ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp geçen hepde Owal ofisinde Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen bolan gyzgyn çekişmeden soň, Ukraina berilýän ähli harby kömegi togtatdy diýip, ýokary derejeli resmiler habar beriş serişdeleriniň birnäçesine aýtdylar.
Bu, Ukraina üçin howpsuzlyk kepillikleriniň ýoklugyna garamazdan, Russiýa bilen parahatçylyk şertnamasyny ara alyp maslahatlaşmak barada ABŞ-nyň tagallalaryna goşulmak babatynda Kiýewiň üstündäki basyşy artdyrýar.
"Biz çözgüde goşant goşýandygyna göz ýetirmek üçin kömegimizi duruzýarys we gözden geçirýäris" diýip, Birleşen Ştatlaryň habar beriş serişdeleri Ak tamyň anonimlik şertinde maglumat beren bir resmisine salgylanyp, 3-nji martda habar berdi.
"Prezident özüniň ünsüni parahatçylygy gazanmaga gönükdirýändigini açyk aýtdy. Biziň hyzmatdaşlarymyzyň hem bu maksada ygrarly bolmagy zerur" diýlip, habarda bellenilýär.
"Bu kömegiň hemişelik bes edilmegi däl, bu bir arakesme" diýip, "Fox News" Tramp administrasiýasynyň bir işgäriniň sözlerine salgylanýar.
"Bloomberg" we "Fox News" habar serişdeleriniň maglumatyna görä, bu arakesme, Tramp Ukrainanyň ýolbaşçylarynyň Russiýa bilen parahatçylyga ygrarlydygyny görkezýändiginden kanagatlanýança dowam eder.
“Olar parahatçylyk barada gürleşmek islänlerinde, meniň pikirimçe prezident Tramp telefony galdyran ilkinji adam bolar” diýip, wise-prezident JD Wans (JD Vance) 3-nji martda “Fox News” ýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.
Zelenskiý jaň edip, “jikme-jiklikleri çynlakaý ara alyp maslahatlaşmak isleýändigini aýdan bolsa, onda elbetde, biz ukrainler bilen gürleşmek isleýäris” diýip, Wans sözüne goşdy.
“ABŞ möhüm hyzmatdaş we biz muny gorap saklamaly”
Bu barada resmi beýanat ýok, we Ukrainanyň premýer-ministri Denis Şmyhal “haýsydyr bir zadyň saklanandygy barada häzirki wagta çenli özünde maglumatyň ýokdugyny” aýtdy. Emma, ol Ukrainanyň “ABŞ bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge düýpli ygrarlydygyny” nygtady.
“ABŞ möhüm hyzmatdaş we biz muny gorap saklamaly” diýip, Şmyhal 4-nji martda geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy.
Ol, Kiýewiň islendik wagtda ABŞ bilen mineral şertnamasyny baglaşmaga taýýardygyny hem belledi. Zelenskiýniň 28-nji fewralda Ak tama eden saparynyň ýaramaz tamamlanmagy netijesinde, bu şertnama gol goýulmandy.
Şmyhal Ukrainanyň öz uruş liniýasyndaky goşun bölümlerini üpjün etmäge ukyply bolmagynda galýandygyny we Russiýanyň çozuşyna garşylyk görkezmek üçin “ähli zady etjekdigini” hem nygtady.
“Biziň diňe bir meýilnamamyz bar: ýeňmek we aman galmak. Biz ýeňeris, ýa-da B meýilnamasy başga biri tarapyndan ýazylar” diýip, Şmyhal aýtdy.
Harby kömegiň togtadylmagy, 28-nji fewralda Ak tamda geçirilen duşuşykda has-da çuňlaşan, Zelenskiý bilen Tramp administrasiýasynyň arasyndaky düşünişmezligiň gerimini hasam giňeldýär.
Şeýle-de bu, ABŞ-nyň Ukrainany rus çozuşlaryndan goramakda berýän goldawy baradaky eýýäm bar bolan köp sanly soragy has-da güýçlendirýär. Bu waka, köp sanly adam pidalaryna garamazdan, Moskwanyň güýçleriniň birnäçe aý bäri öz pozisiýalaryny berkidýän we Ukrainanyň Ýewropada 1945-nji ýyldan bäri bolýan iň uly uruşda adam güýjüniň ýetmezçiligi we beýleki kynçylyklar bilen göreşýän mahalyna gabat gelýär.
Kremliň reaksiýasy
Harby kömegiň togtadylmagy, Kiýewde we Günbatarda ony goldaýanlaryň arasynda Ukrainanyň ok atyşygy bes etmegi ýa-da Moskwanyň bähbidini goldaýan parahatçylyk şertnamasyny kabul etmek babatynda basyşa sezewar edilip bilinjekdigi baradaky aladalary artdyrjaga meňzeýär.
Kreml bu habary gowy garşy aldy. “Bu hakykat bolsa, onda bu, Kiýew režimini hakykatdanam parahatçylyk etabyna iterip biljek karar” diýip, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.
“Eger Birleşen Ştatlar [ýarag üpjün ediji] bolmagyny bes etse ýa-da bu üpjünçilikleri togtatsa, bu parahatçylygyň işine iň gowy goşant bolar” diýip, Peskow belledi.
"The New York Times" neşiriniň maglumatyna görä, harby kömegi togtatmak baradaky arakesme, milliard dollardan gowrak ýaragyň üpjün edilmegini we olary öndürmek üçin sargytlary togtadar.
Harby kömegiň togtadylmagynyň täsiri
ABŞ-nyň ýaraglarynyň uruş liniýasynyň birinji hataryna akmagyndaky islendik bökdençlik, Ukrainanyň Russiýanyň çozuşyny ýeňmek mümkinçiligini çalt gowşadar.
Bu togtadyşyň “häzirki wagtda Ukrainada bolmadyk ABŞ-nyň ähli harby enjamlaryna, şol sanda uçarlardaky we gämilerdäki üstaşyr ýa-da Polşanyň üstaşyr sebitlerinde garaşýan ýaraglara” degişlidigini “Bloomberg” habar gullugy aýdýar.
Togtatmak kararynyň takyk näçe möçberdäki harby kömege täsir edýändigi anyk belli däl, ýöne Baýdeniň döwründe Kongres tarapyndan tassyklanan 3,85 milliard dollarlyk ýaragyň Ukraina geçirilmegi üçin zerur bolan serişde entek Ak tam tarapyndan bölünip berilmedi.
Tramp ýanwar aýynda prezidentlige girişeli bäri täze harby kömek tassyklanmady.
ABŞ-nyň Kongresi, Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy giň gerimli çozuşyna başlaly bäri, Kiýewi goldamak üçin 180 milliard dollardan gowrak serişde berdi. Bu, şondan bäri Ukraina berlen harby kömegiň takmynan üçden iki bölegini emele getirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum