ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Wolodymyr Zelenskini Moskwanyň Ukraina çozmagynda günäkärlän ýaly bolup, ukrain prezidentiniň Saud Arabystanynda urşy soňlamak üçin geçirilýän ABŞ-Russiýa gepleşiklerine çagyrylmazlygyndan “lapykeç” bolandygyny aýtdy.
"Men şu gün eşitdim, ow, bizi çagyrmadylar. Siz üç ýyl bäri şol ýerde" diýip, Tramp Ukrainany nazara alyp aýtdy. "Siz ony hiç haçan başlamaly däldiňiz. Siz ylalaşyk baglaşyp bilerdiňiz" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Tramp bu ýerde näme diýmek isleýändigini anyklaşdyrmady, ýöne ol köplenç urşuň başlamagyna Ukrainanyň NATO-a goşulmak isleginiň sebäp bolandygyny öňe sürýär.
Bilermenler Russiýanyň giň gerimli çozuşyny başlamagyna şol döwürde Günbatar goldawy az bolan Ukrainanyň NATO ambisiýasynyň däl-de, eýsem, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň imperiýa ambisiýalarynyň itergi berendigini aýdýarlar.
Tramp 18-nji fewralda, Florida ştatynda ýerleşýän Mar-a-Lago mülkünde guralan metbugat ýygnagynda häzir özüni Ukrainadaky konflikti soňlamak üçin ylalaşyk gazanmak meselesinde has ynamly duýýandygyny aýtdy.
"Men bu urşy soňlamaga güýjüm bar diýip pikir edýärin" diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen beýleki amerikan resmileriniň Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky rus delegasiýasy bilen Riýadda geçiren gepleşiklerinden soň, Tramp žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.
Şeýle-de, Tramp şu aýda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmagynyň ähtimaldygyny aýtdy we 17-nji fewralda Parižde geçirilen Ýewropa sammitinde ara alnyp maslahatlaşylan pikire, Ukraina parahatçylygy goraýyş goşunlaryny ibermek boýunça ýewropa göçümine garşy çykmajakdygyny belledi.
"Eger-de olar muny etmek isleseler, men muny doly goldaýaryn" diýip, Tramp Birleşen Ştatlaryň Ukrainada howpsuzlyk kepilliklerini üpjün etmek üçin iberiljek goşunlara hiç bir goşun bölümini goşmak meýilnamasynyň ýokdugyny aýtmazyndan öň aýtdy.
Şeýle-de, Tramp Ukrainanyň saýlawlary geçirmelidigini aýdyp, "Bu Russiýanyň zady däl, bu menden we beýleki köp ýurtlardan gelýän bir zat" diýdi.
Beýleki ABŞ resmileri Ukrainanyň atyşygy bes etmek ylalaşygy gazanylandan soň saýlaw geçirip biljekdigini we munuň "demokratiýa üçin gowy" boljakdygyny öňe sürdüler.
Emma muňa garamazdan, Ukrainanyň konstitusiýasy harby düzgün kanuny wagtynda saýlaw geçirilmegini gadagan edýär. Ukrainadaky harby düzgün kanuny Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan giň gerimli urşundan soň girizildi we onuň möhleti şu güne çenli birnäçe gezek uzaldyldy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň bäş ýyllyk möhleti 2024-nji ýylyň maý aýynda, mart aýynda geçirilen saýlawlardan soň tamamlanmalydy we, parahatçylyk ylalaşygyna gol çekmäge hukugynyň ýokdugyny öňe sürmek bilen, Putin Zelenski bilen gepleşik geçirmejekdigini aýtdy.
18-nji fewralda, Riýaddaky gepleşiklerden soň, 2022-nji ýylda başlanan uruşdan bäri Waşington-Moskwa arasynda bolan ilkinji ýokary derejeli maslahatda Russiýa bilen ABŞ urşy “mümkin boldugyça gysga wagtda” soňlamagyň ýoly barada gepleşik geçirjek toparlary döretmek" ylalaşygyna geldi diýip, Rubio aýtdy.
Şeýle-de, ABŞ-nyň döwlet sekretary, Bileleşigiň girizen sanksiýalary sebäpli, Ýewropa Bileleşiginiň “belli bir pursatda [gepleşik] stolunyň başynda bolmalydygyny” aýtdy.
Sanksiýalar konflikt netijesinde girizildi diýip, ol "Associated Press" we CNN telekanaly bilen eden söhbetdeşliginde aýtdy. "Islendik konflikti soňlamak üçin ähli taraplar tarapyndan eglişik edilmegi gerek" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Rubio, parahatçylyk gepleşiklerini, ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has giňden goldajak missiýalary döretmek üçin, ABŞ we Russiýa ilçihanalarynyň “işlemek ukyplylygyny” gowulandyrmagyň hem zerurdygyny belledi.
Ol ilçihanalarda "kadalylygy" dikeltmek üçin zerur bolan çäreleriň haýal etmän görülmegine çagyrdy we bu "biziň etmek isleýän beýleki iki zadymyza esas döretmek üçin möhüm" diýdi.
Ýewropa liderleriniň käbiri ABŞ syýasatynda Russiýa bilen gatnaşyklar babatynda bolan radikal üýtgeşmeden howatyr edip, Waşingtonyň çynlakaý eglişiklere gelmeginden we materigiň howpsuzlyk ulgamyny gaýtadan düzmeginden howsala düşýär.
Forum