ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Kreml lideri Wladimir Putiniň Ukraina urşuny soňlamak barada ylalaşyk baglaşmakdan ýüz öwrüp, Russiýany "weýran edýändigini" aýtdy we, anyk wagtyny görkezmän, Putin bilen basym gepleşip biljekdigini sözüne goşdy.
"Ol ylalaşyk baglaşmaly. Meniň pikirimçe, ylalaşyk baglaşman, ol Russiýany weýran edýär" diýip, Tramp 20-nji ýanwarda kasam kabul ediş dabarasyndan soň, Ak tama geleninde žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.
"Meniň pikirimçe, Russiýa uly kynçylyk çeker" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
"Köp adam uruş bir hepdäniň içinde gutarar öýtdi" diýip, Tramp Putiniň urşy barada açyk aýdan iň tankydy sözleri bolup görünýän bellikleriniň dowamynda aýtdy.
"Meniň pikirimçe, bu urşy bes etmek onuň üçin örän gowy bolardy".
Russiýa bu uruşda ýüzlerçe milliard dollaryny köýdürdi, 700,000 çemesi adam pidasyny çekdi, öz goňşularyny gorkuzdy, şol bir wagtda-da, rublyň hümmetiniň gaçmagynyň arasynda, Ýweropanyň girdejili gaz bazaryny, Günbatar maliýe bazarlaryna elýeterliligini ýitirdi,
Kreml öz býujetiniň takmynan 40 göterimini goşuna sarp edýär. Muňa derek ol Ukrainada boşap galan, weýran edilen territoriýany basyp aldy.
Tramp köplenç adyny hormat bilen tutýan rus prezidenti, Putin bilen bir pursatda gürleşjekdigini aýtdy, ýöne munuň wagtyny anyklaşdyrmady.
Trampyň ýarany, wenger premýer-ministri Wiktor Orban ýaly sagçy şahsyýetlerden başga günbatar liderleri köplenç, syýasy taýdan izolirlemek üçin, Putin bilen duşuşmakdan we telefonda gürleşmekden gaça durýarlar.
"Men [Putin] bilen gowy düşünişdim. Ol ylalaşyk baglaşmak isleýär diýip umyt edýärin" diýip, Tramp mümkin bolan duşuşyk barada gürrüň etdi.
Şeýle-de, ABŞ-nyň prezidenti Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň özüne urşy bes etmek üçin parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmak isleýändigini aýdandygyny aýtdy.
Prezident Tramp saýlaw kampaniýasy wagtynda, wezipesine girişeninden soň 24 sagadyň dowamynda Ukraina urşuny togtatjakdygyny aýtdy. Emma ol soňky hepdelerde bu sözlerinden yza çekildi, ýöne urşy şindi hem uzaga çekdirmän, çalt duruzjakdygyny gaýtalaýar.
Analitikleriň köpüsi urşy bu golaýda duruzmagyň aňsat düşmejekdigini, sebäbi Putiniň häzir özüni ýeňiji hasaplaýandygyny we, Russiýanyň adam we enjam babatynda çeken uly ýitgilerine garamazdan, söweşi bes etmek meýliniň ýokdugyny aýdýar.
"Tramp topary bu hili diskussiýalara başlanda, Putiniň Ukrainany dolulygyna tabyn etmek maksadyndan ýüz öwürmegini gazanmagyň bu prosesdäki iň kyn zat bolakdygyna göz ýetirer" diýip, San-Diýego Döwlet uniwersitetiniň syýasy ylymlar professory, Russiýany we Ukrainany öwrenýän Mihail Alekseýew 15-nji ýanwarda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy
Alekseýew, eger Putiniň urşy bes etmegine çynlakaý çemeleşse, Trampyň Ukraina berilýän kömegi dowam etdirmeginiň zerur boljakdygyny aýtdy.
Russiýa, Ukrainanayň adam güýjüniň ýetmezçiliginiň arasynda, gündogar Ukrainada uruş başlanaly bäri iň çalt depginde territoriýa, toprak gazanýar.
Ukrainanyň goldawçylary, Baýden administrasiýasy tarapyndan berilýän kömegiň mukdaryny tankytlaýan Trampyň Kiýewe şu wagta çenli ret eden, rus güýçleriniň şu wagta çenli basyp alnan topraklaryndan geçmek eglişiklerine gelmegi üçin basyş etmek ähtimallygyndan alada bildirýärler.
Emma muňa garamazdan, käbir bilermenler Trampyň Ukrainany ýeke goýmak ähtimallygyna şübheli garaýarlar. Olar Russiýanyň Ukrainada ýeňiş gazanmagy “Talybanyň” 2021-nji ýylyň awgust aýynda Kabuly basyp alyp, Baýden administrasiýasynyň abraýyna nähili zyýan ýetiren bolsa, Trampyň at-abraýyna hem şonça zyýan ýetirip biljekdigini aýdýarlar.
Russiýa 2022-nji ýylyň fewralyndaky giň gerimli çozuşyndan öň, 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarym adasyna çozdy we ol ýeri bikanun anneksiýa edip, gündogar Ukrainadaky separatistleri goldamak bilen, ahyr netijede gündogar Ukrainanyň uly bölegini basyp aldy.
Kremliň Arktika, Ýakyn Gündogar we Afrika ýaly sebitlerdäki bähbitlerine garşy durmak bilen, ýa-da Eýran we Demirgazyk Koreýa ýaly ýaranlaryny nyşana almak arkaly, Tram Putiniň Ukrainadaky hasaplamalaryny üýtgetmäge synanyşyp biler diýip, Alekseýew aýtdy.
Trampyň soňky bellikleri Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň bu urşuň “ertir ýa-da birigün” gutarmajakdygyny duýduryp, bolup biljek parahatçylyk gepleşiklerinden öň Kiýewi güýçli ýagdaýa çykarmagyň möhümdigini aýdan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.
"Geliň, özümizi aldamalyň" diýip, Makron Fransiýanyň demirgazyk-günbataryndaky fransuz goşunyna ýüzlenip aýtdy.
"Bu konflikt ertir ýa-da birigün çözülmez" diýip, fransuz lideri nygtady.
Forum