BMG-niň Baş sekretary António Guterriş 2022-nji ýylda Ukrainadaky uruşda azyndan 136 çaganyň heläk bolmagynyň jogapkärçiligini Russiýanyň üstüne ýükledi.
Şunuň bilen baglylykda, rus ýaragly güýçleri BMG-niň ýaragly çaknyşyklar wagtynda çagalaryň hukuklaryny bozýanlar barada düzýän sanawyna girizildi.
Bu maglumatlar BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi üçin taýýarlanan hasabatda getirilýär. Şeýle-de, hasabatda rus güýçleriniň urşuň dowamynda 480 mekdebe we hassahana zarba urandygy, 91 çaganyň rus goşunlary tarapyndan “adam galkany” hökmünde ulanylandygy baradaky maglumatlar getirilýär.
Mundan başga, hasabatda ukrain goşunlarynyň hereketleri netijesinde 80 çaganyň wepat bolandygy we Ukraina tarapyndan 212 mekdebiň ýa-da hassahananyň oka tutulandygy aýdylýar. Görnüşinden, bu ýerde Russiýa tarapyndan basylyp alnan ukrain topraklarynyň oka tutulmagy nazarda tutulýar .
"Roýters" habar gullugynyň nygtamagyna görä, ukrain goşuny düzgüni bozanlaryň sanawyna girizilmedi.
Baş sekretar bu ýagdaý barada gürrüň edende dürli aňlatmalary ulandy - rus goşunynyň edýän hereketlerinden "aňk bolandygyny” aýtsa, ukrainleriň hereketlerinden "alada galýandygyny" aýtdy diýip, habarda bellenýär.
Hasabat ýaragly çaknyşyklar wagtynda bozulýan çaga hukuklaryna bagyşlandy.
Russiýanyň Ukrainada başlan giň gerimli urşunda ölen çagalaryň sanynyň BMG-niň görkezijilerindäkiden has köp bolmagy ähtimal. Halkara guramanyň statistikasynda diňe resmi taýdan tassyklanan we resmileşdirilen sanlar ulanylýar.