Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan TOPH taslamasyna goşulmakçy bolýar, taslamanyň töwereginde bir topar sorag gozgalýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gazagystanyň milli gaz kompaniýasy Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak taslamasyna goşulmak boýunça Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni bilen gepleşik geçirýär diýip, "Interfaks" habar agentligi Gazagystanyň Energetika ministrligine salgylanyp 27-nji ýanwarda habar berdi.

"KazakGaz” bilen [Türkmenistanyň] döwlet kompaniýasy "Türkmengazyň" arasynda gepleşik geçirilýär. Gepleşiklere gatnaşyjylaryň üçünji taraplara maglumat bermek rugsadynyň bolmazlygy sebäpli şundan başga jikme-jiklikler berilmez" diýip, ministrlik aýtdy.

Mundan ozal, gazak resmileri 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda hem Gazagystanyň TOPH taslamasyna gatnaşmak mümkinçilikleri barada beýanat beripdiler.

“Eger gazak kompaniýasy goşulsa, bu iki ýurduň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri döreder” diýip, Gazagystanyň energetika ministriniň orunbasary Ýerlan Akkenžanow oktýabrda Almaty şäherinde geçirilen Gazagystan – Owganystan işewür forumynda aýtdy.

Uzynlygy 1814 kilometr çemesi boljak TOPH taslamasy Türkmenistanyň Galkynyş gaz käninden gözbaş alyp, ýylda 33 milliard kub metre barabar türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana ibermegi göz öňünde tutýar.

Gazagystanyň bu taslama goşulmak meýilnamalary boýunça ne gazak, ne-de türkmen resmileri jikme-jiklik berýär.

2015-nji ýylyň dekabr aýynda dört ýurduň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda resmi ýagdaýda düýbi tutulan taslama on ýyllyklardan bäri sebit ýurtlarynyň gün tertibinde galýar, ýöne bu ugurda möhüm öňe gidişlik gazanylmaýar.

Eýsem, Gazagystan bu taslama goşulmak arkaly, soňy bilen Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan ugry boýunça öz gazyny hem eksport etmek isleýärmi, ýa-da transmilli taslamanyň diňe gurluşygyna maýa goýýarmy?

Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” geňeşdarlyk guramasynyň energetika howpsuzlygy boýunça bilermeni Jon Roberts 28-nji ýanwarda Azatlyk Radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde şeýle soraglara jogap tapmagyň çetin galýandygyny aýtdy.

Ekspertiň ynanjyna görä, Gazagystanyň gaz gorlary mukdar taýdan Günorta Aziýa ugry boýunça eksport ugrunyň hötdesinden gelmän biler, galyberse-de, Owganystan ugry howpsuzlyk jähetden uzak möhletde durnukly däl.

“Gazagystan bu geçiriji arkaly öz gazyny hem ibermegi göz öňünde tutmaýan bolsa, näme üçin bu taslama maýa goýsun? Bilmedim. Şol sebäpden, men bu meseläni aýdyňlaşdyryp bilmeýärin” diýip, Roberts aýtdy.

“Birinjilik bilen, Gazagystanyň özünde eksport üçin degişlilikde az mukdarda gaz bar. Onuň gaz eksportynyň Hytaýa gönükdirilmegine garaşýarsyň, sebäbi munuň üçin infrastruktura bar. Ýöne şol bir wagtda, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak akyllylyk bolýar” diýip, ekspert aýtdy.

Owganystan ugry boýunça Günorta Aziýa ýurtlaryna tebigy gaz eksportlaryny ýola goýmak barada otuz ýyla golaý wagt bäri gürrüň edilip gelinýär. Ýöne bilermen Owganystanyň ýaramaz howpsuzlyk şertleri sebäpli, şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň yza süýşürilip gelinendigini aýdýar.

Ekspertiň ynanjyna görä, “diňe bir “Talybanyň” Owganystana gözegçiligi sebäpli däl, eýsem, bu ýurtda mundan soňra bolup biljek durnuksyzlyk ähtimallyklary sebäpli”, bu ugur ygtybarly däl.

“Talyban gözegçiligi biziň käwagt çak edişimiz ýaly o diýen absolýut, kesgitli bolman biler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Talyban” 2021-nji ýylyň awgustynda halkara güýçleriň Owganystandan çekilmegi bilen Kabulda häkimiýeti ele geçirdi.

Türkmenistan we “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berlendigini yglan etdiler.

“The Times of Central Asia” neşiri 16-njy ýanwarda “TAPI Pipeline Limited” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Muhammetmyrat Amanowa salgylanyp, taslamanyň owgan böleginiň üç kilometriniň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi.

“News Central Asia” neşiri 28-nji ýanwarda gaz geçirijiniň owgan böleginiň alty kilometriniň tamamlanandygyny aýtdy.

Jon Robertse görä, ikinjilik bilen, Günorta Aziýa ýurtlarynyň energetika bazary Gazagystan üçin özüne çekiji däl, sebäbi bu ýurtlar aýlagda ýerleşýän arap ýurtlary tarapyndan suwuklandyrylan gaz bilen üpjün edilýär.

TOPH gaz geçirijisiniň bahasy on ýyl ozal 10 milliard dollar çemesi hökmünde kesgitlenipdi, ýöne häzirki wagtda, dünýäde syýasy-ykdysady şertleriň özgermeginiň arasynda, onuň soňky bahasynyň möçberleri aýdylmaýar.

Gazagystan TOPH taslamasyna goşulsa, soňy bilen, Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen, rus gazy hem bu ugur boýunça iberilip bilnermi? Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlary Russiýa bilen däp bolan ýakyn gatnaşykda tanalýar.

“Eger Russiýa işjeň ýagdaýda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmasa, rus gazy bu ugur boýunça iberilmez. Meniň Russiýanyň TOPH taslamasyndaky roluna şübheli garamagymyň sebäbi, “Gazprom” ençeme ýyllardan bäri bu taslama gyzyklanma bildirip gelen-de bolsa, Amerikanyň goldawlary bilen güýçli halkara sanksiýalary astynda galýan ýurtdan Pakistana gaz iberilmegi Tramp administrasiýasynyň gyzyl çyzygy bolup biler” diýip, Roberts aýtdy.

Ukrainada alyp barýan esassyz çozuşynyň arasynda Russiýa Günbatarda gaz müşderilerini ýitirdi we täze energiýa bazarlarynyň gözleginde Gündogar ýurtlara, hususan-da Hytaýa tarap has ymtylyp başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG