Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň eden uly howa hüjümi Kiýewde elektrik, suw üpjünçiligini kesdi


26-njy awgust, Odesa sebiti.
26-njy awgust, Odesa sebiti.

Ukrainanyň döwlet energiýa gullugy Ukrenerho, Russiýanyň 26-njy awgustda Kiýewe we Ukrainanyň beýleki şäherlerine eden uly pilotsyz uçar we raketa hüjüminden soň, elektrik togunyň adatdan daşary kesilmelerini girizýändigini aýtdy.

Kiýewiň häkimi Witali Kliçko Russiýanyň irden, adamlaryň işe barýan wagtynda amala aşyran giň gerimli hüjümi netijesinde paýtagtyň käbir ýerlerinde suw we elektrik üpjünçiliginiň kesilendigini aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenskiniň edarasy Russiýanyň Ukrainanyň "energiýa pudagyny weýran etmek islegini" ýazgardy we munuň ruslara, infrastrukturalaryny goşmak bilen, "gaty gymmat düşjekdigini" aýtdy.

Mundan başga, Zelenskiniň diwanynyň başlygy Andriý Ýermak Kiýewiň ýaranlaryna ýüzlenip, Günbataryň beren ýaraglaryny Russiýa garşy uzak aralyk hüjümlerini etmekde ulanylmagy üçin, Ukraina rugsat berilmegini sorady. Ol munuň “Rus terrorynyň soňlanmagyny tizleşdirjekdigini” aýtdy.

Rus güýçleri Ukrainanyň birnäçe şäherini nyşana alyp, azyndan üç adamyň ölmegine, birnäçe adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, ukrain resmileri aýtdy.

Demirgazyk-günbatardaky Lutsk şäherinde bir adam öldi, ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetdi diýip, şäher häkimi Ihor Polişuk aýtdy.

Zaporižýa we Dnipropetrowsk sebitlerinde iki adam öldürildi diýip, ýerli häkimiýetler habar berdi.

Poltawa sebitinde bir senagat desgasyna urlan zarba netijesinde bäş adam ýaralandy. Winnitsia sebitinde üç partlamanyň bolandygy habar berildi.

Biraz öň, Russiýanyň 26-njy awgustda Ukrainanyň 16 sebitine, şol sanda paýtagt Kiýewe garşy eden pilotsyz uçar hüjümleri astynda täze howa hüjümi duýduryşlary ýaňlandy.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleri serkerdeligi, Russiýanyň 11 sany Tu-95MS bombaçysynyň asmana galandygyny anyklanyndan soň, raýatlara howa hüjümleri baradaky duýduryşlary äsgermezlik etmeli däldigini duýdurdy.

Harby-howa güýçleriniň serkerdeligi Çernihow, Sumy, Çerkasy, Mykolaýew, Harkow we Kiýew töwereklerinde başlanan pilotsyz uçar hereketlerini hem anyklandygyny aýtdy. Ukrainanyň Harby deňiz güýçleri bolsa, Gara deňizde 28 çemesi ganatly raketany, “Kalibrleri” alyp barýan dört sany rus gämisiniň bardygyny aýtdy.

Şu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi öten agşam Ukrainanyň 20 sany pilotsyz uçarynyň ýok edilendigini öňe sürdi.

Russiýanyň Saratow sebitiniň gubernatory Roman Busargin ukrain dronlarynyň Saratow we Engels şäherlerini nyşana alandygyny, iki ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetendigini aýtdy.

Ol bu zyýana howa goragy tarapyndan urlan pilotsyz uçarlaryň ýeren gaçan bölekleriniň sebäp bolandygyny belledi.

Rus habar gulluklary Saratowda dört aýalyň ýaralanandygyny, bir aýalyň keselhana ýerleşdirilendigini habar berdiler. Engelsde pida bolanlar barada habar berilmedi.

Engels we Saratow Wolga derýasynyň aňyrky kenarlarynda bolup, pilotsyz uçarlaryň urlan ýerinden takmynan 12 km uzaklykda Russiýanyň strategiki bombalaýjylarynyň harby bazasy ýerleşýär. Saratow Ukraina serhedinden takmynan 900 km uzaklykda ýerleşýär.

Habar gulluklary howa menziliniň metbugat gullugyna salgylanyp, sebitiň Saratow howa menzilinde uçar gatnawlarynyň çäklendirilendigini aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bu aýdylýanlary özbaşdak, garaşsyz ýagdaýda barlap bilmedi.

Ukraina we Russiýa öz edýän hüjümlerinde parahat ilaty däl-de, eýsem uruş tagallalary üçin möhüm bolan infrastrukturany nyşana alýandyklaryny aýdýarlar.

Forum

XS
SM
MD
LG