Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 1 146 adam raýatlyga kabul edildi


Türkmen pasporty
Türkmen pasporty

Prezident Serdar Berdimuhamedow 20-nji sentýabrda, Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçiren hökümet maslahatynda, ýurduň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly toparyny türkmen raýatlygyna kabul etmek baradaky permana gol çekdi.

Daşary işler ministri Reşid Meredowyň mejlisde aýtmagyna görä, bu ýyl 1146 adam raýatlyga kabul edildi. TDH olaryň 29 millete degişlidigini belleýär.

Türkmenistanda 2023-nji ýylda 1,301 adam raýatlyk aldy, 256 adam bolsa ýaşamak rugsadyny aldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda, şu ýyl raýatlyk alanlary hasap etmäniňde, ýurtda ýaşaýan we beýleki döwletlerden raýatlygy bolmadyk 30,998 adama Türkmenistanyň raýatlygy berildi.

Şeýle-de, 5018 sany daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara ýaşamak rugsatnamalary berildi.

XS
SM
MD
LG