Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Trampy gutlaýar, Harris saýlawda ýeňlendigini boýan alýar


Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy noýabrda ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampy saýlaw ýeňşi bilen gutlady.

Döwlet baştutany Türkmenistanyň ABŞ bilen gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitleri goramak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini aýtdy, bu ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi diýip, TDH-nyň 6-njy noýabrdaky habarynda aýdylýar.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris hem 6-njy noýabrda Waşingtonda, öz goldawçylaryna ýüzlenip eden çykyşynda respublikan bäsdeşinden, öňki prezident Donald Trampdan ýeňlendigini boýun aldy.

"Bu saýlawyň netijesi biziň isleýän, gazanmak üçin göreşen we ses beren zadymyz däl, ýöne maňa gulak asyň, Amerika wadasynyň çyrasy elmydama, biz ýan bermesek we göreşimizi dowam etdirsek, şonça uzak nur saçar” diýip, ol tarapdarlaryna ýüzlenip, Trampdan ýeňlendigini jemgyýetçiligiň öňünde ilkinji gezek boýun alanda aýtdy.

"Men bu saýlawdaky ýeňlişimi kabul etsem-de, bu kampaniýanyň hyjuwlandyran göreşinde ýeňlendigimi kabul etmeýärin" diýip, ol öz okan Howard uniwersitetinde aýtdy.

Ol Trampa telefon edende ony ýeňiş bilen gutlandygyny we oňa hem-de toparyna geçiş wagtynda Ak tama dolanyp gelmek kömegini teklip edendigini aýtdy.

"Biz häkimiýetiň parahatçylykly geçişine gol ýaparys" diýip, ol märekäniň şowhuny astynda söz berdi.

ABŞ habar serişdeleriniň köpüsiniň, şol sanda AP habar gullugynyň we CNN-niň maglumatyna görä, Tramp Wiskonsinde ýeňiş gazanyp, saýlaw kollegiýasynyň zerur bolan 270 sesini aldy.

Tramp Miçiganda we Pensilwaniýada hem ýeňiş gazanyp, “gök diwar” diýilýäni aradan aýydrdy. Ol 2016-njy ýylda geçirilen üstünlikli kampaniýasynda bu ştatlarda ýeňiş gazanyp, soň, 2020-nji ýylda prezident Jo Baýden bilen bäsleşende ýeňlipdi.

Baýden hem Trampy gutlamak we ony Ak tamda duşuşmaga çagyrmak üçin telefon etdi diýip, Ak tamyň çap eden beýanatynda aýdylýar.

Beýanatda Baýdeniň 7-nji noýabrda halka ýüzlenjekdigi aýdylýar. Şeýle-de, beýanatda Baýdeniň "geçişiň ýumşak bolmagyny üpjün etmek we ýurdy birleşdirmek üçin işlemegiň ähmiýetini nygtandygy" bellenýär.

Baýden Harris bilen hem gürleşdi diýip, beýanatda aýdylýar.

Tramp bir gün öň öz goldawçylarynyň ýygnanyşygynda çykyş edip, özüni ýeňiji diýip yglan etdi.

"Men öz çagalarymyzyň we siziň mynasyp bolan güýçli, howpsuz we gülläp ösýän Amerikasyny döredýänçäm dynç almaryn” diýip, ol 6-njy noýabr säherinde şowhun edip gygyryşýan goldawçylaryna Palm Biçde, Floridadaky Gurultaý merkezinde eden ýüzlenmesinde aýtdy.

Respublikan partiýa, Ohaýadaky we Günbatar Wirjiniadaky wajyp iki orny alyp, ABŞ-nyň Senatyndaky gözegçiligi hem ele aljaga meňzeýär.

Ýöne Kongresiň beýleki palatasyndaky, Wekiller öýündäki aglaba köplük indi kesgitlenmeli.

Respublikanlaryň ýeňşi Russiýanyň Ukrainadaky urşuna, Ýakyn Gündogardaky söweş konfliktine we beýleki global meselelere uly täsir ýetirjege meňzeýär.

Ses berişligiň Ýewropa etjek täsiriniň ähmiýetini tutuş continent boýunça köp sanly gözegçilik toparlarynyň syny esasynda, gözegçileriň netijäniň daşary syýasatda nämäni aňlatjakdygyna berýän bahalary arkaly görüp bolýar.

Tramp başda ABŞ-nyň Günortasynda we Orta Günbatarynda, däp boýunça respublikanlaryň ileri tutulýan ştatlarynda öňe saýlandy, Harris bolsa, 2020-nji ýyldaky saýlawlaryň netijelerine laýyklykda, däp boýunça demokratlara gol ýapylýan ştatlarda öňe saýlandy.

Emma muňa garamazdan, Tramp iň çekeleşikli ştatlarda, şol sanda Jorjiýada, Demirgazyk Karolinada we uly utuş bolan Pensilwaniýada köp ses aldy we bu ony Ak tamyň ýoluna saldy.

Şu aralykda Günorta Koreýanyň prezidenti Ýun Suk-ýeolyň Tramp bilen telefonda gürleşip, Demirgazyk Koreýanyň Russiýa iberen esgerleri barada maslahat edendigi mälim boldy.

Günorta Koreýanyň prezidenti ABŞ-nyň saýlanan prezidentini ýeňiş bilen gutlanda Demirgazyk Koreýanyň Russiýa iberilen esgerleri baradaky aladasyny bildirdi diýip, koreý resmisi 6-njy noýabrda aýtdy.

Ýun Demirgazyk Koreýanyň esgerleri meselesini Trampyň özüniň ilki gozgandygyny aýtdy. Şeýle-de, Ýun öz ýurdunyň Ukrainany ýarag bilen üpjün etmegini aradan aýyrmaýandygyny aýtdy diýip, habarda bellenýär.

Mundan başga, Günorta Koreýanyň prezidenti bilen ABŞ-nyň saýlanan prezidenti iki ýaran ýurduň arasynda soňky onýyllyklarda ösdürilen ýakyn gatnaşyklary dowam etdirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdy diýip, habarda aýdylýar.

Tramp 1885-89-njy ýyllarda we 1893-97-nji ýyllarda prezident bolan demokrat Grower Kliwlendden soň yzygiderli däl ýagdaýda iki möhlete prezident bolan ikinji prezident hökmünde taryha girer.

Şeýle-de, Tramp kasam kabul ediş dabarasynda iň ýaşuly prezident, jenaýatda ýazgarylan ilkinji prezident bolar.

Forum

XS
SM
MD
LG