Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günä geçişde maşgalalar jaýyny satyp, tussag hossarlaryny boşadýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda 27-nji sentýabrda bellenýän Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günä geçiş yglan edildi. Prezidentiň 20-nji sentýabrda gol çeken kararyna görä, şu ýyl baýramçylyk mynasybetli 736 raýat türmeden boşadylýar. Azatlygyň habarçylarynyň ýurt içinden berýän maglumatlaryna görä, şu günä geçişlikde hem türmeden çykmak üçin bendileriň ýakynlary uly mukdarda para bermeli bolupdyr.

Türkmenbaşyly maşgala türmede uzak wagt bäri saklanýan hossaryny çykarmak üçin ýaşap oturan jaýyny satmaga mejbur bolupdyr.

"Gelneje garaşsyzlyk gününe ýoldaşynyň günä geçişlikde azatlyga çykjakdygyny aýdanda, onuň begenjiniň çägi bolmady. Ol adamsynyň azatlyga çykmagy üçin 4 otagly öýüni bir gatly jaýa çalyşdy we üstüne alan puluny ýoldaşyny azatlyga çykarmak üçin berdi" diýip, ýagdaýlaryň biri barada gürrüň beren çeşme aýdýar.

Garaşsyzlyk baýramy sebäpli yglan edilen häzirki günä geçişde boşadylýan bendileriň ýakynlarynyň sözlerine görä, şu gezek boşadylýanlaryň sanawyna goşdurmak üçin öňünden ähli resminamalar taýýarlanyp, tomusyň ortalaryna bendileriň maşgala agzalaryna duýdurulypdyr.

Günä geçişlikde boşatmak üçin paranyň mukdary bendileriň galan tussaglyk ýylyna görä kesgitlenýär.

"Para 5 müň amerikan dollaryndan başlanyp, 100 müň dollara çenli ýetýär. Para ýerli kanun goraýjy edaralaryň wekillerine, kazyýete, MHM, prokurorlara berlenden soň, bendiler günä geçiş sanawyna goşulýar" diýip, anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.

Tussaglaryň biriniň ýakynlary garyndaşynyň tussaglyk möhletiniň galan 6 ýyly üçin 30 müň amerikan dollaryny para hökmünde berendigini anonimlik şertinde gürrüň berdiler.

Türkmenistanda köp maşgalalar üçin bu paranyň möçberi ägirt uly mukdardaky pul. Emma hossarlaryny türmeden çykarmak üçin käbir maşgalalar agyr bergä batmaga we soňky emlägini satyp, hatda jaýsyz galmaga razy bolýarlar.

"Eger türmeden ýoldaşyny çykarmasa, onuň saglyk ýagdaýy erbetleşip, bendiliginiň soňuna ýetmän ol ýerden jesedini alyp gaýtmakdan gorkýar" diýip, çeşme hossaryny türmeden çykarmak üçin para beren maşgala barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy çeşmeleriniň howpsuzlyk aladalary sebäpli bendileriň we olaryň maşgala agzalarynyň atlaryny we beýleki şahsy maglumatlary agzamakdan saklanýar.

Türkmenistanda günä geçişler ýylyň dowamynda birnäçe gezek baýramçylyklara gabat yglan edilýär. Türmeden boşadylýan raýatlaryň sany we atlary malim edilmeýär. Emma soňky ýyllarda bendileri boşadylýanlaryň sanawyna goşdurmak üçin soralýan paranyň mukdary artýar.

Azatlyk Radiosyna mälim bolan ýagdaýlara görä, geçen ýyl Garaşsyzlyk güni sebäpli geçirlen günä geçişde boşadylan bendiler üçin paranyň mukdary 2,5 müň amerikan dollaryndan başlanypdy. Emma geçen ýyl has köp tussag, ýagny 1180 adam boşadylypdy.

Anonimlik şertinde gürleşen çeşmeler hossarlarynyň türmelerdäki agyr şertlerde aman galmagy üçin ençeme zerur zatlary, şol sanda azygy we dermanlary ýygy-ýygydan yzyndan eltip durmalydygyny, emma alnyp barylan zatlary tussaga ýetirmek üçin hem para tölemeli bolýandygyny gürrüň berýärler.

"Bu birgiden çykdaýjy. Geçen ýyldan bäri türmede bendiniň yzyndan azyk derman geçirmek üçin soralýan paranyň möçberi hem gymmatlady. Eger ynsaply ofiserler gabat gelse 1 müň manat, bolmasa 2 müň manat para alman ýekeje gram zadyňam geçirmeýärler. Bu bendiniň maşgalasy üçin örän agyr bolýar. Biz ýol aşyp, 1 aýyna ýetýän azyk önümleri we dermanlary satyn almaga zordan pul tapýarys, soňam türmäniň ofiserlerine para bermeli bolýarys. Türmeler indi näçe ýyldyr bendilere nahar hem berip bilmeýär" diýip, tussagyň garyndaşy aýdýar.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri türmelerdäki şertleriň iňňän ýaramazdygyny habar berýärler.

Türmelerdäki ýagdaýdan habarly çeşmeler bendileriň sanynyň bolmalysyndan esli köpdügini, türme resmileriniň iki görnüşde hasap ýöredýändigini, biriniň ýurt içindäki ulanyş üçin, ikinjisiniň halkara derejesinde hasabat bermek üçin ulanylýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistan türmelerinde saklanýan bendileriň, sud edilýän we boşadylýan adamlaryň sanyny çap etmeýär. Şeýle-de bolsa, Türkmenistan dünýäde iň kän tussagly ýurtlaryň biri hasaplanýar. World Prison Brief internet neşiriniň maglumatynda tussaglaryň sany boýunça Türkmenistanda her 100 müň adama 576 bendi düşýändigi aýdylýar.

Türkmenistanda tussaglaryň ýitirim edilmegi, türmelerde bendileriň zorlukly ölümi we gynamalar ýaly elhenç problemalar saklanyp galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG