagy netijesinde bolýar diýip hasaplaýarlar.

Ir ertirden Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherindäki döwlet dükanlarynyň birine ýygnanan iki ýüz adamyň arasynda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy hem bar. Dükanyň açylmagyndan iki sagat öň, ir sagat 4 töweregi nobata duranynda, ol ýerde eýýäm 60 töweregi adam jemlenen eken, dükan açylýança howla ýygnananlaryň sany üç esse artypdyr.

Dükan sagat altydan soň açyldy, ýöne ol açylmazdan ýarym sagat öň märekäniň arasynda gyslyşyk emele gelýär, adamlar kim kimiň yzyndan durandygyny dawalaşyp başladylar. Birnäçe polisiýa işgäri nobata gözegçilik etdiler, aýratyn-da olaryň wezipesi nobata duranlaryň suratynyň alynmazlygyna hem wideo düşürmezligine gözegçilik etmek bolup durýar.

Türkmençe gapma-garşylyk –subsidirlenen gymmat azyk önümleri hem ýokary aýlyklaryň azaldylmagy

Şol gün günebakar ýagynyň bir aýlyk paýy satylýan eken. Onuň litri 22 manadan, bu arzanladylan baha hasaplanýar, arzanam bolsa resmi kurs boýunça ABŞ-yň 6,3 dollaryna deň. Deňeşdirmek üçin aýdylsa, döwlet dükanlary we subsidiýalary ýok goňşy Özbegistanda ýa-da Russiýada bir litr günebakar ýagy ortaça 1,50 dollara durýar.

Ýöne ýagyň bir litri 6 dollardan gowraga duraýanda-da, ol ahyrky baha däl, sebäbi häzir döwlet dükanlary subsidirlenen önümleriň ýany bilen gerekmejek möhleti geçen dürli harytlary goşup satýarlar. Şol gün her litr ýagyň ýany bilen bahasy 8 manada durýan möhleti geçen köke önüminiň bir paketini satyn almak talap edilipdir. Şeýlelikde, ýagyň bahasynyň her litri 30 manada (8,6 dollar) ýetýär.

Nobaty ýeten bir aýal satyjydan köne kökäni goşmazdan ýag satmagyny haýyş edip başlady, ol özüniň beýleki önümleri hem satyn almalydygyny, muňa ýeterlik pulunyň galmajakdygyny, bank kartasynyň bolsa hiç ýerde kabul edilmeýändigini düşündirdi. Ýöne satyjy oňa gödek görnüşde gaýtargy berdi, megerem, ol başgalaryňam muny haýyş ederinden howatyrlandy.

Türkmenistanda döwlet dükanlaryň öňünde ýa-da arka tarapynda subsidirlenen azyk önümleri üçin uly nobatlar emele gelýär, möhüm harydyň ýany bilen geçmän duran we möhleti könelen kökeleri ýa-da konserwirlenen azygy satyn almak zerur.
Türkmenistanda döwlet dükanlaryň öňünde ýa-da arka tarapynda subsidirlenen azyk önümleri üçin uly nobatlar emele gelýär, möhüm harydyň ýany bilen geçmän duran we möhleti könelen kökeleri ýa-da konserwirlenen azygy satyn almak zerur.

Döwlet dükanlarynyň ilata zerur däl harytlary nädip we näme üçin satýandygy barada Azatlyk eýýäm aýdypdy. Nagt pul we bank kartoçkalary bilen bagly kynçylyklar Azatlygyň gepleşikleriniň esasy mowzuklarynyň birine öwrüldi.

Azatlygyň habarçysy, möhleti geçen kökäni satyn almakdan gutulyp bilmedik Baýramgül (ady üýtgedildi) bilen gürleşmegi başardy. Ol Türkmenabatdaky keselhanalarynyň birinde şepagat uýasy bolup işleýändigini aýtdy. Maşgaladaky bäş adamdan diňe bir özüniň işleýändigini aýtdy. 36 ýaşly Baýramgül täze ýyla çenli 1800 manatdan sähel gowrak aýlyk alýan eken, ýöne 1-nji ýanwardan aýlyk haklarynyň 10% ýokarlanandygyna garamazdan, gijeki smena we zyýan üçin goşmaça tölegleri ýatyrmak bilen aslynda ähli saglyk işgärleriniň aýlyklaryny ortaça 20% azaltdylar. Ýanwar aýynda ol 1400 manatdan hem az aýlyk aldy.

Şeýle-de bolsa, Baýramgül Türkmenistanyň ilatynyň aglaba köplügi bilen deňeşdirilende, öz ýagdaýyny iň erbetleriň hatarynda hasaplaýar, sebäbi Türkmenistanyň hökümetine ýakyn çeşmäniň maglumatyna görä, işsizligiň derejesi 60 göterime ýeten bolmaly. Aýratynam soňky üç ýylda işleýän türkmen raýatlarynyň 80%-den gowragynyň jemlenýän döwlet sektorynda on müňlerçe iş ornunyň ýapylandygy göz öňünde tutulsa, onuň bilen ylalaşmazlyk mümkin däl.

40 ýaşdan geçen türkmenistanlylar häzirki ykdysady çökgünligi 1990-njy ýyllaryň başynda, ýurduň garaşsyzlygy täze alaýan döwürlerinde maliýe kynçylyklary sebäpli agyr azyk krizisine duçar bolan döwri bilen deňeşdirýär. Türkmenler şol döwri "açlyk ýyllary" diýip atlandyrýarlar. Indi Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolanlar "90-njy ýyllaryň açlygy gaýdyp geldi" diýýärler.

«90-njy ýyllaryň açlygyndan soň» ýitirilen mümkinçilikleriň döwri

Şol döwürde gazyň we nebitiň bahasynyň ýokarlanmagy hem-de onuň eksportynyň artmagy sebäpli Türkmenistan "90-njy ýyllaryň açlygyndan" çalt çykmagy başardy. "Gaz dollary" diýlip atlandyrylýan baýlyk diňe bir ykdysady durnuklylygy üpjün etmek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat "Türkmenbaşy" Nyýazowyň hökümeti ilata ýeňillikli artykmaçlyklary bermäge mümkinçilik tapdy. Sowet döwründäki döwlet dükanlaryny saklamak bilen bir hatarda gaz, elektrik togy we suw mugt boldy, şeýle hem azyk önümlerine subsidiýa berildi. Mundan başga-da, döwlet esasy iş beriji statusyny saklap, ýüzlerçe müň iş ornuny döretdi. Şonda-da işsizligiň ýokary bolmagyna garamazdan, döwlet ýeňillikleri we subsidiýalar arkaly ilatyň aglaba bölegi abadan ýaşady.

Türkmen žurnalisti Serdar Aýtakow Türkmenistanda "dokçulyk döwürleriň" takmynan 2015-nji ýyla çenli dowam edendigini ýatlaýar.

“2014-2015-nji ýyla çenli adamlar birneme ganymat ýaşadylar. Manadyň hümmetiniň durnukly bolmagy, býujet işgärleriniň ýokary aýlygy, olar bolsa ilatyň esasy bölegi, şonuň üçin halkyň ýagdaýy gowudy. Muny gytaklaýyn ýagdaýda ýa-da gönüden-göni halkyň sarp edijilik ukyby hem karz berlişiniň ýokarlanmagy subut edýär, satyjylar we banklar karz bermekden we harytlary bölekleýin satmakdan hoşal boldular, häzirki krizisiň başlanmagy bilen ol ýagdaý aradan aýryldy. Şol döwürde bazarlaryň harytlar bilen üpjünçiligi gaty ýokarydy, baýlyk, awtoulaglar we gozgalmaýan emläk ýokary bahalydy. Mysal üçin, meniň tanşym, mugallyma aýal takmynan 450-500 dollar «arassa» aldy, mekdepden daşary gündelik tölegli sapaklardan hasam köp gazandy, ol mugallyma oglunyň maşgalasy üçin kwartira satyn alyp bildi we hatda maşyn edindi. Pandemiýanyň başlanmagy bilen soňky ýyllarda walýutanyň hümmeti 3 – 4 esse peselip, ol «gara hümmete» öwrüldi. Beýleki kategoriýalarda has pese gaçdy” diýip, türkmen žurnalisti gürrüň berýär.

