Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda gemrijiler köpelýär, sanitariýa hünärmenleriniň hödürleýän çäkli çözgüdi netije bermeýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Mary welaýatynyň Baýramaly we Garagum etraplaryndaky ekerançylyk meýdanlarynda, hojalyklaryň ot-iým saklanýan jaýlarynda, köpgatly jaýlaryň ýerzeminlerinde alakalar we syçanlar köpelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 31-nji maýda sebitden maglumat berdi.

Oba ýerlerinde ekerançylyk bilen meşgullanýan ýaşaýjylaryň ençemesi ekin meýdanlarynda, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, has köp alakalaryň we syçanlaryň peýda bolýandygyny aýdýarlar.

“Alakalar we syçanlar öňler seýrek hem bolsa gabat gelerdi, ýöne şu ýyl has-da köpeldi. Olar ekinlerimizi zaýalaýarlar, ýeri gazyp, gum çykarýarlar, zaýaçylyk getirýärler” diýip, maryly bir daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Günorta-gündogar sebitde gemrijileriň san taýdan öňkülerden köpelmeginiň aňyrsynda ýatan sebäpler barada anyk maglumat ýok, ýöne oba ýaşaýjylary bu ýagdaýy gurakçylyk, galyberse-de, köçelerde itleriň we pişikleriň häkimiýetler tarapyndan ýok edilmegi ýaly ýagdaýlar bilen baglanyşdyrýarlar.

“Öňler suw bol bolanda, syçanlaryň hinine suw girip, olary daş çykmaga mejbur ederdi, it-pişikler olary awlardy” diýip, bir oba ýaşaýjysy aýdýar.

Sebitde gemrijileriň köpelmegi baradaky habarlar ýurt boýunça galla oragyna girişilýän pursatyna, galyberse-de, ekin meýdanlarynda gök-bakja ekinleriniň ideg işleriniň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Ýöne bu problema diňe bir oba ýaşaýjylaryny däl, eýsem, şäher ýerleriniň ýaşaýjylaryny hem ynjalykdan gaçyrýar.

Baýramalynyň etrap merkezinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe ýaşaýjy köp gatly jaýlaryň ýerzeminlerinde alakalara we syçanlara has köp duş gelinýändigini aýdýarlar.

“Alakalar we syçanlar köp gatly jaýlaryň ýerzeminlerinde hem mesgen tutup başladylar. Şäherde her ýyl it-pişikleri ýok etmek kampaniýalary dowam etdirilýär, pişikler azalýar, şo sebäpden, alakalar we syçanlar arkaýynlaşyp, indi şäher ýerlerine-de ýaýrap başladylar” diýip, birnäçe şäher ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2019-njy ýylyň tomsunda we gyş aýlarynda Aşgabatda gemrijileriň we mör-möjekleriň köpelendigini, 2020-nji ýylyň tomsunda bolsa, Türkmenabat şäherindäki köpgatly jaýlaryň ýerzeminlerinde syçanlaryň köpelendigini habar berdiler.

Türkmenistanda häkimiýetler soňky ençeme ýyl bäri ýurduň dürli sebitlerinde öýsüz it-pişikleri ýok etmek kampaniýalaryny alyp barýarlar. Hususan-da, şäher ýerlerinde öýsüz pişikleri köpçülikleýin ýok etmek kampaniýalarynyň güýçlenmegi bilen, syçanlar köpelip başlaýar. Şol bir wagtda, günorta-gündogar sebitiň ýaşaýjylary gemrijileriň köpelmegini gaýtalanýan gurakçylyk bilen baglanyşdyrýarlar.

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň birnäçe ýaşaýjysy Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyna ýüz tutup, gemrijilere garşy göreşmek boýunça maslahat we kömek sorapdyrlar.

Gullugyň işgärleri özlerine ýüz tutýan raýatlara syçanlara garşy göreşmek üçin gyzyl reňkli awuly bugdaý berýär.

Ýöne etrap ýaşaýjylary ýere sepilýän awuly bugdaýlaryň ganatly guşlaryň ölümine getirýändigini aýdýarlar. Sebäbi, zäherlenen bugdaý däneleri diňe bir gemrijilere däl, eýsem, guşlara-da iým bolýar.

“Guşlar awuly bugdaýlary çokansoň, zäherlenip ölýärler. Biz ekinlerimizi guşlardan gorap bilýäris. Ekiniň ortasyna garantgy dikip, ýa-da ses edip, goh-galmagal bilen guşlary kowup bilýäris. Emma ýeriň teýindäki syçanlaryň we alakalaryň çäresi ýok” diýip, bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Mary sebitinde gemrijileriň köpelmegi barada welaýat häkimliginden hem-de Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri günorta-gündogar sebitde alakalaryň we syçanlaryň köpelmegi, munuň netijesinde ýerli ýaşaýjylaryň ýüzbe-ýüz bolýan täze problemalary barada habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG