Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşmeler: Türkmenistanda ýiti ilat ýetmezçiligi. Ýurtda 2,7 million ilat galdy


Ýüzlerçe türkmenistanly watanyny hemişelik terk edip gitmek üçin Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde toplanýar.
Ýüzlerçe türkmenistanly watanyny hemişelik terk edip gitmek üçin Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde toplanýar.

Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk döwletleriniň biri bolup, ony diňe Demirgazyk Koreýa ýa Eritreýa ýaly ýurtlar bilen deňäp bolýar. Türkmenistanyň özüniň “bäsdeşlerinden” tapawutlylykda uly energiýa gorlaryna eýe bolmagyna garamazdan, ol soňky 5-6 ýylyň dowamynda ýiti maliýe çökgünligine uçrady. Indi Türkmenistanyň has düýpli bir mesele, ýagny demografiki krizis bilen ýüzbe-ýüz bolanyna meňzeýär. Türkmenistan 2022-nji ýylda ilat ýazuwyny geçirmegi planlaşdyrýar. Azatlyk Radiosynyň bu işlere dahylly çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, deslapky sanlara laýyklykda, häzir Türkmenistanyň çäginde 2,7-2,8 million töweregi adam ýaşaýar. Bu maglumatlary biri-birinden garaşsyz üç çeşme tassyklady.

Bellesek, çeşmeleriň üçüsi-de alnyp barylýan ilat ýazuwy, onuň maglumatlaryny rejelemek we seljermek işlerine gönüden-göni gatnaşýan döwlet edaralarynyň işgärleridir.

Olaryň biriniň sözlerine görä, 2022-nji ýylda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirjek döwlet edaralary, prezidentiň diwanyna hödürlemek üçin, eýýäm deslapky hasabatlary taýýarlapdyrlar. Ähli hasaplara görä, Türkmenistanyň ilatynyň “hakyky görkezijisi” 2,7-2,8 million adama deň diýip, çeşme belleýär.

“Häzirki wagt ilatyň hakyky sany babatyndaky ‘kölege ýazuwy’ atlandyrylýan barlaglary tamamladylar. Munuň üçin dürli usulyýetleri ulandylar, ýöne, esasan, gapyma-gapy aýlandylar. Şol bir wagtda, gönümel we gytaklaýyn maglumatlardan hem peýdalanyldy – harby gulluga çagyrylanlaryň, uçurymlaryň, ÝOJ-laryň talyplarynyň, çagalar baglaryndaky körpeleriň, tussaglaryň dagy sanlary seljerildi, şeýle-de Migrasiýa gullugynyň ýurda gelenler we ýurtdan gidenler baradaky maglumatlary, Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralarynyň doglan we ölen raýatlar baradaky hasabatlary we beýleki maglumatlar ulanyldy. Ähli ugurlar boýunça, şu ýylyň başynda Türkmenistanyň ilaty 2 million 700 müň töweregi adama deň boldy” diýip, çeşme belleýär.

Azatlyk Radiosynyň mundan owal ygtybarly maglumatlary beren ýene-de azyndan iki çeşmesi bu sanlary tassyklady.

“Elbetde, bular ýaly özüne ýetesi gödek hasapda käbir ýalňyşlyklaryň bolmagy mümkin. Emma sanlaryň tertibi edil şular ýaly. Ýagny, jemleýji görkezijiler kän tapawut etmez. [Ýurduň içindäki ilatyň sany] içerki migrasiýanyň hasabyna üýtgemegi mümkin. Emma ol häkimiýetler tarapyndan berk çäklendirilýär. Munuň çäginde adamlar, esasan, gazanç üçin Aşgabada we gurluşyklarda işlemek üçin has kiçi gerimde regionlara göçmek bilen çäklenýärler. Ýöne umumy jemler bilen deňeşdirilende bu ujypsyz san” diýip, çeşmeleriň biri düşündirýär.

Azatlygyň habarçysy bu maglumaty beýleki çeşmelere hem tassyklatmagy başardy.

Türkmenistanda soňky gezek ilaty ýazuwy 2012-nji ýylyň dekabrynda geçirildi. Onuň netijeleri 2013-nji ýylda mälim edilmelidi. Emma näbelli sebäplere görä, Türkmenistanyň hökümeti şol ilat ýazuwynyň netijelerini heniz hem gizlin saklaýar. Bilermenler muňa hakyky sanlaryň türkmen häkimiýetleriniň mundan owalky “suratlandyran” görkezijilerinden has pes çykmagynyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini belleýärler. Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmeginden soň, dürli ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ilatynyň 6 million adamdan geçýändigi barada çaklamalar orta atylypdy.

2019-njy ýylyň maýynda Azatlygyň ýagdaýlardan habarly çeşmeleri soňky 10 ýylyň dowamynda Türkmenistandan 1,9 million töweregi adamyň çykyp gaýdandygyny habar beripdiler. Çeşmeler şol pursat bu maglumatlaryň prezidentiň diwanyndaky emeldarlaryň “göwnünden turmandygyny” we olaryň dessine syr edilendigini belläpdiler. Olar şol wagt Türkmenistanyň ilatynyň 3,3 million adamdan sähel köpdügini hem çaklapdylar.

Ýöne görnüşinden ýagdaýlar has çylşyrymly. Indi bärde gürrüň diňe bir demografiki krizis barada däl-de, eýse ilat ýetmezçiligi barada barýar. Azatlyk bilen bu barada söhbetdeş bolan biri-birinden habarsyz çeşmeler bolup geçýän ýagdaýlaryň “hopukdyryjydygyny” aýdýarlar.

Azatlyk kommentariýa sorap, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine ýüz tutdy. Emma biziň elektroniki poçta arkaly ugradan hatymyz jogapsyz galdy. Her niçiksi bolsa-da, türkmen häkimiýetleriniň maglumatlaryna indi halkara guramalary hem ynanmagyny bes etdiler. Şu ýyl Halkara walýuta fondy we Bütindünýä banky öz hasabatlarynda türkmen hökümeti tarapyndan hödürlenýän maglumatlary ulanmakdan ýüz öwürdiler.

Türkmenistanyň döwlet edaralaryndaky işgärleriň gürrüň beren maglumatlaryny Merkezi Aziýa boýunça bilermen, Glazgo uniwersitetiniň professory Luka Ançeski bilen ara alyp söhbet etdik.

“Türkmenistanyň daşary syýasaty: Oňyn bitaraplyk we türkmen režiminiň pugtalandyrylmagy” atly kitabyň awtory Ançeski sanlaryň dogurdan hem “hopukdyryjydygyny” belläp, beýleki bir tarapdan munuň Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Altyn Asyr” atlandyrylýan syýasy ýörelgesiniň öňden bäri kemala gelýän ýagdaýyny äşgär edýändigini nygtaýar.

Luka Ançeski
Luka Ançeski

“Biz soňky 30 ýylyň içinde Türkmenistanyň sistematiki ýagdaýda maglumatlary galplaşdyrýandygyna şaýat bolduk. Sadalaşdyrylyp aýdylanda, bil baglap bolaýjak hiç hili statistika ýok. Jemi içerki önümiň görkezijileri, ätiýaç fondlarynyň mukdary, ykdysady maglumatlar, hatda ilatyň sany hem toslanypdyr. Biz türkmen hökümetiniň suratlandyrmagyny isleýän ýagdaýlarynyň hakykat ýüzünde hiç zatdygyny gördük. Gazanyldy diýilýän ähli üstünlikler režimiň hyýalydyr. Emma bular umumy häsiýetlendirmeler. Emma welin, takyk bir simptomatika hem bar. Ýagny, bu maglumatlar “Altyn Asyr” diýilýän düşünjäniň diňe Berdimuhamedowyň kellesiniň içinde bolup, onuň bir boş hyýaldygyny görkezýär” diýip, professor Ançeski belledi.

Azatlygyň çeşmeleri ilat ýazuwyna görülýän taýýarlyklaryň çäginde toplanan maglumatlara görä, ilatyň sanynyň kemelmeginiň esasy sebäpleriniň arasynda – ýaşaýyş şertleriniň agyrlaşmagy we netijede migrasiýanyň döremegi, täze dogulýan çagalaryň azalmagy we ölümleriň artmagy ýaly ýagdaýlaryň hem bardygyny aýdýarlar.

“Ilat sanynyň azalmagy esasan hem güýçli migrasiýa bilen ilteşiklidir. Migrasiýa 2013-2014-nji ýyllaryň sepinde güýçlenip başlady. Bu ýurtdaky ykdysady krizisiň başlanmagy bilen utgaşdy. Esasan Türkiýä, Özbegistana, Russiýa migrasiýa edilýär. Özbegistan ugry boýunça soňky 3-5 ýylyň dowamynda has köp adam gatnap başlady. Ýurt karantine ýapylmazyndan ozal, Özbegistan [migrasiýa gidilýän ýurt hökmünde] Türkiýe bilen bäsdeşlik edýärdi. Munuň Özbegistanda häkimiýet çalşylandan soňra, ýurtdaky ykdysadyýetiň janlanmagynyň täsiri bolmagy mümkin” diýip, maglumatlary gönümel özi seljeren döwlet işgäri belledi.

Azatlyk soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistandan barha köp adamyň migrasiýa gitmek isleýändigi barada yzygiderli maglumatlary berip gelýär. Häkimiýetler pandemiýa sebäpli serhetleri ýapmazyndan ozal, Russiýanyň we Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanalarynyň öňünde her gün ýüzlerçe adam wiza almak umydy bilen nobatlarda garaşýardy. Karantin çäklendirmeleriniň gowşadylmagy bilen, köp sanly türkmen raýatlary ýaňadandan rus konsulhanasynyň öňünde toplanyp başladylar.

Mundan başga-da, Azatlyk Russiýa göçüp gitmek isleýänleriň sanynyň köpelmegi bilen, türkmen hökümetiniň raýatlara gerekli dokumentleri bermän, dürli päsgelçilikleri döredýändigini hem habar beripdi.

Açyk maglumatlara laýyklykda, pandemiýa garamazdan 2020-nji ýylda 2 müň 451 türkmenistanly Russiýanyň raýatlygyny aldy, ýene-de Türkmenistanyň 2 müň 271 raýaty Russiýada ýaşamak rugsatnamasyny aldy.

Pandemiýadan öň, köp sanly türkmenistanly Türkiýä gidýärdi. Dürli maglumatlara görä, Türkiýede birnäçe ýüz müň türkmenistanlynyň bar bolmagy mümkin. Diňe 2020-nji ýylyň özünde Türkmenistanyň 87 müň 200 raýaty Türkiýede ýaşamak rugsadyna eýe boldy. Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň aglabasynyň pasportlarynyň möhleti tamamlanyp, olar bikanun ýagdaýda ýaşaýarlar. Bu olaryň anyk sany barada takyk maglumatlary edinmäge mümkinçilik bermeýär. Emma pandemiýadan öň, türkmen häkimiýetleriniň adamlaryň Türkiýe aşmagynyň öňüni almak ugrundaky tagallalary, şol sanda Stambul ugry boýunça uçar reýsleriniň 50% töweregi ýolagçylaryny yzyna gaýtarmagy, häkimiýetleriň ýurtdan çykýan ilatyň akymy barada nähilidir bir düşünjesiniň bolandygyny görkezýär. Bellesek, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýä girmek üçin wiza gerek däl.

Soňky aýlarda daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň ýurtdaky ene-atalary perzentlerine okuwlaryny tamamlandan soňra, aňrujy mümkinçiligi bolsa, watanyna dolanmazlygy ündäp başladylar.

Professor Ançeski bu ýagdaýlary “heläkçilik” hökmünde häsiýetlendirip, munuň türkmen milletiniň ýitiren on ýyllygynyň netijesi bolandygyny belleýär.

“Soňky 10 ýylyň dowamynda 2 million töweregi raýatyň ýurtdan gitmegi, adamlaryň maşgalalary bilen ýurdy terk edýändigini görkezýär. Munuň özi aýratyn uly bir mesele. Bu ýerde ýurtda kimiň galjakdygy, Türkmenistanyň geljegini kimiň üpjün etjekdigi baradaky soraglar keserip durýar. Bu ýene bir ýitirilen on ýyllygy äşgär eden heläkçilik boldy. Bu döwrüň içinde ýurduň ykdysadyýeti çökdi, ilaty çykyp gitdi. Netijede diňe täsin, özboluşly bir diktatorlyk režimi galdy. Ol ýurdy özüniň elten aýylganç hakykatyndan üzňe ýaşaýar” diýip, bilermen belledi.

Azatlygyň çeşmeleri demografiki krizisiň sebäpleriniň ýene biriniň ýokary ölüm derejesi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

“Biziň barlaglarymyza görä, soňky on ýylyň dowamynda adamlaryň ölüm derejesi göz-görtele ýokarlandy. Bu girdejileriň peselmegi, bahalaryň dowamly artmagy, saglygy saklaýyş pudagynyň gözgyny ýagdaýy, stress ýagdaýlarynyň köpelmegi, gartaşan adamlaryň garrylyk çägini geçmegi bilen utgaşan umumy ýaşaýyş şertleriniň pese gaçmagy bilen bagly” diýip, Azatlygyň söhbetdeşleriniň biri belledi.

Çeşmeleriň sözlerine görä, jemlenen artykmaç ölüm derejesi 2020-njy ýylda 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende has uly bolupdyr.

“2019-njy ýylda ölenleriň absolýut sany her aýda 5-6 müň adama deň boldy. Şol bir wagtda, regionlar boýunça görkezijileriň arasynda birsydyrgynlyk ýokdy. Munuň köp sebäbi bar, mysal üçin, Mary welaýatynyň ilatynyň sany Bakanyňkydan has köp, ol ýerde absolýut ölüm derejesi hem ýokary. 2020-nji ýylda, ölümleriň iň ýokary derejesi wagty, tutuş ýurt boýunça artykmaç ölüm her aýda 8 müň – 10 müň aralygynda boldy” diýip, Azatlygyň çeşmeleriniň biri belledi.

Mundan başga-da, Azatlygyň çeşmeleri önelgelilik derejesiniň pese gaçmagyna hem ilatyň sanynyň kemelmeginiň esasy sebäpleriniň biri hökmünde garalýandygyny aýtdylar.

“Bilermenler öz aralalarynda migrasiýadaky işçi güýjüni gaýtarmak baradaky mümkinçilikleri, ömrüň dowamlylygyny artdyrmak, çaga dogurmaga höweslendirmek ýaly meseleleri maslahat etdiler. Emma ähli zat kabul edilmeli aýgytly syýasy kararlara direýär. Häzirki häkimiýetler bilen muňa umyt hem edip oturmaly däl. Sebäbi häzirki hökümetiň düzüminde, bilermenleriň pikiriçe, ilaty saklap galmak boýunça aýratyn programmanyň özleşdirilmegine ýolbaşçylyk etjek [özbaşdak we işini bilýän] şahsyýetler ýok. Türkiýedäki migrantlary yzyna gaýtarmak meselesi hem häkimiýetler tarapyndan bilkastlaýyndan haýal alnyp barylýar we bu prosese her dürli päsgelçilikler döredilýär. Resmileriň pikiriçe, has erkin ykdysady we syýasy şertlerde uzak wagtlap ýaşan, zähmet çeken köp sanly adamyň yzyna dolanmagy, ýurduň içerki syýasatyny durnuksyzlaşdyryp biler we sosial partlamany döredip biler. Türkmenistandaky ykdysady çökgünligiň arasynda olar üçin iş ýok. Şol sebäpli, häkimiýetler muny amal etmek islemeýärler. Şeýdip, çykalganyň öňi alynýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşleriniň biri aýdýar.

Hatda türkmen hökümetiniň hödürleýän statistiki maglumatlaryna esaslanýan açyk çeşmelerde hem 2013-nji ýyldan başlap Türkmenistanda çaga dogurmak boýunça oňaýsyz dinamikany synlasa bolýar. Şol pursat, (täze doglan çagalaryň her 1000-sine görä) umumy önelgelilik derejesi 26,6-a deňdi. 2020-nji ýylda, açyk çeşmelere laýyklykda, umumy önelgelilik derejesi 22,3-e çenli peseldi. Ýagny, Türkmenistanda soňky sekiz ýylyň içinde çaga dogurmak 16%-den hem aşa pese gaçdy.

Eger-de ekläp başartmasa, kim bäş çaga ediner? Eger-de häkimiýetler raýatlaryň ýurtda galyp, has köp çaga edinmegi üçin şertleri döredip bilmese, adamlary muňa höweslendirip bilmese, bu meseläni düzedip bolmaz. Biz Türkmenistanda azyk krizisiniň has hem ýaramazlaşýandygyny, adamlaryň kadaly iýmitlenip bilmeýändigini, azyk howpsuzlygynyň erbetleşýändigini görýäris. Bu adamlary has köp çaga edinmäge höweslendirip bilmese gerek, dogry dälmi?!” diýip, professor Ançeski belledi.

Azatlygyň çeşmeleri Türkmenistandaky demografiki krizis baradaky maglumatlary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýundaky doglan gününiň öňýanynda ýetirdiler. Olaryň sözlerine görä, barlaglary taýýarlan hökümet edaralary, Berdimuhamedowyň “keýpini bozmakdan” howatyr edip, onuň doglan güni sowulmaýança, hasabaty prezidentiň diwanyna bermezlik baradaky karara gelipdirler.

“Bu maglumatlar bilen indi näme etmelidigi düşnüksiz. Ähli kişi olary prezidente görkezmekden gorkýar. Her nähili bolsa-da, bu maglumatlary onuň doglan gününiň we dynç alyşynyň öňüsyrasynda äşgär etmekden fiziki taýdan howatyr edilýär. Soňra hem bu maglumatlar ‘özi soramaýança’ saklanar. Häzir öňümizdäki ilat ýazuwyny galplaşdyrmagyň ýollary we usulyýetleri hem maslahat edilýär. Meniň pikirimçe, ähli maglumat prezidente we onuň töweregine doly möçberde ýetirilende, ähli zat çözüler. Ilki başdaky plana laýyklykda, ýurduň ilatyny 5 million diýip ‘görkezmek’ meýilleşdirilipdi. Emma goşmaça 2 milliony goşmaga milt edip bilmediler” diýip, çeşme belleýär.

Professor Luka Ançeski türkmen häkimiýetleriniň bu gezek hem asyl sanlary gizläp, hiç hili meseläniň ýokdugyny görkezmäge synanyşyk etjekdiklerini çaklaýar.

“Bu ulgamyň çagşandygyny görkezýän fundamental bir yşaratdyr. Haçanda adamlar şeýle uly möçberde ýurdy terk edenlerinde, bu ilki bilen olaryň režime garşy protestini äşgär edýär. Olar “biz bu režim bilen umumy hiç zat islemeýäris” diýmek isleýärler. Olar ýurtdaky ýagdaýlary üýtgetmek üçin jemlenip bilmeýärler. Şonuň üçin olaryň diňe ýeke-täk bir çykalgasy bar: ýurtdan çykyp gaýtmak ýa-da galyp, ol ýerde ölmek. Bu ykdysady syýasatyň, ilaty saklap galmak syýasatynyň çagşandygyny açyk görkezýär. Emeldarlaryň şeýle uly krizisi prezidentiň doglan gününi belleýändigi üçin, oňa habar berip bilmezligi hem ulgamyň nä derejede ukypsyzdygyny äşgär edýär. Ozalky ilat ýazuwynyň netijeleriniň yglan edilmeýändigi hem geň zat däl. Bu türkmen propogandasynyň suratlandyrýan ýagdaýlaryna düýpgöter çapraz gelýär. Bu krizis birdenkä döremedi, ol on ýyllygyň dowamynda özgerdi. Berdimuhamedowyň hökümeti bolsa, meseläni çözmegiň deregine, hiç kimiň hiç haçan munuň üstüni açmajakdygyna umyt edip, ony ýaşyrmaga synanyşdy” diýip, Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen, professor Luka Ançeski belledi.

Bilermenler köplenç Türkmenistanyň garaşsyzlygyndan soňky iki prezidentiniň hem alyp baran ykdysady syýasatynyň şowsuz bolandygyny belleýärler. Berdimuhamedowyň häkimiýeti diňe bir uzaga çeken ykdysady durgunlylyk bilen däl, – haçanda azyk satyn alyp bilmek üçin adamlaryň uzyn nobatlarda garaşmagy, raýatlaryň iýmit gözleginde zir-zibil çeleklerini dörmegi, iş orunlarynyň köpçülikleýin kemeldilmegi adaty zatlara öwrülmeginiň arasynda – bu döwür ilatyň köpçülikleýin azalmagy bilen hem häsiýetlendiriler.

Türkmenistanyň Demirgazyk Koreýa we Eritreýa ýaly ýurtlardan tapawutlylykda uly mukdarda tebigy baýlyklary bar. Olaryň kömegi bilen ýurt raýatlarynyň amatly durmuş şertlerinde ýaşamagy üçin mümkinçilikler döredilip bilnerdi. Emma Berdimuhamedowyň döwlet býujetinden onlarça milliard pul serişdelerini sany-sajagy bolmadyk kaşaň myhmanhanalaryň we köşkleriň gurluşygyna harçlap, ilaty pulsuzlyga we adalatsyzlyga duçar etmegi, onuň Türkmenistanyň bosagasynda duran heläkçiligiň öňüni almak boýunça meýilleriniň bardygy baradaky umytlary puja çykarýar, diiýp Azatlygyň söhbetdeşleri nygtaýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG