Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýasyz: Gazak prezidentiniň Merkezi Aziýa howpsuzlyk hyzmatdaşlygy çagyryşyna näme sebäp boldy?


MA ýurtlarynyň döwlet baştutanlary
MA ýurtlarynyň döwlet baştutanlary

Syýasatçy bolmazyndan öň diplomat bolan gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz wagtynda habar ýetirmek ussatlygyny ele alyp, diňleýjilerini ol habaryň manysy barada kelle döwmäge mejbur etmek sungatyny özleşdirdi.

Onuň geçen hepde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda has ysnyşykly goranyş hyzmatdaşlygyny gurmak barada eden çagyryşy muňa anyk bir mysal bolup biler.

Bu teklip, Ukrainada alyp barýan urşuna garamazdan, Russiýanyň Merkezi Aziýa howpsuzlygyna Kremliň amatly bähbitleriniň çäginde seredýän kremlçi teswirçileriň hem nazaryndan sypmady.

Bu geçen aý Gazagystanyň günbatarynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň gatnaşmazlygynda geçirilen harby türgenleşiklere gatnaşan Azerbaýjanyň hökümete tarapdar metbugat serişdleriniň berk goldawyny aldy.

Ýöne Tokaýewiň bu sözleri görnüşden başga bir zatlary hem aňladýarmy?

" Merkezi Aziýa, Ukrainadaky uruş başlanaly bäri, özüni amatly geosyýasy giňişlikde täzeden dikeltmek mümkinçiligine eýe bolldy" diýip, Glazgow uniwersitetiniň professory Luka Ançeski aýtdy.

“Olar, Belarus ýaly, Ukrainada Russiýanyň tarapynda däldiklerini, emma Ukraina bilen hem däldiklerini aýtmaga synanyşýarlar. Olaryň Günbatar bilen gatnaşyklary bar, emma olar Günbatar tarapdary däl" diýip, Ançeski AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

"Ýöne urşuň dowam etmegi, ikinji tapgyr sanksiýalar baradaky maslahatlaryň güýçlenmegi bilen, sebit hökümetleri, belki-de, bu ýerdäki giňişligiň belli bir derejede daralýandygyny görerler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bellemeli ýeri, Tokaýew 9-njy awgustda Astanada Merkezi Aziýanyň prezidentleriniň altynjy konsultatiw maslahatynyň öňüsyrasynda çap edilen makalasynda hem Merkezi Aziýa şertlerinde sebitleýin integrasiýa zerurlygyny nygtady.

Şol bir wagtda, Ançeskiniň pikiriçe, "Merkezi Aziýanyň içindäki integrasiýa başlangyçlary köplenç jikme-jiklikler babatynda gaty gowuşsyznsyz we käte boş ritorikadan başga zat däl".

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (Ç) we Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2022-nji ýylyň 17-nji iýunynda Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň umumy mejlisine gatnaşýarlar.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (Ç) we Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2022-nji ýylyň 17-nji iýunynda Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň umumy mejlisine gatnaşýarlar.

Russiýasyz “Sebit howpsuzlygy arhitekturasy”?

Merkezi Aziýadaky has ýakyn hyzmatdaşlyk meselesine esasy itergi sebitiň iň köp ilatly, şol bir wagtda-da sebitiň her bir ýurdy bilen araçäkleşýän ýeke-täk ýurdundan, Özbegistandan geldi.

Eger-de ilkinji prezident Yslam Kerimow döwründe Daşkent goňşularyň köpüsine daşrakda durmaly päsgelçilik, aýakbagy hökmünde sereden bolsa, onuň mirasdüşeri Şawkat Mirziýoýew 2016-njy ýylda häkimiýet başyna gelende olarda söwda we diplomatik bileleşigi üçin täze mümkinçilikleri gördi.

Özbegistanyň ozalky daşary işler ministri we prezidentiň daşary syýasat boýunça ýörite kömekçisi Abdulaziz Komilow 14-nji awgustda bu temadan ýazan makalasynda Özbegistanyň “Merkezi Aziýanyň geljegi babatynda öz üstüne aýratyn jogapkärçilik alandygyny” , “goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmakdaky köne çemeleşmelerden doly el çekendigini” aýtdy.

Bu islendik özbek resmisiniň merhum Kerimowy tankyt etmekde nähili aňryk gidendigini yşarat edýär.

Gazagystanyň prezidenti Tokaýew (çepde) 8-nji awgustda Özbegiýanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewy Astanada garşy alýar.
Gazagystanyň prezidenti Tokaýew (çepde) 8-nji awgustda Özbegiýanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewy Astanada garşy alýar.

Ýöne Mirziýoýew döwründe Özbegistanyň öz merkezi aziýaly goňşulary bilen aradaky gatnaşyklaryny öňkülere garanda has ilerledendigini boýun almaly we bäş ýurduň ýyllyk sammiti indi 2018-nji ýyldan bäri altynjy gezek geçirildi.

Şol bir wagtda, sebit ýurtlary özara, sebit içindäki gatnaşyklara garanda, Hytaý we Russiýa bilen has güýçli ykdysady we syýasy gatnaşyklara eýe bolup durýar.

Şu sebäpden Tokaýewiň döwlet eýeçiligindäki “Казахстанская правда” gazetinde “Merkezi Aziýanyň Galkynyşy: Durnukly ösüş we gülläp ösmek ýolunda” diýen at bilen has güýçli sebit gatnaşyklary barada çap etdiren makalasy biraz geň bolup göründi.

Tokaýew Merkezi Aziýanyň özboluşly taryhyna we ykdysady potensialyna ünsi çekmek bilen çäklenmän, eýsem “goranmak we howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy”, hatda Merkezi Aziýa üçin “howpsuzlyk töwekgelçilikleriniň katalogyny” öz içine alýan “sebitleýin howpsuzlyk arhitekturasyny” döretmäge hem çagyrdy.

Elbetde, bular makalada Russiýadaky teswirçileriň gözüne ilen böleklerdi, olaryň Ukrainadaky urşuny awtor sebitiň perimetrindäki durnuksyzlyk nukdaýnazaryndan, diňe gytaklaýyn agzap geçýärdi.

Kremle tarapdar milletçi teleýaýlym we radio şahsyýeti Sergeý Mardan üçin Tokaýewiň sözleri Gazagystanyň Russiýanyň agalygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyna (KHŞG) ynamyny ýitirendigini görkezýär. Bu harby bileleşige Merkezi Aziýanyň ýene iki ýurdy, Gyrgyzystan we Täjigistan hem girýär.

Mardan KHŞG-nyň Tokaýewi we onuň administrasiýasyny "Mambetleriň rewolýusiýasyndan" halas edendigini öňe sürdi. Ol “Mambetleriň rewolýusiýasy” diýip, Gazagystanda 2022-nji ýylyň ýanwarynda bolan ganly gozgalaňy nazarda tutýar. Bu waka 230-dan gowrak adamyň ölmegine we Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky KHŞG-nyň parahatçylygy goraýyş güýçleriniň gatyşmagyna sebäp boldy.

“Mambetler” diýmek bilen, Mardan sowetler döwründe oba gazaklaryny kemsitmek üçin ulanylan sözi ulanýar.

Ýöne Mardan Telegramdaky 240,000 töweregi yzarlaýjysyna "Merkezi Aziýada goranmak bileleşigini döretmek pikiriniň durmuşa geçirip boljak zat däldigini” aýtdy.

"Bu respublikalaryň hersiniň öz bähbitleri bar we serhet meseleleriniň köpüsi çözülmedik" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bakuwdaky hyjuw

"Goranmak bileleşigi" Tokaýewiň ulanan anyk jümlesi däldi, ol öz makalasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň birnäçe toparlanyşyga, şol sanda KHŞG we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşmagyny goldaýandygyny aýdypdy.

Ýöne Merkezi Aziýa NATO-sy barada pikiri gazak prezidentiniň maklasyna göz aýlan beýleki rus teswirçileri hem tutdy.

Aziýa gönükdirilen “Wostoçni Ekspress” neşirinde 12-nji awgustda “Alakalar we gämiler: ‘Merkezi Aziýa Goranmak Bileleşiginden iňlis funtynyň we aldawçylygyň ysy gelýär” diýen at bilen çap edilen makalanyň awtory Fedor Kirsanow täze sebit blogy baradaky teklibiň Angliýanyň MI6 aňtaw gullugyndan uç alýan bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.

"Bileleşik pikirini, garaşylyşy aýly, ýaňy-ýakynda syýasy akyldar lybasyny geýen Tokaýew teklip etdi" diýip, Kirsanow ýazdy.

"Elbetde, onuň geýen lybasynyň aşagyndan gyzyl tilkiniň guýrugy somalyp dur, ýöne bular detallar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Soňra Russiýa gönükdirilen YouTube kanalyndaky “Hod Mysli” (450 000-den gowrak abunaçysy bar) neşiriniň awtory Tokaýewiň Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň yzyna eýerýändigi ýa-da däldigi baradaky soragy orta atdy. Ol Paşinýanyň “Ermanistany, anglo-saksonlaryň ýolbaşçylygynda, ýuwaş-ýuwaşdan, ýöne ynamly Russiýanyň dostundan duşmanyna öwürýändigini” ýaňzytdy.

Gazagystan, 2022-nji ýylda, Ganly ýanwar diýlip atlandyrylýan taryhy gozgalaňdan edil bir aý soň, Moskwanyň Ukraina garşy başlan giň gerimli urşuny goldamansoň, Russiýanyň bu hili duşmançylykly sözlerine öwrenişmeli boldy.

Ýöne Tokaýewiň Russiýada erbet garşylanan pikirleri Bakuwda hususy eýeçilikdäki Hakkin metbugat gullugy tarapyndan öwüldi. Bu neşir köplenç Azerbaýjan režimindäki algyr laçynlar bilen ýakyn arabaglanyşykda durýar diýlip bilinýär.

Hakkiniň awtorynyň, Zuhra Nowruzowanyň Tokaýewiň teklibi barada ýazan makalasynda Gazagystanyň lideri “örän ýokary tejribeli diplomat, …Russiýanyň Daşary işler ministrligindäki kärdeşlerinden has aňryk geçen” hökmünde häsiýetlendirildi.

Russiýanyň militarizme tarap ýykgyn etmegi we Ukraina urşunyň haçan we nähili soňlanjagynyň näbelliligi nazarda tutulanda, Tokaýewiň aladalary "doly mantykly" diýip, Nowruzowa aýdýar.

"Bolýan zatlaryň ählisi Kreml elitalarynyň Russiýanyň parahatçylykly ösüşi we ýurduň ykdysadyýetini gaýtadan dikeltmek bilen asla gyzyklanmaýandygyny görkezýär. Başgaça aýdylanda, häzirki režim döwründe Kreml parahatçylykly ýola düşmez - döwletiň agressiýa maşyny işe girizildi" diýip, Nowruzowa ýazdy.

Bakuwdaky pikir, geçen aý Gazagystanyň günbatarynda, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň bilelikde geçiren Birlestik-2024 harby türgenleşikleriniň, Gazagystan bilen Azerbaýjanyň geçen ýyl Hazar deňziniň Baku bölüminde bile geçiren kiçiräk deňiz türgenleşikleriniň fonunda has gyzykly görünýär.

Türk mirasy boýunça Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň dördüsi bilen şärik bolan Azerbaýjan, Türkiýe bilen ýaran bolan Bakuw Dagly-Garabagyň territoriýasyny Russiýanyň nominal hyzmatdaşy bolan Ermenistandan yzyna alaly bäri sebitdäki analitikleriň käbiriniň ylham çeşmesine öwrüldi.

Merkezi Aziýa liderleriniň Astanada geçirilen duşuşygyna Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Alyýew hem gatnaşdy. Ol bu çärä sebitiň daşyndan gatnaşan ýeke-täk döwlet baştutany boldy.

Emma muňa garamazdan, Bakuwda ýaşaýan syýasy analitik Fuad Şahbazowyň pikiriçe, häzirki pursatda hakykatda hiç kim täze Ýewraziýa harby bileleşiklerini gurmaga çalyşmaýar.

"Azerbaýjan Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň özüne has giň manýowr mümkinçiliigini döredýändigine ynanýar" diýip, Şahbazow aýtdy. Ýöne ol Bakuwyň, Günbatar bilen aradaky gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagy we Russiýa bilen aradaky gatnaşyklarynyň öňden çylşyrymlylygy sebäpli, beýleki ýurtlar bilen hem şeýle kampaniýa alyp barýandygyny aýtdy.

Ýöne uzak möhletleýin perspektiwada, analitigiň pikiriçe, Azerbaýjan Merkezi Aziýa howpsuzlyga garanda söwda nukdaý nazaryndan, hususan-da Orta koridor - Hytaýy Merkezi Aziýa we Kawkaz arkaly, ýöne Russiýadan sowa Ýewropa birleşdirýän, 6500 kilometrlik söwda ugry hökmünde garaýar.

" Bakuwyň Gazagystandaky bähbidi esasan energiýa we logistika bilen baglanyşykly" diýip, Şahbazow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG