Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Zaporižýa şäherine uran howa zarbalarynda azynda 16 adam ýaralandy


Zaporižýa sebitiniň gubernatory Iwan Fedorow partlama tolkunynyň birnäçe ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetirendigini aýtdy.
Zaporižýa sebitiniň gubernatory Iwan Fedorow partlama tolkunynyň birnäçe ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetirendigini aýtdy.

Russiýanyň öten agşam Ukrainanyň Zaporižýa şäherine uran howa zarbalarynda köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetdi, azyndan 16 parahat ýaşaýjy, şol sanda 15 ýaşly oglan ýaralandy diýip, ukrain resmileri 23-nji sentýabrda aýtdy.

Ukrainanyň Içeri işler ministrligi halas edijileriň zyýan ýeten birnäçe binanyň ýaşaýjylaryny ewakuasiýa edendigini aýtdy.

Ruslaryň Zaporižýa uran howa zarbasy, ukrain resmileriniň aýtmaklaryna görä, Harkow şäherinde köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna urlan we 21 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan zarbalarynyň yz ýanyndan uruldy.

Russiýa parahat ilaty nyşana alýandygyny inkär edýär, ýöne prezident Wladimir Putin 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy esassyz we giň gerimli hüjüme başlaly bäri müňlerçe ukrainaly şuňa meňzeş zarbalaryň pidasy boldy.

Iň soňky zarbalar prezident Wolodymyr Zelenskiniň şu hepde BMG-nnň Baş Assambleýasyna gatnaşmak we dünýä liderleri, şol sanda prezident Jo Baýden bilen duşuşmak üçin Birleşen Ştatlara sapar edýän wagtynda uruldy.

Ukrainanyň Içeri işler ministrligi deslapky maglumatlaryň Russiýanyň Zaporižýa eden hüjüminde ugrukdyrylýan KAB awia bombalaryny ulanandygyny görkezýändigini aýtdy.

KAB bombalary döwrebaplaşdyrylan sowet ýaragy bolup, rus goşuny ony mundan öň gündogar Ukrainada ulandy. Ukrain resmileri bu bombalaryň Harkowa edilen soňky hüjümde hem ulanylandygyny aýtdylar.

Zaporižýa sebitiniň gubernatory Iwan Fedorow partlama tolkunynyň birnäçe ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetirendigini, ýokardan gaçan ýarag galyndylarynyň ýangyna sebäp bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de, zyýan ýeten binalaryň ýaşaýjylaryna kömek etmek üçin, ol çadyrlaryň gurlandygyny sözüne goşdy.

Fedorow Russiýanyň geçen bir günüň dowamynda tutuş Zaporižýa sebitindäki 12 ýaşaýyş nokadyna jemi 363 howa we gury ýer zarbasyny urandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Russiýa öten agşam Ukrainany nyşana alýan iki sany ugrukdyrylýan raketany atdy, dört sany hüjüm dronyny uçurdy diýip, Ukrainanyň howa güýçleri 23-nji sentýabrda aýtdy.

Pilotsyz uçarlaryň üçüsi demirgazyk-gündogar Sumy sebitiniň asmanynda urlup gaçyryldy diýip, harbylar aýtdy.

Iki raketa we bir pilotsyz uçar "Ukrainanyň Goranmak güýçleriniň howa gämisine garşy işjeň raketa goragy sebäpli öz nyşanalaryna ýetip bilmedi" diýip, howa güýçleri aýtdy.

Şu aralykda, “Roýters” habar gullugynyň 23-nji sentýabrda Russiýanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp aýtmagyna görä, 5-nji sentýabrdaky ýagdaýa görä, Ukrainanyň Russiýanyň Kursk sebtine çozup girmegi netijesinde azyndan 31 parahat ýaşaýjynyň ölendigi, 256 adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 22-nji sentýabrda, şu hepde prezident Jo Baýden we beýleki dünýä liderleri bilen boljak duşuşyklaryň öňüsyrasynda Pensilwaniýa ýarag zawodyna baryp gördi. Bu zawodda onuň ýurdunyň goranyş, uruş tagallalary üçin möhüm bolan ok-däriler öndürilýär.

“Scranton” zawody ABŞ-da 155 mm artilleriýa toplaryny öndürýän az sanly kärhanalaryň biri bolup durýar. Ukraina 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan urşuň başyndan bäri bu top oklarynyň millionlarçasyny sarp etdi.

Ukrain prezidenti ABŞ-nyň uzak aralyga ýetýän raketalaryny, Moskwanyň uruş tagallalary üçin wajyp howa meýdançalary we ýarag ammarlary ýaly möhüm nyşanalara zarba urmak üçin, Russiýanyň has töründäki ýerlerine zarba urmakda ulanmak boýunça rugsat almaga umyt baglaýar. Zelenski bu saparynda söweş meýdanynda ýeňiş gazanmak baradaky meýilnamasyny hem mälim eder.

"Bu güýz bu urşuň geljegini kesgitlär" diýip, ol X platformasyndaky ýazgysynda, gijeki wideo ýüzlenmesiniň gapdalyndan aýtdy.

Zelenski wideo ýüzlenmesinde ýarag edinmek we diplomatiýa arkaly, "ýurt hyzmatdaşlarynyň goldawyny berkitmek we Russiýany parahatçylyga mejbur etmek" üçin, Ukrainanyň elinden gelenini edýändigini aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG