Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusa barýan türkmenistanlylar russiýalylardan ‘öňe geçdi'


Migrantlar. Minsk, 2021.
Migrantlar. Minsk, 2021.

Belarus häkimiýetleri ýurda Türkmenistandan gelýän zähmet migrantlarynyň sanynyň Russiýadan gelýänleriňkiden köpelendigini aýdýarlar.

Içeri işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Belarusa 33 müňden gowrak işçi migrant gelipdir. Bu ýurda 2023-nji ýyldakysyndan takmynan 2,5 esse köp zähmet migrantynyň gelendigini aňladýar.

Aleksandr Lukaşenko şu ýylyň ýanwarynda ýurda zähmet migrantlaryny has işjeň çekmegiň zerurdygyny aýtdy.

Habarda aýdylmagyna görä, daşary ýurtlularyň 80% -den gowragy ýeňilleşdirilen görnüşde, iş berijiniň rugsat almazlygynda işe kabul edilipdir.

Şeýle-de, Belarusyň 2025-nji ýylda daşary ýurtly raýatlaryň ýörite rugsat almazdan ulanylyp bilinjek hünärleriniň sanawyny giňeldendigi bellenýär. Munuň üçin, zähmet şertnamasy baglaşylandan soň, üç iş gün içinde raýatlyk we migrasiýa bölümine ýazmaça habar bermek ýeterlik bolup durýar.

IIM-niň maglumatyna görä, 2024-nji ýylda bu ýurda gelen daşary ýurtlulary umumy sanynyň ýarysyna golaýy Türkmenistanyň raýatlary bolupdyr. Türkmenistandan soň, bu ýurda gelen raýatlarynyň sany boýunça, Russiýa, Hytaý, Ukraina we Özbegistan öňe saýlanýar.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, 2020-nji ýylda Belarusdaky daşary ýurtlularyň aglaba köplügi Russiýa Federasiýasyndan gelen adamlar bolup durýardy.

XS
SM
MD
LG