Türkmenistanyň ilatynyň aglaba böleginiň garyplyk derejesinde ýaşaýandygyna garamazdan, Arkadagyň söýgüli iti Alabaýa Aşgabatda ýadygärlik gurmak üçin, millionlarça dollary harçlandy.
Türkmenistanyň ilatynyň aglaba böleginiň garyplyk derejesinde ýaşaýandygyna garamazdan, Arkadagyň söýgüli iti Alabaýa Aşgabatda ýadygärlik gurmak üçin, millionlarça dollary harçlandy.

"90-njy ýyllaryň açlygyny" hasrat bilen ýatlaýan şepagat uýasy Baýramgül garaşylmadyk kyn günler başlanýança, ömrüniň köp bölegini gowy günlerde ýaşandygyny aýdýar. Adamsynyň 2013-nji ýylda Türkmenabatdaky himiýa zawodyndan işinden boşadylandygyna garamazdan, 2018-nji ýyla çenli hususy awtoulagynda hyzmat edip, ýaramaz gazanmandygyny ýatlaýar. Emma soňra hususy taksiler gadagan edilip, Baýramgül maşgalanyň esasy hem ýeke-täk ekleýjisi özi bolup galýar.

Glazgo uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni, professor Luka Ançeşki 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymyndan, 2000-nji ýyllaryň ahyryna çenli ilatyň aglaba böleginiň durmuş şerti birneme gowulanypdy, hakyky kynçylyklar ondan birnäçe ýyl soň başlandy diýýär. Ilatyň aglaba bölegi Türkmenistanyň 30 ýyl töweregi garaşsyzlygynyň köp döwrüniň ýitirilen pursatlar bolandygyny ýatlaýar.

«90-njy ýyllardan başlap, Russiýa durnukly gaz eksport edenlerinden soň, uly mümkinçilikleri ýitirip başlandyklaryny aýdyp bileris. Ykdysady kynçylyklaryň esasy sebäbi, energiýa baýlygynyň bahasynyň ýokary bolmagyndan hem eksportyň uly mukdaryndan köp girdeji gelýändigine garamazdan, olar uzak möhletleýin ösüş üçin hiç wagt maýa goýmadylar. Hem Nyýazow, hem Berdimuhamedow ikisi-de uly girdeji gelip duranyna diýseň begendiler. Ýöne olarda hususylaşdyrmak, döwletiň ykdysadyýetdäki roluny azaltmak, ykdysadyýeti gazdan diwersifikasiýa etmek synanyşyklaryny amala aşyrmak meýli bolmady. Mundan başary-da, gaz ýataklaryny özleşdirmek üçin, daşary ýurt maýadarlaryny çekmek islemediler. Munuň gapma-garşylykly bolup görünmegi mümkin, ýöne men häzirki döwürde türkmen ykdysadyýeti bilen Sowet döwründäki Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň arasynda düýpli tapawudy göremok. Munuň özi bolsa, gynansak-da, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gysga möhletli, ne-de orta ýa-da uzak möhletleýin ösüşe ukypsyzlygyny aňladýar. Elbetde, olaryň statistiki hyýallary ýyllyk ösüşiň dört ýa-da alty göterim boljakdygyny göz öňüne getirip biler, ýöne munuň dogry däldigini hemmeler bilýär ahryn» diýip, professor Ançeski aýdýar.

Şepagat uýasy Baýramgül ýurtdaky saglyk ulgamynyň işgärleriniň köpüsi ýaly, aýlyklarynyň azaldylmagyna esaslanyp, hökümetiň ykdysady ösüş baradaky getirýän sanlaryna şübhelenýär. Mundan başga-da, adamlar näme üçin ýurduň hökümetiniň ykdysady kynçylyklary, azyk ýetmezçiligini, garyplygy çözmegiň ýerine, hamana beýle zat bolmaýandygyny öňe sürüp, halka peýdasy degmeýän taslamalara milliardlarça dollar sarp etmegini dowam etdirýändiklerine düşünmeýär.

Baýramgül ykdysadyýete möhüm bolan, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýaramazlaşmagy meselesine dahylly derwaýys bir meselä degip geçdi. Koronawirus pandemiýasy sebäpli agyr ykdysady çökgünlige garamazdan, Berdimuhamedow hökümetiniň alyp barýan päsgelçiliksiz isripçiligi – gerekmejek çykdajylary bilermenleri hem synçylary geň galdyrýar.

Krizis döwründäki şowhun

Türkmen häkimiýetleriniň Türkmenistanda COVID-19 keseliniň doly ýokdugyny öňe sürmegine garamazdan (Azatlyk 2020-nji ýylyň 3-nji martynda Aşgabatda koronawirusyň ilkinji ýüze çykmasyny habar berdi) Berdimuhamedowyň özi pandemiýanyň getiren ykdysady çökgünligini eýýäm ykrar etdi. Şeýle-de bolsa, onuň howandarlygyndaky gazet-žurnallar dünýäniň beýleki ýurtlaryna garamazdan, Türkmenistanyň «berkararlyk hem bagtyýarlyk» mekanyna öwrülendigini dowam etdirýär. Prezident ilkibaşda ykdysady kynçylyklar sebäpli käbir gymmat bahaly taslamalara täzeden garamagy buýran ýaly görünse-de, örän haşamly myhmanhanalaryň nobatdaky tapgyryny, işewürlik merkezleri, Alabaý ite ajaýyp ýadygärlik gurmagy, welosiped sportyna ýadygärligi we başga-da köp zatlary goldap, ýurduň soňky teňňesini harçlaýar.

Bu aralykda, Hytaýyň gümrük gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistandan Hytaýa gaz eksporty 2019-njy ýylda 33,2 milliard kub metr bolanlygyndan, 2020-nji ýylda 28,6 kub metre çenli azalypdyr. Türkmen gazynyň Hytaýa eksportynyň 2020-nji ýylda 30% azalmagy bilen, ondan gelýän girdeji 6 milliard dollar bolupdyr, ol 2019-njy ýylda 8,6 milliard dollar bolan eken. Şol wagtyň özünde, bilermenleriň baha bermegine görä, gazdan alynýan girdejiniň ep-esli bölegi Türkmenistan-Hytaý turbageçirijisiniň çykdajylary üçin, Hytaýyň eden çykdajylaryna berilýär.

Geçen ýylyň mart aýynda koronawirus pandemiýasynyň arasynda Hytaý Türkmenistandan gaz importynyň 20% azalýandygyny mälim etdi.

Pandemiýa başlandan bir ýyl soň, fewral aýynyň ahyrynda Berdimuhamedow ilkinji gezek koronawirusyň «garaşylmadyk ýaramaz netijelerini» boýun aldy, mundan ozal bolsa öz işgärleriniň ykdysady we energetika pudagynda alyp barýan işlerine närazylygyny bildirdi, onlarça berk käýinç yglan etdi, hatda parlamentiň deputatlaryna-da käýinç berdi.

COVID-19 pandemiýasy, şübhesiz, eýýäm çuňňur pese gaçýan Türkmenistanyň ykdysadyýetine ep-esli zarba urdy.

Ekspertleriň pikiriçe, agyr ykdysady krizis diňe pandemiýa sebäpli hem däl, Berdimuhamedow hökümetiniň oýlanyşyksyz pul sowurmagynyň hem ukypsyz ykdysady syýasatynyň, esasan-da onuň ýöredýän režiminiň yzygiderli korrupsiýa batmagydyr.

2019-njy ýylyň awgust aýynda tanymal amerikaly ykdysatçy, Jon Hopkins uniwersitetiniň professory hem-de Kato institutynyň walýuta meseleleri Proýektiniň müdiri Stiw Hanke Türkmenistan hökümetine «başarnyksyz» diýip kesgitleme berdi.

«Türkmen hökümetini bir söz bilen düşündirip bolar – başarnyksyz. Bütindünýä banky Türkmenistanyň öz wagtynda, ygtybarly ykdysady maglumatlary berip bilmeýändigini aýdýar. Döwlet nukdaýnazaryndan seredeniňde, kanunyň üstünden höküm çykarmak, korrupsiýa gözegçilik etmek, jogapkärçilik – bu hökümet dünýädäki ýurtlaryň 90% -inden has erbet» diýip, ykdysatçy Twitter sahypasynda ýazdy.

Glazgo uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça barlagçysy Luka Ançeski amerikaly kärdeşiniň beren bahasy bilen ylalaşýar, ýöne munuň diňe bir ukypsyzlyk däldigini-de aýdýar.

«Olaryň [ykdysady netijelere ýetmezligi] diňe bir ukypsyzlykdan däl, eýsem işe başlanynda ýaramaz niýetleri bar. Olar ýurduň baýlyklaryny gizlin kleptokratik maksatlar – owaly öz haýry üçin ulandylar. Sansyz awtoulag ýollary, demir ýollar, gymmatly kaşaň binalar, ýadygärlikler; görnüşi ýaly ummasyz serişdäniň biderek harçlanmagy hasaplanýar, ýagny olar biziň nukdaýnazarymyzdan biderek görünýär. Olaryň pozisiýasyndan bolsa, beýle işler köp puly jübiňe urmak üçin mümkinçilik. Şol sebäpden, [Berdimuhamedowyň] hökümetinden ykdysadyýetde zerur üýtgeşmeler girizmek ukybyna, aýratyn-da şeýle isleginiň bardygyna garaşyp bolmaz. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň post-sowet döwri iki prezident – Nyýazow bilen Berdimuhamedowyň arasynda deň bölünýär, olaryň ikisi hem hökümet başynda 15 ýyl boldy. Ikisi-de haýsydyr bir gurluş özgertmelerini amala aşyrmakda deň derejede ukypsyzdyklaryny görkezdiler» diýip, professor Ançeski aýdýar.

Nyýazowyň dolandyran döwründe Türkmenistan uly, gymmat bahaly taslamalary amala aşyrdy, ýöne häkimiýet başyna gelen Berdimuhamedow öz geriminiň ozalkylardan has giňdigi bilen dünýäni haýran galdyrmagy karar etdi.

Eýýäm 2007-nji ýylyň maý aýynda, prezidentlige saýlananyndan üç aý geçmänkä, Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda "dünýä derejesindäki şypahananyň" gurulýandygyny yglan etdi (aslynda ölmezinden öňräk "türkmen riwierany" döretmek pikirini Saparmyrad Türkmenbaşy öňe sürdi). Eger Nyýazow "türkmen Kuweýtini" döretmegi wada beren bolsa, Berdimuhamedow "türkmen Dubaýyny" nyşana alyp, dabarasy dag aşan, öz "beýni çagasydygyny" aňladýan Awazany belende göterdi. Öz gurluşygy bilen göz üçin gurlan, milliardlarça dollar harçlanan Awaza hemişelik boş kurort hökmünde köp dilleriň senasyna öwüldi.

Awazadaky myhmanhanalaryň biri Gämi 2016-njy ýylda guruldy, ýöne köplenç boş durýar.
Awazadaky myhmanhanalaryň biri Gämi 2016-njy ýylda guruldy, ýöne köplenç boş durýar.

Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky gurluşyk şowhuny diňe Awaza bilen çäklenmedi, sebäbi ýylyň dowamynda köpüsi ulanylmaýan, onlarça milliard dollar biderek harçlanýan gurluşyk taslamalary ol häkimiýet başyna geleli bäri dowam edýärdi. Resmi maglumatlara görä, soňky bäş ýylda Türkmenistanda gurluşyk taslamalaryna 50 milliard dollardan gowrak serişde sarp edildi. Bu döwürde, ýene resmi maglumatlara görä, döwlet býudjeti ýylda ortaça 10% azalypdyr, 2017-nji ýylda 104 milliard manat bolanlygyndan, 2021-nji ýylda 79 milliard manata çenli azaldy.

Berdimuhamedowyň biderek pul harçlamak ‘abraýy’ 2017-nji ýylda ýapyk binalardaky Aziýa oýunlaryny taýýarlamak we ony geçirmek döwründe iň ýokary derejesine ýetdi. Dürli çeşmelere görä, oňa 15 milliard dollara çenli serişde sarp edildi. Olardan Olimpiýa şäherjigi diýilýän gurluşyga 5 milliard, täze howa menzili üçinem 2,2 milliard dollar gidipdir. Deňeşdirmek üçin aýtsak, şondan bir ýyl ozal Rio de Janeýroda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryna 13 milliard dollar sarp edilipdi.

Aşgabatly žurnalist Serdar Aýtakow hut şol wagtlarda türkmen ykdysadyýeti üçin ýokary galynyp bolmajak döwrüň başlandygyny aýdýar.

«Birnäçe faktor boldy. Hut şol döwürde uglewodorodlaryň bahasy peselip başlady. Beýle bir beýikli-pesli bolmadyk, ýöne planly ýagdaýda Aziýa oýunlaryndan has öň, ýöne şoňa barabar ýagdaýda esasy gurluşyk çykdajylary 2014-nji ýyldan hem ondan soň dowam etdirildi. Şol bir wagtyň özünde, Awaza üçinem çykdajylar dowam etdirildi, ýöne Awaza Aziýa oýunlary üçin edilýän gurluşygyň ýanynda, beýle bir göze ilmeýärdi. Ýene has möhümi, Hytaýa bergileri tölemegiň wagty geldi. Türkmenistan berginiň göterimini tölemäge hötde gelse-de, onuň esasy töleg bölegi has agyrlaşdy, birnäçe karz bardy, ýagny uly karzlar köpdi. Bularyň barysy bilelikde ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna getirdi» diýip, Serdar Aýtakow aýdýar.

Çykalga barmy?

Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda bolup geçen iň çuňňur ykdysady çökgünlik, synçylaryň pikiriçe, Berdimuhamedowyň hökümetiniň türkmen ykdysadyýetini ýumrujy ädimleri ätmegine päsgel berilmedi. Hut häzirki wagtda-da, ilatyň aglaba böleginiň garyplyk çäginde duran wagtynda-da, umumy bahasy 1 milliard dollardan gowrak bolan birnäçe myhmanhananyň gurluşygy Aşgabatda dowam edýär.

Bilermenler 1990-njy ýyllarda Türkmenistanyň ykdysady çökgünlikden has aňsat we çalt çykmagy başarandygyny we türkmen ykdysadyýetiniň energiýa eksportyna garaşlydygyny göz öňünde tutup, muny gaýtadan amala aşyrmagyň gaty kyn boljakdygyny belleýärler.

ABŞ-Britaniýa IHS Markit kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, dünýä energiýa bazaryny öwreniji Laurent Ruzekas dünýä bazaryndaky ýagdaýyň Türkmenistan ýaly ýurtlaryň peýdasyna bolmajagyny aýdýar.

«Ägirt köp mukdarda tebigy gaz gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň uly kynçylygynyň biri elmydama bazarlardan gaty uzakda ýerleşmegi bolup durýar. Mundan 10-15 ýyl ozal, hytaýlylaryň edişi ýaly, gazy dünýä bazarlaryna eltmek üçin, örän uzyn hem gymmat turbageçirijileriň gurluşygy barada pikir etmelidiler. Gaz pudagy ösmegini dowam etdirse-de, birnäçe müň kilometrlik turbageçirijileri gurmagyň eýýäm wagty geçdi. Häzir suwuklandyrylan gaz bazary çalt ösýär hem-de gymmat turba geçirijilerine zerurlyk azalýar. Olaryň bagtyna, Türkmenistan Hytaýy gaz bilen üpjün etmek üçin, uzak möhletli şertnama baglaşdylar, emma gaz eksportyndan alynýan girdeji uzak möhletde ýokarlanyp we aşaklap bilýän çig nebitiň bahasyna bagly bolar. Ýöne [Hytaýa gidýän turbadan başga] uzak wagtlap ara alnyp maslahatlaşylýan Hindistana turbageçirijiniň geljegini (TOPH göz öňünde tutulýar) ýa-da Türkmenistanyň Azerbaýjanyň turba geçirijisine goşulmak arkaly türkmen gazyny Ýewropa eksport etmek ideýasyny göz öňünde tutmagyň hakykata laýyk däldigi äşgärdir» diýip, Laurent Ruzekas aýdýar.

Energetika çeşmeleriniň eksporty hem TOPH ýaly taslamalaryň geljegi, şeýle-de Azerbaýjan bilen bilelikde özleşdirilmeli “Dostluk” gaz ýatagy baradaky Türkmenistanyň alyp barýan durnuksyz syýasaty aýratyn makalanyň gürrüňi.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan bilermenleriň ählisi Türkmenistanyň haýal etmezden öz ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmegiň, şol sanda ýurduň içinde uglewodorody gaýtadan işleýän senagaty döretmegiň gerekdigini, önümçiligi we syýahatçylygy ösdürmek, Awazany gönüden-göni bellenilen maksat üçin peýdalanmaga maýa goýumlaryny goşmak bilen derrew reformalar geçirmegiň zerurdygyny aýdýarlar.

Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Dünýä ykdysadyýeti we halkara barlaglar institutynyň post-Sowet barlaglary merkeziniň uly ylmy işgäri Stanislaw Pritçin Türkmenistanda ýylylyk elektrik stansiýalarynyň gurluşygynyň ýakyn geljek üçin has bähbitli boljakdygyny öňe sürýär.

«Sebäbi tutuş şol sebitde Owganystanda-da, Özbegistanda-da elektrik ýetmezçiligini görýäris, şonuň üçin ýadro elektrostansiýasyny gurmagy meýilleşdirýärler. Beýle ýagdaýy Gazagystanda-da görýäris. Çözgütleriň biri [Türkmenistan üçin] eksport etmek hem gazdan ýerlikli peýdalanmak üçin, ýylylyk elektrik stansiýalaryny gurmak we tok öndürmek bolar. Elbetde, gaz we nebit-himiýa senagatynyň ösüşi hem ägirt uly gaz ätiýaçlyklary bolan Türkmenistan üçin gutulyş bolup biler... Mundan başga-da, Türkmenistan syýahatçylyk pudagyna maýa goýmak, serhetleri açmak, wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmek arkaly Awazada bolan mümkinçilik bilen ýagdaýy täzeden ýeňip biler, sebäbi diňe myhmanhanalary gurmak ýeterlik bolmaýar, Türkmenistana wiza almak mümkin däl diýen ýaly. Türkmenistanyň syýahatçylyk potensialy ägirt uly, diňe ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erk-islegi zerur» diýip, Stanislaw Pritçin belleýär.

Bize söhbetdeş bolanlar Türkmenistanyň häzirki duçar bolan agyr ykdysady ýagdaýyndan çalt çykmagy göz öňünde tutulmaýandygyny, ähli kararlar, takyk, ýeterlik çalt bolsa-da, diňe uzak möhletleýin amala aşjakdygyny belleýärler. Bilermenleriň pikiriçe, Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň ony düzetmäge wagty barmy, iň esasy-da, dogry kararlaryň kabul edilmegi uly sorag bolup galýar.

Şu material taýýarlanýança, Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda subsidirlenýän önümleriň görnüşi azaldy, olaryň bahalary bolsa ýokarlandy. Aşgabatdaky habarçymyzyň aýtmagyna görä, paýtagtyň döwlet dükanlarynda indi esasan şeker we towuk butlaryny satyn almak mümkin, ýöne 50% gymmada. Bu aralykda, fewral aýynyň ahyrynda parlament agzalary bilen bolan duşuşygynda, prezident Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň halky üçin pandemiýanyň «garaşylmadyk ýaramaz netijeleri» barada aýdan sözleri syrly ýagdaýda, döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinden ýok edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG