Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Waşingtonda prezident Donald Tramp bilen jemgyýetçiligiň öňünde juda adaty bolmadyk bir çekişmäni geçirendigine garamazdan, Ak tam bilen gatnaşyklary halas edip boljakdygyna ynanýandygyny aýtdy. Gyzgyn çekişme Russiýanyň Ukraina garşy urşuny tamamlamak ugrundaky gepleşikleriň çäginde ýüze çykdy.
Zelenski 28-nji fewralda Ak tamda geçirilen duşuşykdan soň gyssagly ýagdaýda terk etdi, Tramp ukrain lideriniň hormatsyzlyk görkezendigini we “parahatçylyga taýar bolan wagty yzyna dolanyp biljekdigini” aýtdy.
Zelenski Tramp bilen mineral serişdeler baradaky ylalaşygy baglaşman çykyp gitdi. Bu duşuşygyň esasy maksady bolup, göz öňünde tutulan metbugat ýygnagy hem ýatyryldy.
Zelenski gyzgyn çekişmeden birnäçe sagat geçenden soň eden ilkinji jemgyýetçilik ýüzlenmesinde, ýagny Fox News tele-kanalyna beren interwýusynda Trampy sylaýandygyny aýtdy, we gatnaşyklary halas edip boljakdygyna “elbetde” ynanýandygyny belledi we Ukrainanyň öz hyzmatdaşyny ýitirmek islemeýändigini nygtady.
Soňky özgerişlikler Ukrainanyň Russiýanyň doly gerimli çozuşyna garşy durmakda ABŞ-nyň goldawy babatdaky soraglary hasda artdyrdy.
Forum