Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Salam, Dogan! Aýal-gyzlaryň saýlap-seçmek hakyna kim, näme üçin dawa salýar?


Gupbaly gyzlar
Gupbaly gyzlar

Azatlyk radiosy iki hünärmen, Birleşen Ştatlaryň Deňiz güýçleri uniwersitetinde, Brute Krulak innowasiýa we uruş sungaty merkezinde işleýän, türkmen durmuşy barada kitap ýazan Wiktoriýa Klement we "Saglyk” programmasynyň, "Progres" fondunyň esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowa bilen telefon söhbetdeşligini gurap, olardan türkmen zenanlarynyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky ýagdaýy baradaky pikirlerini sorady.

Türkmen aýal-gyzlarynyň durmuşyndaky, hak-hukuklaryndaky çäklendirmeler, synçylaryň käbiriniň pikirine görä, ýurtda häkimiýet atadan oglan geçeninden soň has güýçlenip başlady. Emma bu çäklendirmeler, synçylaryň käbiriniň pikirine görä, 1991-nji ýyldan soň, ýurt garaşsyzlygyny yglan edeninden soň güýçlenip başlady we soňky onýyllyklarda, ykdysady kynçylyklaryň barha çuňlaşmagy bilen, aýal-gyzlar ozaly okuw, hünär, iş, gazanç mümkinçilikleriniň barha azalmak, barha kän erkeklere elgarama bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Emma häkimiýetler bu hili howpuň bardygyny, şeýle-de ýurtda aýallaryň boýnuna dakylan berk eşik düzgüni barada aýdylýanlary ret edýärler. Ikinji tarapdan, aýal-gyzlaryň hak-hukuklarynyň türkmençilik diýilýän milli däpleriň has öňe müňzemegi netijesinde, jemgyýetiň has konserwatiwleşmeginiň ‘gurbany bolýandygyny’ aýdýanlar hem bar. Bu meselede döwletiň we halkyň, adamlaryň oýnaýan rollary barada hem dürli pikirler bar.

Eýsem, Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hak-kuklary, azatlyklary, okuw, iş ýagdaýlary 1991-nji ýyldan bäri, soňky 30 ýylda gowulaşdymy ýa erbetleşdi?

Türkmenistandaky durmuşy daşary ýurtdan baryp öwrenen Wiktoriýa Klementiň türkmen aýallarynyň sözlerine salgylanyp aýtmagyna görä, bu döwürde ýurtda saýlap-seçmek mümkinçiligi, ýagny azatlyk has azalana meňzeýär.

“Maňa türkmen aýallarynyň aýtmaklaryna görä, olar öň başgaça, dürli-dürli geýnipdirler, hemişe şol bir sada köýnegi geýmändirler. Men muny gender bölünişiginiň jemgyýetçilik ýüzüniň berk görkezijisi diýip hasaplaýaryn. Meniň pikirimçe, bu ýurtda saýlap-seçmek mümkinçiliginiň azalandygyny görkezýär.”

Aýnabat Ýaýlymowanyň pikiriçe, Türkmenistanda diňe aýallaryň hukuklary çäklendirilmeýär:

“Erkekler, aýallar ýa çagalar, tapawudy ýok, Türkmenistanda adamlaryň hal-ahwaly gowy däl. Şeýlelikde, Türkmenistanda adam hukuklary dowamly ýaramazlaşýar. Türkmenler Orweliň 1984 we Kafkaesk reallyklaryny başdan geçirýän adamlar. Bu hemmelere degişli ýagdaý, onsoň aýallaryň ýagdaýy erbet, erkekler hezil edip ýör diýmek dogry bolmaz. Şu sebäpden biz bu mesele barada gürrüň edilende has oýlanyşykly bolmaly.”

Türkmenistan meseleleri bilen 20 ýyldan gowrak wagt bäri professional derejede meşgullanýan Aýnabat Ýaýlymowanyň pikiriçe, türkmen aýal-gyzlary, sowet döwründe gazanylan mümkinçilikler nukdaý nazaryndan seredilende, hem şahsy durmuşlarynda, hem jemgyýetçilik durmuşlarynda köp zat ýitirdiler.

Ol bu ugurdaky statistiki maglumatlaryň ýeterlik däldigini belläp, bu ýerde örän uly meseleleriň bardygyny, hususan-da aýallaryň içerki zorlukdan goralmaýanadygyny, olary bu zorlukdan goraýan kanunyň hem ýokdugyny, aýallaryň abort etdirmek, çaga düşürtmek mümkinçilikleriniň bolsa kanunda, kagyz ýüzünde hem azaldylandygyny öňe sürýär.

Şol bir wagtda, hünärmeniň pikiriçe, Türkmenistanda ýazylmadyk kanunlar, dilden berilýän buýruklar esasynda hem köp hak-hukuk çäklendirilýär.

Eýsem, gender deňsizligi meselesi näme üçin Türkmenistanda berk saklanyp galýar? Türkmen jemgyýetçiliginde aýal-gyzlar formal taýdan beýleki musulman jemgyýetleri, goňşy ýurtlar bilen deňeşdirilende, has liberal şertlerde ýaşaýarlar diýen pikire nähili garaýarsyňyz? Bu ýerde sowet döwründe we soňra bolan özgerişlikleriň nähili roly bolup biler?

Wiktoriýa Klementiň pikiriçe, gender deňligi we içerki zorluk barada aýdylanda, mesele diňe kanunlaryň bolmazlygynda hem däl.

“Siz kanunlary agzadyňyz, meniň pikirimçe, problema diňe kanunlaryň bolmazlygynda hem däl. Bu ýerde jemgyýetçilik pikirlenişiniň üýtgemegi gerek. Türkmenistan bu meselede Merkezi Aziýadaky beýleki ýurtlardan gowurak pozisiýada ýerleşýär diýip bolmaz. Ýöne men Gazagystanda we Özbegistanda jemgyýetçilik pikirlenişinde, ara alnyp maslahatlaşylýan meselelerde üýtgeşiklik görýärin. Jyns, gender deňsizliginiň Türkmenistanda saklanyp galmagynyň esasy sebäbi, meniň pikirimçe, ol ýerde entek jemgyýetçilik pikiriniň üýtgemezligi bilen bagly. Men Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende has liberal şertleriň bardygyna ynanamok. Elbetde, goňşy Gazagystanda we Özbegistanda maşgaladaky zorluklar we aýallaryň hukuklary barada edilýän gürrüňlerde we pikir alyşmalarda, praktikada bolmasa-da, üýtgeşiklikler boldy. Gazagystanda we Gyrgyzystanda biz ýylyň ýylyna aýal-gyzlaryň we olaryň tarapdarlarynyň, hususan-da 8-nji martda, Halkara aýallar gününde demonstrasiýa guraýandygyny ýa-da muňa synanyşýandygyny görýäris. Gazagystanda biz demonstrasiýalaryň has ýygy-ýygydan guralýandygyny görýäris. 2022-nji ýylda Gazagystanda prezidentlige kandidat bolan zenan Saltanat Tursynbekowa maşgaladaky zorlugyň we çagalara zulum, sütem etmegiň gazak jemgyýetinde “adaty bir zada” öwrülendigini aç-açan aýdyp, maşgaladaky zorlugy ýok etmegi öz platformasynyň sütüni, özeni edip goýdy.”

W.Klement Gazagystanyň golaýda aýal-gyzlara garşy zorluga bagyşlanan täze dokumental filmi jemgyýetçilige hödürländigini, adamlaryň bu meseläni ara alyp maslahatlaşýandygyny hem sözüne goşdy.

Şeýle-de, ol Özbegistanyň Daşkent şäherinde indi, metronyň içinde “zorluk biziň medeniýetimize ýat” ýagny “mahsus däl” diýip ýazyp, metro ulgamynda hem maşgaladaky zorluga garşy kampaniýa geçirilýändigini belledi. Ol munuň “başlangyçdygyny”, adamlaryň başgaça pikirlenip başlamagynyň möhümdigini hem sözüne goşdy.

Onuň pikiriçe, bular diňe kanunçylyga bagly däl, çemeleşmeleriň sosial pikirlenişi nyşana almagy maşgaladaky zorluga garşy göreşde has möhüm, esasy mesele hem bolup biler. Ýöne türkmen jemgyýetinde beýle çemeleşmeler ýok, bu ýerde erkeklere henizem maşgalanyň baştutany we ekleýjisi hökmünde garalýar, aýallar bolsa esasan “ideg edijiler” hökmünde görülýär.

Ol aýallaryň Türkmenistanda bütin ýurt boýunça gadyr-gymmaty bilinmeýän, kän alga alynmaýan, az hak tölenýän işlerde işleýändigini, şol bir wagtda-da olaryň ykrar edilmeýän ýa-da çal ykdysadyýetiň içinde ýitýän işleri edip, ýurdy we maşgalalary aýak üstünde saklaýandygyny öňe sürdi.

Aýnabat Ýaýlymowanyň pikiriçe, Türkmenistan taryhy taýdan patriarhal jemgyýet bolup durýar we häzir hem şonlugyna galýar.

“Aýallaryň üç sany esasy roly boldy: ol aýal boldy, ol ene boly, ol aýal dogan, uýa boldy. Bu ýagdaý sowet başlangyçlary esasynda üýtgedilip başlandy. Edgar (Adrienne Lynn Edgaryň “Tribal Nation” atly kitaby nazarda tutulýar – red) muny örän gowy belleýär, ol ýerde kän garşylyk boldy. Sowet inisiatiwalary okuw, iş mümkinçilikleri bilen başlandy, türkmen aýallary jemgyýetçilik ýerlerine çykyp, görnüp başlady. Ol işe, okuwa gitdi, bir ýerden başga ýere gidip, syýahat edip başlady. Bu taryhy taýdan esasy geçiş nokady boldy. Aýallar şondan öň jemgyýetçilige az çykýardy, olar ozal jemgyýetçilik ýerlerinde görünmeýärdi, bu meniň üçin örän möhüm. Olar bilim almak, işlemek mümkinçiligi bilen jemgyýetçilik ýerlerine aralaşyp başladylar.”

W.Klement A.Ýaýlymowanyň sowetleriň türkmen aýallarynyň durmuşyna getiren özgerişligi baradaky pikirleri bilen ylalaşýar. Şol bir wagtda, sowetleriň dolandyryşy astynda durmuşyň käbir ugurlary üýtgän hem bolsa, amerikan awtorynyň pikiriçe, 20-nji asyr türkmen jemgyýetine özgerişlik getiren pikirler diňe Moskwadan gelen idealar bilen bagly däl.

“Biz jadidleriň we jadidlerden ruhlanan türkmenleriň 20-nji asyryň başynda eden işlerini ünsden düşürmeli dälmikak diýýärin. Gelinlik puluny, galyňy ýok etmek we umuman jemgyýeti gowulaşdyrmak üçin gyzlara bilim bermek olaryň esasy pikirleriniň biri bolup durýardy. Eger-de sowet döwleti bu intellektuallary ýok etmedik bolanlygynda, görnüşinden, bu progres, öňegidişlik dowam ederdi” diýip, Klement pikir edýär.

1928-nji ýyl. Okamagy, ýazmagy öwrenýän türkmen zenanlary. Arhiw suraty
1928-nji ýyl. Okamagy, ýazmagy öwrenýän türkmen zenanlary. Arhiw suraty

Eýsem, şu ýagdaýlardan soň, häzirki günlerde ýagdaýyň ýaramazlaşmagyny näme bilen düşündirip bolar?

W.Klementiň pikiriçe, şu günki günde Türkmenistanda bolýan zatlaryň köpüsi ýokardan aşak gaýdýar we şol bir wagtda-da bu ýagdaý ýokardan gaýdýan zatlar bilen döwletiň diýýän däp bolan gymmatlyklarynyň birleşdirilmegi, garyşdyrylmagy hökmünde häsiýetlendirilip bilner.

Şeýle-de, ol däp bolan gymmatlyklaryň sosial taýdan örän konserwatiwdigine, maşgala gönükdirilendigine ünsi çekýär we bu ýerde hiç bir ýalňyşlygyň ýokdugyny, ýöne adamlarda saýlap-seçmek mümkinçiliginiň bolmalydygyny öňe sürýär.

Bu meni... [türkmençilik] hakykatda jemgyýetçilik tarapyndan döredilen türme hökmünde hyzmat edýän bolmasyn diýip pikir etdirýýär...”
A.Ýaýlymowa

Köp düzgün ýazylmadyk hem bolsa, biz bu ýerde adamlaryň durmuşyna täsir edýän köp zadyň döwlet tarapyndan ündelýändigini, ýagny ýokardan orkestrlik edilýändigini görýäris diýip, amerikan hünärmeni belleýär.

A.Ýaýlymowa türkmenleriň geçmişdäki gender deňligi adwokatlary ýa-da türkmen feministleri barada ýeterlik maglumatyň ýokdugyny aýdyp, olaryň bilinmeýändigini, netijede olaryň bolandygyny, näçeräk bolandygyny hem aýdyp bolmaýandygyny, munuň, belki-de, türkmen jemgyýeti üçin uly meseledigini nygtady.

Onuň pikiriçe, türkmen jemgyýetinde gender, jyns deňsizliginiň şindi hem saklanyp galmagynyň sebäbi, ozaly, ýurtdaky awtrotar syýasy düzgün bilen bagly.

Ýaýlymowa bu ýurtda, birinji nobatda, iki jynsyň hem, aýallaryň-da, erkekleriň-de durmuşynyň gözegçilik astynda saklanylýandygyny aýdýar.

Ikinji mesele, hünärmeniň ozal hem aýdyşy ýaly, patriarhal jemgyýet, ýagny saklanyp galýan däp-dessurlar we ähli meseläniň erkekler tarapyndan çözülmegi. Şeýle-de, ol bu ýerdäki düýpli sebäpleriň birini ýurduň soňky 32 ýyldaky üzňeligi, beýleki üýtlardan üzňeleşdirilip saklanmagy, ýagdaýa täsir etjek adamlaryň, ýagny özi ýaly daşary ýurtlarda bilim alan türkmenistanlylaryň ýurda gelmeginiň, ýurtda işlemeginiň, olaryň başga gymmatlyklar ulgamyny we däpleri, başga durmuş ýörelgelerini getirmeginiň öňüniň alynmagy bilen baglanyşdyrýar.

A.Ýaýlymowanyň pikiriçe, jyns deňziliginiň saklanmagyndaky ýene bir mesele – türkmençilik diýilýän bolup durýar. Ol munuň - türkmençiligiň nämedigi, onuň nireden gelendigi baradaky soraglara şindi jogap tapylmaýandygyny, şol bir wagtda-da negatiw zatlary öňe sürmek üçin örän ters, negatiw kontekstde ulanylýandygyny aýdýar.

“Türkmençilik nähildir bir negatiw zatlary öňe sürmek üçin, has kän basyş üçin ulanylýar. Bu meni häzirki pursatda bu [türkmençilik] hakykatda jemgyýetçilik tarapyndan döredilen türme hökmünde hyzmat edýän bolmasyn diýip pikir etdirýär. Hamala diýersiň, bizde, Türkmenistanda ýeterlik türme ýok ýaly, biz şu türkmençiligi döretdikmikäk diýýärin.”

Türkmençilik näme, ol dinmi, yslammy? Sebäbi biz däp boýunça hiç haçan yslama gowy eýerijiler bolmadyk..."
A.Ýaýlymowa

Şeýle-de, Ýaýlymowa türkmençiligiň döwletiň gatnaşmagynda, adamlar tarapyndan döredilendigini, onuň hakyky konserwatiw, döwrebaplaşmaga garşy kyssa dolanmakda ulanylandygyny öňe sürýär.

Azatlygyň iki hünärmen bilen geçiren söhbetdeşliginiň şu ýerinde bir sorag döredi, has anygy, Wiktoriýa Klement Ýaýlymowadan “siz türkmençilik, milli däpler ýa däp bolan gymmatlyklar dogrudanam döwletden däl-de, halkdan köpräk gelýär diýip pikir edýärsiňizmi?” diýip sorady we “hawa” diýen jogaby aldy.

A.Ýaýlymowanyň sözlerine görä, ozaly hökümet ‘ine şu türkmençilik we siz şuňa eýermeli’ diýip açyk beýanat etmeýär. Şol bir wagtda, hünärmen hökümetiň özüçe maşgalada bolmaly çagalaryň sanyny kesgitleýändigini, ýagny 8-e çenli çaga dogrulmagyny wagyz edýändigini aýtdy we türkmençiligiň nämedigini daşyndan däl, içinde bolup hem bilmegiň kyndygyny belledi.

“Türkmençilik näme, ol dinmi, yslammy? Sebäbi biz däp boýunça hiç haçan yslama gowy eýerijiler bolmadyk, biz ony aldyk, üýtgetdik we oňa türkmen usulynda uýduk” diýip, ol Türkmenistanyň ne Saud Arabystanydygyny, ne-de Eýrandygyny, ne-de Dubaýdygyny ýatlatdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG