Sepleriň elýeterliligi

 
Stambulyň tussaglykdaky häkimi Ekrem Ymamoglu Türkiýäniň esasy oppozisiýa partiýasyndan prezidentlige dalaşgär görkezildi
Soňky habar

Stambulyň tussaglykdaky häkimi Ekrem Ymamoglu Türkiýäniň esasy oppozisiýa partiýasyndan prezidentlige dalaşgär görkezildi


Türkiýede oppozisiýanyň protesti
Türkiýede oppozisiýanyň protesti

Türkiýäniň oppozisiýadaky Respublikan halk partiýasy Stambulyň tussag edilen we wezipesinden gyrakladylan öňki häkimi Ekrem Ymamogluny prezidentlige dalaşgärlige hödürledi.

Oňa 15 million töweregi adam goldaw sesini berdi. Bu maglumat partiýanyň lideri Ozgur Ozel tarapyndan, Stambulda geçirilen ýygnakda yglan edildi we Ymamoglunyň X ulgamyndaky hasabynda hem çap edildi.

"Men siz bilen Siliwri türmesine gelen habary paýlaşmak isleýärin, bu meni diýseň begendirýär. 15 million raýatymyz ses berdi we Erdogana: "Besdir!" diýdi" diýip, onuň ýzgysynda aýdylýar.

Oppozisiýa partiýasynyň başlygy Ozgur Ozel Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogany irki prezident saýlawlaryny geçirmek we Ekrem Ymamoglu bilen bäsleşmek kararyna gelmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG