Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Býujet işgärleri prezidentiň doglan güni mynasybetli teatr sahnalaryna tomaşa etmäge mejbur edildi


Köpçülik çäresine çekilen býujet işgärleri. Illýustrasiýa. Arhiwden alyndy.
Köpçülik çäresine çekilen býujet işgärleri. Illýustrasiýa. Arhiwden alyndy.

Balkan welaýatynda býujet işgärleri 21-22-nji sentýabrda prezident Serdar Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli aýdym-sazly çykyşlara we teatr oýunlaryna öz serişdeleriniň hasabyna tomaşaçy hökmünde gatnaşmaga häkimiýetler tarapyndan mejbur edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

“Aýdym-sazly konsertler welaýat merkezindäki Ak öý binasynda, sahna oýunlary Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky sazly drama teatrda geçirildi. Býujet işgärleri konsertleriň biletlerini 30 manatdan, teatryň biletlerini 50 manatdan satyn almaga mejbur edildiler” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Prezidentiň doglan güni mynasybetli günbatar welaýatda müňlerçe býujet işgäri sebit merkezinde geçirilen mejbury çärelere gatnaşdyryldy.

Ýerli ýaşaýjylar bu senäniň sebitde, hamala, döwlet çäresi hökmünde bellenip geçilýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitde polisiýa işgärleriniň baýramçylyk lybasynda, ak uniformalarda işe çykandyklaryny habar berýär.

Medeniýet işgärleri günbatar welaýatyň drama teatrynda “Dowamat-dowam” atly teatr oýnunyň sahnalaşdyrylandygyny we bu oýna tomaşa etmek üçin býujet işgärleriniň mejbury çekilendigini aýdýarlar.

“1,5 sagat çemesi dowam eden bu eser monarhiýa esasynda döwlet dolandyryş usulyny wagyz edýär” diýip, medeniýet işgäri aýdýar.

Türkmenistanyň prezidenti wezipesini iki ýyl çemesi mundan ozal kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowdan kabul edip alan Serdar Berdimuhamedow 22-nji sentýabrda 43 ýaşady.

Döwlet metbugaty Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem-de beýleki käbir daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylarynyň kiçi Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli iberen gutlag hatlaryny çap etdi.

“Müňlerçe býujet işgäri ýüzlerçe kilometr ýol söküp, mejbury çärelere gatnaşmak üçin, welaýatyň çar künjeginden sebit merkezine aşmaly boldular” diýip, bir balkanly ýaşaýjy aýdýar.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan beýleki bir ýaşaýjy jemgyýetçilik çärelerine çekilen býujet işgärleriniň harajatlary barada gürrüň berýär.

“Türkmenbaşy etrabynda her bir býujet işgäri mejbury çärelere täze lybaslarda barmaly edildi. Erkek adamlar ak köýnek, gara kostýum-jalbar we tahýa satyn aldylar. Ýol çykdajylary, biletler, iýgi-içgiler, umuman ähli harajatlar her bir býujet işgäriniň öz üstüne ýüklendi. Serdaryň doglan güni her bir aýal býujet işgärine 800 manat, her bir erkek býujet işgärine 900 manat çykdajy getirdi” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjysy aýdýar.

Awaza şypahanasynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir diş lukmany mejbury çäreleri özüniň “biderek wagt ýitirmek” hasaplaýandygyny aýdýar.

“Dogrusy, biz üçin kimiň prezident bolany, kimiň şa ýa-da soltan bolany gyzykly däl. Bize degmeseler bolany! Onsuz hem gije-gündiz zähmet çekip, kadaly adam ýaly ýaşap bilemizok” diýip, diş lukmany aýdýar.

Türkmenistanda býujet işgärleri döwlet guramaçylygynda geçirilýän jemgyýetçilik çärelerine mejbury çekilýärler.

“Onsuz hem alýan aýlyklary güzeran aýlamaga ýetmeýän býujet işgärleri bir topar harajat çykaryp, welaýat merkezinde mejbury çärelere çekildiler. Olar gargyş baryny aýtdylar” diýip, balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG