Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tejenli gallaçylar bugdaý meýdanlarynda gemrijileriň we ýylanlaryň köpelmegine alada bildirýär


Bugdaý meýdany (Illýustrasiýa suraty)
Bugdaý meýdany (Illýustrasiýa suraty)

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň bugdaý meýdanlarynda syçan we alaka ýaly gemrijiler köpelýär. Munuň bilen bir wagtda, ekin meýdanlarynda ýylanlaryň sany hem artýar. Bu ýagdaýlar ýerli daýhanlary alada goýýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji iýulda sebitden maglumat berdi.

“Şu günler howanyň temperaturasy gündizlerine kölegede 40 gradusdan aşyp, yssy howa şertleri saklanyp galýar. Dowam edýän gurakçylygyň arasynda, şu ýyl ekin meýdanlarynda syçan, alaka ýaly gemrijileriň sany örän köpeldi” diýip, ýerli kärendeçi daýhan gürrüň berdi.

Tejenli kärendeçileriň ençemesi anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda gemrijileriň tomus paslynyň başynda ýaýrap başlandygyny, ýöne ýerli oba hojalyk resmileri tarapyndan çäre görülmändigini belleýär.

“Bu barada yzygiderli eden şikaýatlarymyza garamazdan, zyýanly gemrijilere garşy göreş ünsden düşürildi. Oba hojalygynda gemrijilere garşy ulanylýan himiki serişdeleri satyn almaga pul serişdesiniň ýetmezçilik edýändigi sebäpli, kärendeçi daýhanlar galla ekini üçin zerur bolan dökünler, himiki serişdeler bilen doly üpjün edilmedi” diýip, tejenli kärendeçi daýhan aýtdy.

Türkmenistanda gallaçylar şertnama esasynda döwletden kärendesine alan ekin meýdanlarynda bugdaý ösdürip ýetişdirýärler we onuň hasylyny döwletiň kesgitlän bahasyndan döwlete satmaga borçlanýarlar. Öz gezeginde, degişli döwlet edaralary ekerançylyk döwründe daýhanlary ýeňillikli mineral dökünleri bilen üpjün etmäge borçlanýar.

“Gemrijileriň, hususan-da, alakalaryň köpelmegi bugdaýyň ösüşine zyýan ýetirip, galla meýdanlarynda köp hasylyň ýitgi çekmegi dowam edýär” diýip, daýhan şu ýyl köp gallaçy kärendeçiniň maddy zyýan çekmegine garaşylýandygyny aýdýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda galla oragy möwsümi dowam edýär. Galla oragyna Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda 14-nji iýunda girişildi.

Türkmenistanda şu ýyl 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak göz öňünde tutulýar. Bu hasylyň 400 müň tonnasyny Ahal welaýatyndan ýygnap almak meýilleşdirilýär. Bu, ýurt boýunça iň uly görkezijidir.

Bugdaý meýdanlarynda gemrijileriň sanynyň artmagy, oba hojalyk ýerlerinde ýylanlaryň sanynyň hem göz-görtele köpelmegine getirdi.

“Esasan hem Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýylanlaryň kepjebaş görnüşi has-da köpeldi. Ýylanlaryň beýleki görnüşiniň kepjebaş tarapyndan ýok edilmegi, onuň bu görnüşiniň agdyklyk etmegine sebäp boldy” diýip, daýhan belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, daýhanlar bir tarapdan, gemrijileriň galla hasylyna zyýan ýetirmegine aladalanýan bolsalar, beýleki tarapdan, ekin meýdanlaryndaky ýylanlaryň özleriniň saglygyna abandyrýan howpundan howatyrlanýarlar.

“Kepjebaşyň iňňän zäherlidigini göz öňünde tutsaň, ynsana ölüm howpunyň abanýandygyny aňladýar. Şol sebäpden welaýatlardan işlemäge gelen daýhanlar galla meýdanlarynda işlemekden köpçülikleýin ýüz öwrüp, sebiti terk edýärler. Bu bolsa, galla hasylynyň has-da pes boljakdygyny aňladýar” diýip, kärendeçi daýhan aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Tejeniň oba hojalygy resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde gemrijileriň wagtal-wagtal ýaýramagy barada Azatlyk Radiosy soňky ýyllarda ençeme gezek maglumat berdi.

Geçen ýylyň maý-noýabr aýlarynyň dowamynda habarçylarymyz Mary welaýatynyň Baýramaly we Garagum etraplarynda diňe ekerançylyk meýdanlarynda däl, eýse hojalyk jaýlarynda we köp gatly jaýlaryň ýerzeminlerinde hem alakalaryň we syçanlaryň köpelýändigini habar berdiler.

Türkmenistanda ýokanç keselleri geçiriji gemrijileriň san taýdan öňkülerden köpelmeginiň sebäbi barada anyk maglumat ýok. Ýöne oba ýaşaýjylary bu ýagdaýy gurakçylyk, galyberse-de, köçelerde itleriň we pişikleriň häkimiýetler tarapyndan ýok edilmegi ýaly ýagdaýlar bilen baglanyşdyrýarlar.

Türkmen mediasy ýurtda gemrijileriň köpelmegi we munuň bilen baglylykda ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada habar bermeýär. Şol bir wagtda, türkmen hökümetine tarapdar neşirleriň käbiri daşary ýurtlarda alakalara garşy görülýän göreş barada maglumat berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG