Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekspertiň pikiri: Türkmen ykdysadyýetiniň "diagnozyny" bejerip bolarmy?


Halkara pul gaznasynyň (HPG) hünärmenleriniň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýagdaýy barada gelen netijesi Berdimuhamedow hökümetiniň ykdysady we syýasy özgertmeleri amala aşyryp bilmeýändigini nygtaýar diýip, syýasy bilermen hasap edýär.
Halkara pul gaznasynyň (HPG) hünärmenleriniň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýagdaýy barada gelen netijesi Berdimuhamedow hökümetiniň ykdysady we syýasy özgertmeleri amala aşyryp bilmeýändigini nygtaýar diýip, syýasy bilermen hasap edýär.

Halkara pul gaznasy Türkmenistan boýunça geçirilen missiýanyň netijeleri barada hasabaty çap edip, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň düýpli haýallandygy (ýurduň häkimiýetiniň aýdyşy ýaly 6,3 % däl-de, 2 %) barada netijä geldi.

2024-nji ýylyň 27-nji martyndan, 9-njy apreli aralygynda, Aşgabada sapar eden HPG missiýasynyň jemleýji netijelerine görä, uglewodorod pudagyndan gelýän girdejilerden başarnykly peýdalanmakdaky "kynçylyklar", pul-kredit reformasynyň bolmazlygy, walýutada iki alyş-çalyş bahasynyň düýpli tapawudy we başga-da birnäçe düýpli kynçylyklaryň bolmagy ýagdaýy agyrlaşdyrýar. Azatlyk Radiosy aşgabatly syýasy bilermen Kümüş Baýryýewadan, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nobatdaky "diagnozy" baradaky pikirini sorady.

Halkara pul gaznasynyň dokumenti ilkinji nobatda, türkmen ykdysadyýetine “diagnoz” goýlandygy sebäpli özüne çekijidir. Elbetde, bu ilkinji gezek edilmedi. Belli sebäplere görä, ony bejermek üçin “maslahatlar” ýeterlik derejede umumy, ýöne häkimiýetlere öz emele getiren ykdysady modeliniň ýagdaýy barada oýlanmaklaryna, munuň özi-de ýeterlik.

Hasabatda ykdysadyýete köp basyş edýän "iki bahaly" walýutanyň bardygy gaýta-gaýta agzalýar. Hakykatdan-da, manadyň dollara bolan resmi we hakyky çalşyk bahasy dowam edýärkä, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ‘gaýtadan gaýrata galmagyna’ ýol bermeýär. Galyberse-de, walýutanyň gara bazardaky nyrhynyň beýleki zatlar bilen birlikde, manadyň dollara erkin konwertasiýasynyň bolmazlygy we tersine, bu telekeçiligiň, esasan hem kiçi we orta telekeçiligiň ykdysady işjeňligine täsir edýär. Türkmen ykdysadyýetiniň iri oýunçylary konwertasiýa mümkinçilik ýollaryny tapýarlar. Bu bolsa köp ugurlarda hususy kärhanalary hakyky konwertasiýa meselesinde ysmaz edýär. Munda diňe bir halk köpçüliginiň talap edýän harytlaryny import etmegiň mümkinçilikleri barada däl, eýsem, tehnologiýanyň getirilmegi barada hem gürrüň gidýär.

Emma bu iki alyş-çalyş bahasy bilen döreýän ýeke-täk kynçylyk däldir. Hakykat ýüzünde, häkimiýetler esasy agramy deňeçerlik derejesine eýermeýän ykdysadyýetiň üstüne ýükleýärler – häkimiýetleriň ykdysady syýasaty Türkmenistanyñ ilatynyñ gerdenine düşýär. Import edilýän ähli önümler, harytlar we hyzmatlar dollaryň "gara" (hakyky) alyş-çalyş nyrhy esasynda ýöredilýär. Aýlyklar, pensiýalar we döwlet kömek pullary bolsa resmi kursdan hasaplanylýar, bu ýagdaý ilatyň satyn alyjylyk ukybyny ep-esli pese gaçyrýar, şoňa görä-de, ýaşaýyş şertleri pes derejede bolmagynda galýar. Emma häkimiýetler muny berk ýaşyryp, ilatyň girdejilerini resmi kursda görkezýärler, sosial tölegler we pensiýalar resmi kurs boýunça hakyky ýagdaýdan, 5,5 esseden gowrak ýokary görkezilýär. Ýagny häkimiýetler zähmet haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny [bolmalysyndan] 5,5 esse çemesi az töleýär. Bu kommunal hyzmatlarynyň töleginiň pesligi, jemgyýetçilik ulaglarynyň arzanlygy bilen çäkli derejede ödelýär.

Munuň üçin bazarlara çykarylan harytlaryň bahalaryna seretmek ýeterlikdir, ol ýerde hemme zat dollaryň hakyky alyş-çalyş bahasy esasynda kesgitlenilýär. Pensiýa hakda gürrüň edilmände-de, hatda ortaça aýlyk hakyny-da berk tygşytlanyňda, ýaşamak mümkindir.

Elbetde, bu şert ähli dermanlara diýen ýaly degişlidir, nomenklaturanyň aglaba bölegi dermanlary Türkmenistana import edýär. Käbir seýrek keselleriň (onkologiýa degişli dermanlar, gepatit C bejergisi) bolaýmasa, Türkmenistandaky dermanlaryň bahalary dünýä derejesinde we hatda ondanam ýokary (ony getirmegiň çykdajylary we dermanhana harjylary-da goşulýar), bu bolsa ilatyň köp bölegine elýeterli däl.

HPG türkmen häkimiýetleriniň ikinji "gara hasaplary" ýöredýändigine hem ünsi çekdi. Gürrüň bu ýerde nebit we gaz pudagyndan gelýän gizlin girdejiler barada barýar. Bu gizlinligiň esasy meýilnamasy "Prezidentiň (Berdimuhamedowyň) şahsy jübüsi" atly hasabatynda beýan edildi, onda bu girdejiler bilen bar bolan galplyk sistemasynyň düýp manysy ýüze çykaryldy. Şondan soň häkimiýetler uglewodorod serişdeleri baradaky Türkmenistanyň kanunyny üýtgetdiler, ýöne düzgün şol öňküligine galdy – girdejiniň 20 %-i býujete geçirilýär, 80 %-i bolsa prezident tarapyndan kontrolsyz ulanylýar.

Hakykat ýüzünde döwlet býujeti adamlardan we ýuridik şahslardan ýygnalýan salgytlardan, şeýle hem daşary ýurt uçarlarynyň Türkmenistanyň üstünden uçup geçmegi we ş.m. birnäçe halkara töleglerden emele gelýär. Satylýan nebit we gaz üçin girdejiniň 80 %-i bolsa kölegede galýar, býujetde ol nazara alynmaýar, diňe prezidentler Berdimuhamedowlaryň isleglerini we arzuwlaryny ödemek üçin, töleg serişdesi bolup hyzmat edýär, tutuş jemgyýetiň pikiri barada aýdylmanda-da, parlament bilen hem hiç hili ylalaşyk edilmeýär.

Halk ýurduň altyn we daşary ýurt walýutasynyň gorlarynyň ýagdaýy barada hem hiç zat bilmeýär. Ol baýlyk haýsy görnüşde saklanýar, nähili denominasiýa edilýär, olar nirelerde ýerleşdirilen, bu serişdelerden satyn alnan haýsy-da bolsa bir emlägiň daşary ýurtlarda ýerleşdirilmeginden gelýän girdejileriň bardygyny ýa ýokdugyny, ol serişdelerden girdejili kagyzlaryň satyn alnandygyny, umuman alanyňda, milli baýlygyň dürli howplardan – inflýasiýadan, sanksiýalardan, daşary ýurt walýutasyna üýtgedilmelerden we ş.m. goraglymy ýa-da däldigini millet bilmeýär.

Bularyň bary umumylykda, eýýäm ykdysadyýetiň dolandyrylyşynda kynçylyklaryň emele gelmegine sebäp boldy. "Türkmenistan, hususan-da, esasy girdeji çeşmesi bolan (uglewodorod pudagy, daşary ýurt walýuta bazary) ugurlarda, has aýdyňlygy we jogapkärçiligi talap edýän çynlakaý dolandyryş kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar" diýip, HPG açyk beýanat etdi. Bu bolsa umuman ykdysady syýasat hem-de nebit we gaz pudagynyň girdejilerini jemgyýetden gizlemek syýasaty baradaky karardyr.

Elbetde, HPG-niň hünärmenleri Türkmenistan boýunça döwlet statistikasynyň tutuş sistemasy barada anyk karar çykardylar, onda: "Ykdysady statistikanyň elýeterliligini, hilini we ygtybarlylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak syýasatçylaryň habarly bolmagyna, aýdyňlygy we ynamy artdyrmaga ýardam eder" diýilýär. Göni manysynda, bu çap edilen resmi netije statistikada hakyky ynamyň ýokdugyny, olaryň barlanylmaýandygyny aňladýar – eger haýsydyr bir gaýtalanan ýa-da gytaklaýyn barlaga ýa-da deňeşdirmä rugsat berilse, türkmen häkimiýetleriniň salgylanýan netijesini bermez diýmegi aňladýar.

Emma HPG-niň hünärmenleri esasy zady (bu olaryň borçlaryna girmeýär) görkezmediler, resmi türkmen statistikasy gaýtadan pikir alyşmak guraly däl we döwlet dolandyryşyna girmeýär, ol diňe propaganda maksatlara hyzmat edýär, goý, ol ilat ýazuwynyň maglumatlary bolsun, eýýäm ynanyp bolmajak 7 million adamdan geçirdiler, ýaşaýyş şertleriniň derejesi, ilatyň girdejileriniň görkezijileri, jemi içerki önüm bilen hiç hili deň gelmeýän manatda pul dolanyşygynyň görkezilmegi, ilatyň satyn almak ukyby barada, propaganda häsiýetli maglumat berýär.

Bularyň bary diňe ykdysadyýetiň ähli agyr kynçylyklarynyň üstüni örtmek synanyşygydyr, iň wajyby bolsa, ol düýpden başarnyksyz dolandyrmagyň döredýän kynçylyklary. Arkadag, Aziada, Awaza we beýleki maniakal-ägirt uly ideologik proýektlere [pul] harçlamak ykdysadyýeti dikeltmek ýa-da oňa gös-göni garşy çykmak üçin edilýän islendik synanyşyklary gaýta-gaýta gowşadýar.

Elbetde, korrupsiýa meselesi – resmi we administratiw girdejileri ulanýan döwlet buržuaziýasynyň tutuş toparyna öwrülen parazitler ähli derejedäki ykdysadyýeti ysmaz edýär. Ykdysadyýetiň işleýşiniň islendik mehanizmlerini gysyp çykarmak bilen çäklenmän (döwlet bilen telekeçilik we hususy telekeçilik gatnaşyklary hakynda agzalmanda-da, para döwlet edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklarda, şol bir bölümiň çäklerinde hem berilýär), döwletde artyp barýan gymmatçylygy ilatyň gerdenine ýükleýär.

Ýokarda aýdylanlaryň ählisi hem häkimiýetleriň statistiki maglumatlary ýygşyrmak we ýoýmak syýasaty bilen bagly. Olara diňe bir başarnyksyz dolandyryşy däl, eýsem döwletdäki ogurlygyň ägirt uly möçberini – "uglewodorod jübülerinden" serişdeleriň gözegçiliksiz paýlanylmagyndan başlap, kommunal pudagynda ujypsyz para alýanlara çenli gizlemek zerur. Munuň hemmesini ýönekeý türkmen halky töleýär.

HPG-niň şuňa meňzeş öňki hasabatlarynyň birinde, Türkmenistanyň hökümetine gozganmaýan emläge maýa goýumlaryny azaltmak barada, ençeme gurluşyk taslamalaryna derek, adam kapitalyna maýa goýumlaryna gönükdirmegi göz öňünde tutmak maslahat berlipdi. Munuň üçin ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, saglygy goraýyş ulgamyny, bilim ulgamyny ýokarlandyrmak syýasatyny amala aşyrmaly diýlipdi. Emma ol maslahatlara üns berilmedi. Görşümiz ýaly, bu gezek HPG beýleki tarapdan gelmegi karar edendir.

Umuman, nähilidir bir sebäbe görä, türkmen häkimiýetiniň döwlet syýasatynda we ideologik şygarlarynda, halkyň haýsydyr bir ýyldan, has gowy (ýa-da şadyýan) ýaşajakdygyna, adam başyna düşýän girdejiniň belli bir görkezijä ýetjekdigine, her bir adamyň ýaşaýyş jaý meýdanynyň çäginiň giňeljekdigine, bilimiň derejesiniň artjakdygyna, garyplygyň bütinleý ýok boljagyna wadalar ýok. Gaýtam, ilatyň hut şu döwürde, rowaçlyk, abadanlyk we kuwwatlylyk eýýäminde gowy ýaşaýandygy nygtalýar.

Emma gelejegiň gowy çagyryşlary ýok, ol ýaýlyma berilmeýär – hiç zat aýdylmaýar. Bu näme – häkimiýetleriň giň gerimde geljegi planlaşdyrma ukyby ýokmy ýa-da beriljek wadalaryň hiç biriniň ýerine ýetmejekdigine oýlanyşykly düşünýärmi? Olaryň haýsy birisi bolýanda-da, halka gowy zat getirmeýär.

Kümüş Baýryýewa – Aşgabatdaky syýasy synçynyň lakamy

Bu makalada öňe sürlen pikirler awtoryň nukdaý nazary bolup, Azatlyk Radiosynyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG