Türkmenistanda ilatyň ýurduň daşyna migrasiýasynyň depgini güýçlenýär. Resmi sanlara görä, ýurtdan gidýänleriň sany ýurda gelýänlerden ýokary bolup, hemişelik göçýänleri öz içine alýar. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri Türkmenistanda köplük bolup ýaşaýan etniki özbekleriň we beýleki milli azlyklaryň ýurdy terk etmegine degişli ýagdaý barada habar berýärler.
Özbegistanyň döwlet statistika maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistandan Özbegistana hemişelik ýaşamaga 55 adam göçüp gidipdir, Özbegistandan Türkmenistana 39 adam göçüp barypdyr.
Bu sanlarda laýyklykda Türkmenistandan göçüp gidýänleriň sany Türkmenistana göçüp barýanlardan tas 1,5 esse ýokary.
Türkmenistandaky çeşmeler 2024-nji ýylda Balkan welaýatyndan Azerbaýjana, Ermenistana we Gazagystana, Daşoguz we Lebap welaýatlaryndan Özbegistana we Russiýa, Mary welaýatyndan Russiýa, Azerbaýjana göçüp giden milli azlyklaryň wekilleriniň sanynyň göz-görtele köpelendigini habar berdiler.
"Soňky bir ýylyň içinde Garabogaz we Türkmenbaşy şäherleriniň eteklerinde ýerleşen ençeme obalarda we ilatly ýerlerde boşap galan jaýlar has hem köpelýär. Bu ýagdaý köplenç oba ýerlerinde ýaşan etniki gazaklaryň köpçülikleýin göçüp gitmegi bilen bagly" diýip, balkanly çeşme aýdýar.
Mundan başga-da, çeşmelere görä, soňky ýylda Türkmenbaşy, Hazar we Balkanabat şäherlerinde rus, azerbaýjan we ermeni milletli ýaşaýjylaryň sany göz-görtele azalýar.
"Türkmenbaşynyň rus dilli synplaryna eýe bolan mekdepleriniň mugallymlarynyň aglabasy ýaşy 50-den geçen etniki ruslar, azerbaýjanlylar we ermenilerdi. 2024-2025-nji okuw ýylynda birnäçe mekdeplerde rus dilinde okadýan mugallymlaryň sanynyň birden kemelmegi bilen, ençeme rus dilinde okadylýan synplarda 2-3 synpy goşup okatmagy ýa-da mugallym ýetmezçiliginde rus dilindäki dersleri türkmen dilli mugallymlara okatmagy ýola goýup başladylar " diýip, türkmenbaşyly bilim wekili anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşme etniki azlyklaryň wekilleri bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň geçen bir ýylyň içinde göçüp gidendigini gürrüň berdiler.
Türkmenistanda ýurduň daşynda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň, şol sanda ýurdy hemişelik terk edenleriň resmi sanlary köpçülige elýeterli däl.
Döwlet statistika komitetiniň websaýtynda çap bolan maglumatda, ýurt ilatynyň umumy sanynyň 7 million 57 müň 841 adamdygy, olardan etniki özbekleriň ilatyň 9,1%, ruslaryň 1,62%, etniki ermenileriň 0,38%, azerileriň 0,21%, gazaklaryň 0,17% emele getirýändigi aýdylýar.
Balkanabatly çeşmeler bu şäherde azerbaýjanly we ermeni halklarynyň wekilleriniň soňky aýlarda görnetin azalandygyny belläp, munuň şäher durmuşyna täsir ýetirendigini gürrüň berdiler.
"Domuprawleniýelerde we gurluşyk-gurnama edaralarynda işleýän tejribeli, ussat hünärmenleriň, inženerleriň we ussalaryň 30-40% milli azlyklaryň wekillerinden, esasan, azerbaýjanlardan we ermenilerden ybaratdy. Netijede, jemagat hojalygynyň we gurluşyk pudagynyň işinde uly nogsanlyklar ýüze çykýar. Göçüp giden hünärmenleriň eýýäm tejribesi, ýeterlik bilimi we başarnyklary bardy" diýip, balkanabatly jemagat hojalygy edarasynyň wekili anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Daşoguz welaýatyndaky habarçylarymyz soňky ýylda Köneürgenç etrabynyň çäginde bu ýerde köp ýyllaryň dowamynda kowçum bolup ýaşan etniki garagalpaklaryň hem tas galmandygyny gürrüň berdiler.
"Soňky ýyllarda etniki garagalpaklaryň migrasiýasy köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Olaryň kowçum bolup ýaşan obalarynda bu gün sanagly adam galdy, olar hem esasan gartaşan pensionerler" diýip, ýerli döwlet edaralarynyň biriniň resmisi anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Mundan başga-da, çeşmäniň sözlerine görä, welaýatdan etniki özbekleriň göçüp gitmek meýilleri hem göz-görtele artyp ugrady.
"Ýurtdaky agyr ykdysady we demikdiriji syýasy üzňelik milli azlyklary has aktiw göçmeklige iterýär, ýöne, meselem, mundan 20-25 ýyldan öňki ýagdaýdan tapawutlylykda, ýerli ilatyň dogluş sany ýa-da obalardan şäherlere göçmegi häzirki köpçülikleýin göçmäniň öwezini dolup bilenok. Aýdaly, 2000-nji ýyllaryň başlarynda etrap we şäher merkezlerinden etniki orslar, tatarlar, ukrainler, nemesler, koreýler göçüp gidende, olaryň deregine obalardan göçüp barýan türkmenleriň hasabyna şäher ilatynyň sany köpelýärdi, emma häzirki wagtda obalarda hem, şäherlerde hem türkmen maşgalalarynda dogulýan çagalaryň sany kemelip, ölüm-ýitim köpelýär we migrasiýa meýilleri artýar" diýip, daşoguzly çeşme aýdýar.
Milli azlyklaryň migrasiýa tendensiýalary Lebap we Mary welaýatlarynda hem artyp ugrady.
Netijede, gündogar welaýatyň bir wagtlar köpmilletli ilatly Gazojak, Seýdi, Kerki şäherlerinde şu günki gün etniki azlyklardan bolan çagalar we 40-dan ýaş raýatlar tas ýok, aglabasy 70-den geçen ýeke pensionerler galdy diýip, ýerli habarçy aýdýar.
Welaýatyň merkezi Türkmenabatda soňky ýyllarda rus dilli ilatyň we gazaklaryň, şeýle-de şäheriň ilatynyň agramly bölegini tutýan etniki özbekleriň migrasiýasy artyp ugrady.
"Şäherde rus dilinde okadýan birnäçe synplary bar bolan mekdepleriň köpüsinde, meselem, 17, 21, 36-njy mekdeplerde rus dilli mugallymlaryň aglabasy ýerli özbeklerdir. Soňky ýyllarda olaryň köp bölegi Türkiýä, Russiýa, Özbegistana we Ýewropa ýurtlaryna zähmet migrasiýasyna we hemişelik ýaşamaga göçüp gitdiler. Netijede, rus dilli synplarda 2024-2025-nji okuw ýylynda ençeme dersler türkmen dilinde okadylyp başlandy" diýip, ýerli bilim ulgamynyň işgäri gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda özbek dilinde okadylýan mekdepleriň dikeldilmändigi sebäpli, etniki özbekler hem türkmen dilinde okamaly bolýarlar. Şu sebäpli, sebitiň Dänew, Çärjew, Döwletli, Köýtendag, etraplarynda etniki özbeklerden bolan mekdep mugallymlarynyň ençemesi işden çykyp, ýurdy terk edipdir. Netijede, etraplarda ýiti mugallym ýetmezçiligi emele gelipdir.
Türkmenistanda etniki azlyklaryň köpçülikleýin göçüp gitmegi baradaky habarlaryň fonunda migrasiýa edaralarynda etniki türkmenleriň pasport nobatlaryna ýazylmagynyň wagtlaýyn togtadylmagyna degişli ýagdaýlar ýüze çykypdy.
Geçen ýylyň oktýabrynda Balkan welaýatynyň migrasiýa gulluklarynda 2026-njy ýyla çenli uzan pasport nobatlaryna diňe etniki azlyklaryň wekillerini ýazdyrmak ýola goýlupdy. Şonda Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeler bu ýagdaýyň etniki azlyklaryň wekilleriniň arasynda Türkmenistandan göçüp gitmek meýilleriniň artmagy we olaryň biometriki pasport almak üçin migrasiýa edaralaryna has köp ýüz tutmagy bilen baglydygyny aýdypdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum