Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 7-nji ýanwarda Saud Ösüş gaznasynyň baş ýerine ýetiriji dolandyryjysy Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul edip, onuň saparynyň iki ýurduň maliýe we ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Saud Ösüş gaznasy bilen gatnaşyklarynyň ýokary derejesinden kanagatlanma bildirilýär.
"...Geçen döwrüň içinde gazna ýurdumyzda amala aşyrylan birnäçe milli we halkara ähmiýetli iri taslamalary maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşdy. Saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk hem-de maliýe ulgamlarynda amala aşyrylan taslamalar munuň aýdyň mysalydyr" diýip, Berdimuhamedow aýtdy.
TDH-nyň ýazmagyna görä, myhman türkmen bazarynyň maýa goýum babatda özüne çekijiliginiň uly gyzyklanma döredýändigini aýtdy.
Sultan Al-Marşadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary şol gün daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşlygyndaky türkmen wekiliýeti bilen duşuşyp, maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.
Taraplar saud maýasynyň gatnaşmagynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, suw we oba hojalygy, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamlaryndaky taslamalary gözden geçirdiler.