Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystanynyň paýtagty Riýadda ABŞ, ukrain wekilleriniň duşuşygy geçirildi


ABŞ bilen Ukrainanyň wekiliýet toparlarynyň Saud Arabystanynda geçiren ozalky gepleşikleri. 11-nji mart
ABŞ bilen Ukrainanyň wekiliýet toparlarynyň Saud Arabystanynda geçiren ozalky gepleşikleri. 11-nji mart

Saud Arabystanynyň paýtagty Riýadda ABŞ-nyň we Ukrainanyň wekilleriniň duşuşygy başlandy diýip, Ukrainanyň goranmak ministri Rustem Umerow 23-nji martda habar berdi.

"Biz Riýadda amerikan topary bilen duşuşyga başladyk. Ukrainanyň prezidentiniň biziň döwletimiz üçin mynasyp parahatçylygy golaýlatmak we howpsuzlygy üpjün etmek barada kesgitlän wezipelerini ýerine ýetirýäris. Hususan-da energiýa desgalarynyň we infrastrukturanyň howpsuzlygy baradaky tekliplere seredilýär" diýip, ol Facebook hasabynda aýtdy.

Umerowyň sözlerine görä, taraplar birnäçe "çylşyrymly tehniki meseleler" barada pikir alyşýarlar we ukrain wekiliýetiniň düzümine "energiýa hünärmenleri, deňiz we howa komponentleriniň harby wekilleri" girýär.

"Söhbetdeşlik konstruktiw we manyly boldy - esasy meseleler, hususan-da, energetika pudagy barada pikir alyşdyk" diýip, Umerow gepleşiklerden soň sosial mediada ýazdy. Ýöne ol birinji gün täze duşuşygyň meýilleşdirilýändigini ýa däldigini aýtmady.

Riýadda aýratynlykda ABŞ-Russiýa gepleşikleri hem geçiriler. Deslapky maglumata görä, ol 24-nji martda, birinji gün başlanar diýlip garaşylýar.

XS
SM
MD
LG