Rostow-Don şäherindäki Günorta etrap harby kazyýeti Azow batalýonynda gulluk eden we oňa tyldan goldaw bermek işlerinde işlän 23 ukrain raýatyna garşy jeza hökümlerini çykardy diýip, SOTAvision habar gullugy habar berýär.
Olaryň ählisi "häkimiýeti zorluk bilen ele geçirmekde" we "terror guramasynyň işini guramakda" günäkär diýlip tapyldy. Bu işde günäkärlenýän adamlaryň 11-si "terrorçylyk hereketlerini amala aşyrmak üçin taýýarlyk görmekde", ýagny tälim almakda hem aýyplandy.
Başda bu iş boýunça 24 adamyň hereketlerine seredilýärdi. Emma muňa garamazdan, Azow polkunda sürüji bolup işlän Aleksandr Işenko 2024-nji ýylyň iýulynda Russiýanyň deslapky tussaghanasynda aradan çykdy.
Iki harby gullukçy, Dawid Kasatkin we Dmitriý Labinskiý kazyýet işi başlanmazdan ozal alyş-çalyşyň çäginde Ukraina gaýdyp geldi. Ukraina soň ýene dokuz aýaly çalyşdy, netijede polkuň tylynda işlän sekiz aşpez we bir dükançy öýüne gaýdyp geldi.
11 adama gaýybana iş kesildi.